Emeli gözelleriň bäsleşigi

12 Iýul 2024
170

Dün­ýä­niň eme­li aň ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len ze­nan­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len il­kin­ji gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri bel­li bol­dy. «Miss AI» at­ly bäs­le­şik­de bi­rin­ji ýer ala­na 20 müň dol­lar pul baý­ra­gy go­ýul­dy. Komp­ýu­ter­de dö­re­di­len ze­nan­la­ryň ara­syn­da ma­rok­ko­ly «inf­lu­encer» Ken­za Laý­li bi­rin­ji bol­dy. Bü­tin­dün­ýä eme­li aň dö­re­di­ji­le­ri baý­ra­gy­ny (WAICA) al­ma­ga je­mi 1 müň 500 mo­del gat­naş­dy. Ola­ra ha­ky­ka­ta ýa­kyn­ly­gy­na we teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na gö­rä ba­ha be­ril­di. «The Post» ne­şi­ri­ne «in­terw­ýu be­ren» Laý­li adam­lar ýa­ly duý­gu­la­ry duý­ma­ýan hem bol­sa, baý­rak alan­dy­gy üçin tol­gu­nan­dy­gy­ny aýt­dy. Öz blo­gyn­da yzy­gi­der­li ýaz­gy ýaz­ýan Ken­za Laý­li­niň «Ins­tag­ram»-da 194 müň yzar­laý­jy­sy bar. Ýa­ryş­da ikin­ji or­na fran­si­ýa­ly La­li­na, üçün­ji ýe­re por­tu­ga­li­ýa­ly Olivia C. my­na­syp bol­dy.

Ýaryşy guraýjylar bäsleşige gyzyklanmanyň örän ýokary bolandygyny belleýärler.

Beýleki habarlar