Darganata mawzoleýi

1 gün öň
24

Gadymy türkmen topragynda gözbaşyny iňňän irki döwürlerden alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Şeýle gadymy desgalaryň köpsanlysy welaýatymyzyň çäginde ýerleşýär. Şolaryň biri-de welaýatymyzyň demirgazyk künjegindäki Darganata mawzoleýidir. Onuň demirgazyk-günbatar tarapynda bolsa adybir arheologiýa gala-ýadygärligi ýerleşýär.

Gadymy ýazuw çeşmelerine görä, Beýik Ýüpek ýolunyň Amuldan Horezme barýan şahasynyň ugrunda söwda kerwenleriniň we ýolagçylaryň düşlemekleri, dynç almaklary üçin kerwensaraýlar gurlupdyr. Gadymy Dargan şäheri hem şu ýoluň ugrunda ýerleşen Amuldan soňky ikinji uly duralga bolup hyzmat edipdir we öz döwründe gülläp ösen gür ilatly şäher bolupdyr. Orta asyr taryhçysy Makdisiniň bellemegine görä, şol döwürde Horezme garaşly bolan Dargan sebitiň uly şäherleriniň biri hasaplanylypdyr. Ýaşaýşyň gülläp ösmegi şäheriň töwereginde birnäçe taryhy-medeni gymmatlyklaryň döremegine getiripdir. Gadymy Dargan şäherindäki mawzoleý bilen golaýda ýerleşýän galanyň özara arabaglanyşygynyň bardygyny bellemek bolýar.

Jeren JOMARTOWA,
«Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýol görkezijisi.