Türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry haj par­zy­ny ber­jaý edip gel­di­ler

12 Iýul 2024
182

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzyň zyýaratçylar topary haj parzyny berjaý etmek maksady bilen, Saud Arabystanynda boldular. Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtymyzyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular.

Türk­men zy­ýa­rat­çy­la­ry ýö­ri­te uçar­da Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne gel­di­ler. Soň­ra bol­sa döw­re­bap aw­to­bus­lar­da «Pa­ra­hat – 7» ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da ýer­leş­ýän Hez­re­ti Omar met­ji­di­ne bar­dy­lar. Ys­lam dün­ýä­si­niň öz­bo­luş­ly mer­ke­zi­ne öw­rü­len iki mu­kad­des­li­ge tag­zym eden wa­tan­daş­la­ry­my­zyň zy­ýa­ra­ty jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen­di­gi­niň, asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň do­wa­mat-do­wam bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir. Olar ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ber­ka­rar bol­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýän Arkadagly hajy Serdarymyza we ha­jy Ar­ka­da­gy­my­za ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler.

Beýleki habarlar