"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Wagyz-nesihat çäresi

Tertip-düzgünlilik ündeldi “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda raýatlaryň saglygy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýakynda TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde guramaklarynda “Sagdyn ruhly — sagdyn nesil” at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk bedenterbiýe we sport bölüminde guralyp, oňa TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmenleri, TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada gysgaça maglumat

Aşgabatda az-kem bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gijelerine +25... +27 gradusdan +27... +29 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +36... +38 gradus maýyldan +40... +42 gradusa çenli yssy bolar. Ahal welaýatynda hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gijelerine +23... +28 gradusdan +26... +31 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +35... +40 gradusdan +38... +43 gradusa çenli yssy bolar.

Kanunlar — kämillik binýady

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Milli kanunçylygy kämilleşdirmekde soňky ýyllarda uly işler durmuşa geçirildi. Üstümizdäki ýylda-da bu babatda kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bolsa milli ykdysadyýeti ösdürmekde, oňa daşary ýurtly maýadarlary çekmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ähmiýetli orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 6-njy maslahatynda-da kanun taslamalarynyň ençemesine garaldy. Maslahatyň gün tertibiniň, esasan, «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolandygy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk esaslarynyň barha berkidilýändigini we kämilleşdirilýändigini görkezýär. Diýarymyzda şunuň ýaly uly maksatlara gönükdirilen işleriň amal edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyna aýratyn ähmiýet berýändiginiň, netijede, onuň binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň mynasyp güwäsidir. Bu ýagdaý halkara h

Durmuş syýasaty: ygtybarly goraglylyk we döwlet kepilligi

Durmuşdaky, şol bir wagtda döwlet gurluşyndaky ähli özgerişlikler döwür bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kanunçylyk, durmuş ugurly ykdysady syýasat, halk bähbitli nusgalyk işler biri-biriniň üstüni ýetirip, ýeneki ösüşler üçin täze gözýetimleri açýar. Kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli berkidilmegi, durmuş syýasatynyň barha rowaçlanmagy, döwlet häkimiýetini dolandyrmagyň gözbaşynda ösen raýat jemgyýetiniň durmagy demokratik, hukuk döwletiniň esasy alamatlarydyr. Häzirki döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, kämilleşdirilmegi hem-de ösdürilmegi bilen aýakdaş gidýär. Bu özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ynsanperwer şygarlaryndan ugur alýar. Bu asylly ýörelgelere laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasat halkymyzyň parahat, abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendir. Halk baradaky alada baş strategik wezipedir. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip bellenilmegi ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň iş ýüzünde durmuşa geçiri

Jebislik. Agzybirlik. Bitewülik

20-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň mejlisi boldy. Onda Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek, degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň gazanylýan üstünliklere buýsanyp, döwletimiziň beýik geljegine uly ynam bilen garap, jebislikde, agzybirlikde zähmet çekýändigi nygtaldy. Şunda ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmak meselelerinde toplan baý taryhy tejribesi, milli aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, jemgyýetimiziň agzybirligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly maslahatlaşyp çözmek bilen bagly ýörelgeleri barha giň gerim alýar. Ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän ynsanperwer ýörelgelere laýyklykda, ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerini geçirmek we syýasy, ykdysady we durmuş ugurlaryna degişli taryhy ähmiýetli meseleleri çözmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Möwsümiň üçünji tapgyry başlandy

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde möwsümiň üçünji tapgyry başlandy. Bu möwsümde merkezde dynç alyp, saglygyny berkitmek bagtyna eýe bolan çagalaryň 300-si ol ýerde dabaraly garşylandy. Möwsümiň dowamynda çagalara şadyýan göwünaçmalar, gyzykly pursatlar garaşýar. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň meýilnamasyna laýyklykda, merkezde sport ýaryşlaryň, çeper okaýyşlaryň guralmagy göz öňüne tutulýar. Çagalaryň günleriniň ýatda galyjy, manyly we gyzykly geçmegini, sagdyn ruhly, berk bedenli bolmagyny gazanmakda şeýle çäreleriň ähmiýeti uly bolar.

