Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

25 Aprel 2024
382

Pariž, 24-nji aprel (TDH). Şu gün Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezilýär.

Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar. Munuň özi dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň barha ösýän gaz pudagyna uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň güwäsidir. Olaryň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalary alnyp barylýan “Açyk gapylar”, deňhukukly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklar syýasaty hem-de türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.