Ankaradaky köpöwüşginli çäreler

24 Aprel 2024
453

17 — 21-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň gatnaşmagynda medeni-köpçülik çäreleri geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen şekillendiriş sungaty eserleriniň, medeni mirasyň gymmatlyklarynyň sergisi, ussat bagşy-sazandalaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem işjeň häsiýete eýe boldy.

Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň doganlyk ýurduň paýtagtyna saparynyň ilkinji güni Türkiýäniň Saz we şekillendiriş sungaty uniwersiteti bilen tanyşlykdan başlandy. Bu ýerde türkmen wekiliýetine ýokary okuw mekdebinde hereket edýän amaly-haşam sungaty muzeýi, döredijiligiň dürli ugurlary boýunça okuw, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy barada giňişleýin maglumat berildi. Uniwersitetiň talyplarynyň konserti hem aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm müdiri.