Körpeleriň zybanynda Watan waspy

Tejen etrabynyň 30-njy çagalar bagynda «Watany wasp edýär çaga ýüregim» ady bilen bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de agzalan çagalar bagynyň ilkinji ýaşlar guramasynyň bileikde guramagynda bolan bäsleşige ruhubelent körpeler gatnaşdy. Bagtyýar çagalaryň isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda ýaş nesil hakda edilýän aladalardan, hormatly Prezidentimiziň çagalaryň eşretli, bolelin durmuşyň hözirini görüp erkanalykda ýaşamagy ugrunda döredýän giň mümkinçiliklerden ugur alyp, zehinli çagalary ýüze çykarmak we olaryň sungata söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik diýseň gyzykly boldy.

Wagyz-nesihat duşuşygy

Tejen etrap Pensiýa gaznasynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda “Mäkäm maşgala — berkarar döwlet” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçen duşuşykda milli däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmek maksat edinildi. Etrap häkimliginiň, etrap polisiýa bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň wekilleriniň, mährem eneleriniň çykyşlary täsirli boldy. Edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, kämil jemgyýeti kemala getirmek, maşgala binýadynyň berkligini gazanmak ugrunda edilýän tagallalar çykyşlaryň özeni boldy. Ýaşlara ýaraşýan asylly gylyk-häsiýetler, ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Inklýuziw bilim: tejribeler we mümkinçilikler

Durmuş ugurly döwlet syýasatyny amala aşyrýan döwletimiz saglyk ýagdaýy boýunça mümkinçiligi çäkli, ýagny beden we ruhy taýdan ösüşinde ýetmezçiligi bolan çagalaryň hem umumy kysymdaky bilim edaralarynda bilim (inklýuziw bilim) almagy üçin zerur şertleri döredýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde saglyk ýagdaýy boýunça umumy kysymdaky bilim edaralaryna gatnap bilmeýän raýatlaryň ýörite pedagogik çemeleşmeleriň esasynda bilim almagy, olaryň ösüşindäki bozulmalaryň düzedilmegi we durmuş taýdan uýgunlaşmagy üçin ýörite bilim edaralarynyň döredilýändigi bellenilýär. Ýurdumyzda inklýuziw bilim babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin biz Ahal welaýatynyň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory Ogulbahar OMAROWA ýüz tutduk. Tejribeli mugallym toplumda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli, ýagny beden we ruhy taýdan ösüşinde ýetmezçiligi bolan çagalara umumy kysymdaky bilim edaralarynda inklýuziw bilim almak üçin döredilen şertler barada şeýle gürrüň berdi:

«Altyn sümmülde» myhmançylykda

Baş terbiýeçi Şamyrat Baýhanow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi: — Çaga kalby mydama üýtgeşik zatlaryň arzuwynda. Olar tomus paslynda gyzykly dynç alşy küýseýär. Bu ýerde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw-önümçilik tejribeligini geçýän talyplary bilen birlikde, terbiýeçi-mugallymlarymyz çagalaryň wagtlarynyň täsirli geçmegi üçin ýörite meýilnama esasynda iş alyp barýar. Meselem, gyzjagazlar el işlerini, ýagny matalary kesmegiň we tikmegiň tärlerini öwrenýärler. Oglanlaryň köpüsiniň wagty futbol meýdançasynda geçýär.

Şatlykly günleriň owazy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda bagtyýar körpeleriň tomusky dynç alyş möwsümini has-da gyzykly, täsirli geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri talabalaýyk işleri alyp barýarlar. Şunda çagalaryň arasynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine, aýdym-sazly konsertlere, sport ýaryşlaryna, dürli medeni çärelere aýratyn orun degişlidir.

Watany söýmek — ömrüň manysy

Watançylyk türkmen perzendine berilýän terbiýäniň süňňündedir, sütünindedir. Ol bize jan bilen, gan bilen geçen iň arzyly gymmatlyk. Şoňa görä-de, türkmen halky Ýer ýüzünde öz topragyny, ýurduny jandan söýýän millet hökmünde tanalýar. Bu asyllylyk «Ser bereris, ýer bermeris» diýen Oguz hanyň döwletliliginden, Gorkut atanyň parasadyndan, Görogly begiň dogumyndan, Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryndan kök alýar. Halkymyzyň watançylyk terbiýesi täze eýýamymyzda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň eserleri arkaly dowamata uzaýar. Milli Liderimiz: «Perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenilýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýmek bilen, terbiýäniň esaslaryny Watan söýgüsi bilen kesgitleýär. Diýmek, öý-ojakdan gözbaş alýan bu ýörelge maşgala jebisligi ýaly synmaz, ene süýdi ýaly halal, ata pendi ýaly mukaddesdir.

