Wagyz-nesihat duşuşygy

22 Iýul 2024
160

Tejen etrap Pensiýa gaznasynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda “Mäkäm maşgala — berkarar döwlet” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap häkimliginiň ýörite meýilnamasy esasynda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçen duşuşykda milli däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmek maksat edinildi.

Etrap häkimliginiň, etrap polisiýa bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap hassahanasynyň wekilleriniň, mährem eneleriniň çykyşlary täsirli boldy. Edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, kämil jemgyýeti kemala getirmek, maşgala binýadynyň berkligini gazanmak ugrunda edilýän tagallalar çykyşlaryň özeni boldy. Ýaşlara ýaraşýan asylly gylyk-häsiýetler, ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Leýli ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.
Beýleki habarlar