Kids Ekspo: köpugurly harytlar, gyzykly güýmenjeler

21 Awgust 2024
140

Düýn «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan nobatdaky çäreler gyzgalaňly dowam etdi. Kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda guralan göçme sergi meýdançasy körpeje jigilerimiziň we mekdep okuwçylarynyň iň söýgüli ýerleriniň birine öwrüldi. Serginiň ikinji gününde bu ýerde ýaş zehinler, geljekki telekeçiler üçin tälim beriji ussatlyk sapaklary we bäsleşikler, kiçi ýaşly çagalaryň arasynda özboluşly ýaryşlar, ertekileriň, multfilmleriň gahrymanlarynyň, täsin tilsimlerini taýýarlan artistleriň şowhunly çykyşlary geçirilip, çagalar olara uly höwes bilen gatnaşdylar. «Iş nokady» kompaniýasynyň guramagynda geçirilen «MiniBoss», «Coddy» taslamalarynyň sapaklary has-da täsirliligi bilen tapawutlandy.

Sergi meýdançasynyň çägindäki dürli ugurlara ýöriteleşen pawilýonlar özüne çekiji häsiýete eýe. Biz döwlet we hususy düzümleriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen söhbetdeş bolup, görkezilýän harytlar, hödürlenilýän hyzmatlar barada gyzyklandyk. Olar çaga egin-eşiklerinden, başgaplardyr aýakgaplardan başlap, körpeleriň arassaçylyk-gigiýenasyna, dogry iýmitlenmegine degişli önümleri, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin niýetlenen harytlary, sowat öwrenmekleri, bilim almaklary, eýýäm kiçi ýaşdan belli bir hünäre ugrukmaklary üçin dürli görnüşli hyzmatlary hödürleýärler. Foruma gatnaşýan “Perzent” bilim merkeziniň hödürleýän hyzmatlary-da ünsüňi çekýär.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Hasan MAGADOW.