Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

25 Aprel 2024
453

Arkadag şäheri, 24-nji aprel (TDH). Şu gün — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.

Halkymyzyň buýsanjy bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edilýär. Häzirki taryhy döwürde özboluşly däpleri müňýyllyklardan gözbaş alýan milli atçylyk pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berildi we ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sany barha artýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar hem täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan giň gerimli işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.