«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň işewürlik maslahaty

11 Awgust 2024
137

Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi.

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi, Ýaponiýanyň Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda assosiasiýasy (ROTOBO), Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrligi, «Kazakh Invest» kompaniýasy, «Atameken» milli telekeçiler edarasy Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde bu wekilçilikli işewürlik çäresiniň guramaçylary hökmünde çykyş etdi. Forumyň gün tertibi sebit integrasiýasynyň möhüm ugurlaryny, köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalaryny hem-de senagat kooperasiýasy taslamalaryny goldamagy, ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meselelerini öz içine aldy.

TDH.