Gowy adam bolmak (Durmuş we biz)

Ynsan ogly ýaşlykda üýtgeşik arzuwlary edýär, belent maksatlary tutunýar. Şol maksatlaryň myradyna gowuşmagy üçin zähmet çekýär. Ýaşlyk döwri — güýç-kuwwatyň, gujur-gaýratyň dolup-daşýan döwri. Ine, hut şu döwürde ynsan özüne mynasyp käri saýlaýar. Şol saýlawda üstünlik gazanaýmak ýeňil-ýelpaý zat däl. Sebäbi seniň saýlan käriň saňa hem lezzet bermeli, hemem maddy durmuşyňy gowulandyrmaly. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda her bir adamyň öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga bolan hukugy kanun arkaly berkidilýär. Bu günki gün Diýarymyzda hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler yzygiderli açylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwür bilen aýakdaş gidip, döwrüň talaplaryna eýerýändiginden nyşandyr.

Ak zat alnyňa ýagşy (Kämillige tarap)

Biz reňkler hakynda nämeleri bilýäris ýa-da reňklere näderejede ähmiýet berýäris? Suratkeşleriň reňkleri ulanyşyndaky aýratynlyklara üns berip gördüňizmi? Olar üçin reňkler giden bir filosofiýa. Şahyryň zehininiň sözde bolşy ýaly, suratkeşleriň ussatlygy hem reňkleriň sazlaşygyndadyr. Ol öz duýgy-düşünjesini ýa bolmasa eserindäki haýsy hem bolsa bir manyny reňkleriň üsti bilen berýär.Göräýmäge, biziň üçin adaty bir zat hökmünde durmuşymyza ornan reňkleriň ykbalymyza, dünýägaraýşymyza täsir edip bilýändiginden az sanlymyz habarly bolsak gerek. Dünýä psihologlarynyň gelen netijesine görä, her adamyň saýlan reňki onuň häsiýetini, durmuş isleglerini we hemişelik ahwalyny kesgitlemäge ýardam edýär. Köplenç halatda, biz ak reňki gowulyk, gara reňki ýakymsyz duýgular, ýaşyl reňki ýaşaýyş, sary reňki aýralyk bilen baglanyşdyrýarys. Ýöne bu hemişelik üýtgewsiz kanun däldir. Başda hem aýdyşymyz ýaly, halklaryň dünýägaraýşyna görä, reňkleriň kabul edilişi hem üýtgäp bilýär. Käbir halklarda gara reňk güýçlüligiň, syratlylygyň, sary reňk döredijiligiň reňki hasaplanýar. Halkymyzda «Ak zat alnyňa ýagşy», «Ak göwünliň aty armaz, dony tozmaz» diýen ýaly nakyllaryň, «Ýoluň ak bolsun!», «Ak gyz ýoldaşyň bolsun!» diýen ýaly ýagşy arzuwlaryň içine reňkleriň siňmegi hem ýönelige däldir. Bu halkymyzyň mentaliteti bilen baglanyşyklydyr. Ak reňk hemişe halkymyzda gowy zatlaryň buşlukçysy hökmün

Sanlaryň «dilmajy» (Siziň deň-duşuňyz)

Bu zehinli gyzjagazy şeýle diýip atlandyrsagam bolar. Ony siz hem tanaýansyňyz. Sebäbi ol ýakynda ýatdan hasaplamagyň ussady hökmünde uly meşhurlyk gazandy. Has takygy, «Russiýa 1» teleýaýlymynda guralýan «Täsin adamlar» («Удивительные люди») atly bäsleşikli gepleşige gatnaşan ilkinji ildeşimiz bolup, tiz sanamak ukyby bilen eminleri hem-de tomaşaçylary haýran galdyrdy. Biz hem bu üýtgeşik başarnykly gyzjagaz — Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 7-nji synpyny tamamlan Liwanur Berdiýewa bilen söhbetdeş bolup, onuň gyzykly gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Liwanur, ilki bilen, gyzyklanýan ugruňyz — anzan mega mental arifmetikanyň aýratynlygy hakda gürrüň beräýseňiz?!

