Iň uly ýahta suwa goýberiler
Dünýäniň iň uly ýahtasy boljak «Ulyssia» superýahtasy 2028-nji ýylda suwa goýberiler. «Gäminiň uzynlygy 324 metr bolup, ady rowaýata öwrülen «Titanik»-den (269 metr) has uzyn bolar» diýip, «Naked Science» web saýty habar berýär. Bu taslama belli dizaýner Espen Oýno tarapyndan işlenip düzüldi we onuň gurluşygy 2028-nji ýylyň oktýabr aýynda tamamlanar. «Ulyssia» superýahta adyny göterýän hem bolsa, ýolagçy gämisidir. Onuň bortunda 112 inedördül metrden 930 inedördül metre çenli bolan kaşaň penthauslar ýerleşer. Her bir penthaus ýatylýan otaglar, myhman otaglary, aşhanalar we ummana bakýan giň terrasalar bilen enjamlaşdyrylandyr. «Ulyssia»-nyň gurluşygyna indiki ýyl Germaniýanyň «Meyer Werft» gämi abatlaýyş kärhanasynda başlanar. Gämi lýuks, rahatlyk we innowasiýa tehnologiýasyny utgaşdyryp, inženerçilik we dizaýn sungatynyň hakyky nusgasyna öwrüler.