Kos­mos in­ter­ne­ti sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­ýär

12 Iýul 2024
175

«SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gö­nü­den-gö­ni kos­mos­dan in­ter­net hö­dür­le­ýän hyz­ma­ty sy­ýa­hat­çy­ly­gyň hem ös­me­gi­ne ge­tir­di. Kom­pa­ni­ýa hä­zi­re çen­li «Star­link« tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýüz­ler­çe ki­çi göw­rüm­li eme­li hem­ra­ny Ýe­riň or­bi­ta­sy­na çy­kar­dy. Bu eme­li hem­ra­lar kos­mos­da­ky «Wi-Fi rou­te­ri» hök­mün­de hyz­mat edip, me­de­ni zo­lak­dan uzak­da­ky ýer­le­ri ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net bi­len üp­jün ed­ýär. Bu hyz­mat­dan uçar ýo­lag­çy­la­ry we de­ňiz­ler­de uzak ara­ly­ga sy­ýa­hat ed­ýän gä­mi­le­riň ýo­lag­çy­la­ry hem peý­da­lan­ýar. In­di de­ňiz sy­ýa­hat­çy­ly­gy bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň kö­pü­si gä­mi flo­ty­ny «Star­link» in­ter­ne­ti bi­len en­jam­laş­dyr­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ýo­lag­çy­la­r deň­ziň jüm­mü­şin­de in­ter­net hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp, gy­zyk­ly wagt ge­çi­rip, hatda uzak ara­lyk­dan iş­le­ri­ni hem edip bil­ýär­ler. Bu bol­sa sy­ýa­hat mak­sat­ly gä­mi­le­re bo­lan gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­ýar.

“Carnival Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Joş Weýnşteýn kosmos internetiniň tizliginiň gury ýerdäki ýalydygyna ünsi çekip, bu hyzmatyň ýene bir girdeji çeşmesi boljakdygyny aýdýar. “Carnival Corporation” kompaniýasy 2022-nji ýyldan başlap, ýolagçy gämilerine “Starlink” antennalaryny oturdyp başlapdyr.

Beýleki habarlar