Sizi bular gyzyklandyrýarmy?

UZAKDAN DOLANDYRYJYLAR NÄHILI IŞLEÝÄR? Eliňize telewizoryň uzakdan dolandyryjysyny alyp, onuň hiç hili simsiz nädip telewizora «diýenini etdirýänligi» hakynda pikirlenip gördüňizmi? Juda täsin, şeýle dälmi? Eýsem, durmuşymyzdaky tehnologik enjamlaryň ählisine ornaşan uzakdan dolandyryjylar nähili işleýärkä? 10-njy gatda oturan kakamyz aşakda duran maşynyny nädip oturan ýerinden otlap bilýärkä? Geliň, öwreneliň!

Mango festiwaly geçirildi

19-njy iýulda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan halkara mango festiwaly guraldy. Oňa ýurdumyzyň döwlet edaralaryndan, daşary ýurtlaryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryndan wekiller, žurnalistler, telekeçiler we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Ýurdumyzda halkara mango festiwaly ilkinji gezek guralyp, onda mango önüminden taýýarlanylan dürli tagamlaryň sergilendi, ondan myhmanlara hödür edildi. Myhmanlar bu önümden taýýarlanan işdäaçarlary, içgileri we beýleki önümleri synladylar hem-de dadyp görmek mümkinçiligine eýe boldular. Bu ýere ýygnananlar ýörite taýýarlanylan kitapça arkaly mangonyň 1500-den gowrak görnüşi, eksport edilişi bilen ýakyndan tanyş boldular.

Täze kitaplar gelip gowuşdy

Welaýat kitaphanamyza «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Olaryň arasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň bolmagy bizi örän begendirdi. Şonuň ýaly-da Gözel Şagulyýewanyň «Belent boýly ussadym», Neda Bergeriň «Söýýän seni Türkmenistan» atly kitaplary hem bar. Täze kitaplaryň hatarynda «Haýyrly hazyna», «Ady bar-da, özi ýok», «Ak jeren we owlajygy hakynda rowaýat» atly kitaplaryň, «Magtymguly, sözle bu şirin dilde» atly ylmy makalalar ýygyndysynyň, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň iki jiltiniň bolmagy okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Täze gelen kitaplar welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan hasaba alnyp, degişlilikde şäher, etrap merkezi kitaphanalaryna we olaryň şahamçalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphanamyzyň elektron katalogynda, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary kitap sergileriniň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň, edebi agşamlaryň üsti bilen wagyz edýärler. Edebi mirasymyza çuňňur sarpa goýýan, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Medeni ösüşiň ak ýoly

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda «Magtymguly Pyragy — medeni ösüşiň ak ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen çärä bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, ýerli şahyrlar gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde zenan mertebesiniň tutýan orny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynda enelere, zenanlara goýulýan hormat-sarpa barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu kitaplaryň ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigi, olaryň bagtyýar raýatlarymyzyň ýankitaplaryna öwrülendigi barada buýsanç bilen bellenildi. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ylmy taýdan öwrenilmegine, dünýä ýaýylmagyna giň ýollary açan, täze-täze kitaplary bilen halkymyzy begendirip durýan Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

Täsirli geçen okuw maslahaty

Esenguly etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, zähmeti goramak we howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly namalaryny düşündirmek boýunça  geçirilen okuw maslahaty alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmäge ýardam berdi. Okuw maslahatynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda alnyp barylýan işler, oba hojalykçylara, kärendeçilere döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler barada giňişleýin gürrüň edildi. Onda çykyş edenler raýatlaryň saglygyny goramak, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň talaplaryny berjaý etmek, işgärlere degerli zähmet şertlerini döretmek, tehniki howpsuzlygyň düzgünlerini berjaý etmek, bu ugurda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň alyp barmaly işleri barada giňişleýin durup geçdiler hem-de özara sorag-jogap alyşdylar. Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli,  döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.