Baýlygymyzy ýangyndan ygtybarly goralyň!

1 gün öň
12

Ýakynda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen pagta ýygymyna badalga berildi. Oba adamlary we bu möhüm işe dahylly edara-kärhanalaryň işgärleri gymmatly hasyly ýitgisiz ýygnap almak, abat saklamak we çuňňur gaýtadan işlemek ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Şeýle gyzgalaňly günlerde uly baýlygymyzy ýangyn howpundan goramak meselesi hem örboýuna galýar. Pagta ýygymynda, hasyl daşalanda we saklanylanda ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin degişli düzgünleri berk berjaý etmek zerurdyr.

Pagta ýygnalanda, daşalanda, saklanylanda we gaýtadan işlenilende tehnologik enjamlaryň nädogry ulanylmagynyň, awtoulag serişdeleriniň näsaz uçgun söndüriji enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagynyň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň ýönekeý talaplarynyň bozulmagynyň ýangynyň döremek howpuny artdyrýandygyny unutmaly däl. Pagta ýygylýan, daşalýan, saklanylýan we gaýtadan işlenilýän ýerlerde ot ýakmak, çilim çekmek, gaz-elektrik akymly kebşirleýiş işlerini geçirmek talaba laýyk däldir.

Kuwat AMANOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 502-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň gözegçisi, içerki gullugyň kapitany.