Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

25 Aprel 2024
531

24-nji aprelde Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi.

Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär. Pudak üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, zehinli atşynas Aba Annaýewiň ady dakyldy. Munuň özi ýurdumyzda tejribeli halypalara, öz işine wepaly ussatlara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.