Kanunlar — kämillik binýady

23 Iýul 2024
167

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Milli kanunçylygy kämilleşdirmekde soňky ýyllarda uly işler durmuşa geçirildi. Üstümizdäki ýylda-da bu babatda kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Kanunçylygyň kämilleşdirilmegi bolsa milli ykdysadyýeti ösdürmekde, oňa daşary ýurtly maýadarlary çekmekde, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ähmiýetli orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 6-njy maslahatynda-da kanun taslamalarynyň ençemesine garaldy.

Maslahatyň gün tertibiniň, esasan, «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda taýýarlanan kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolandygy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk esaslarynyň barha berkidilýändigini we kämilleşdirilýändigini görkezýär. Diýarymyzda şunuň ýaly uly maksatlara gönükdirilen işleriň amal edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyna aýratyn ähmiýet berýändiginiň, netijede, onuň binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň mynasyp güwäsidir. Bu ýagdaý halkara hyzmatdaşlygyň barha ösdürilmegine, şeýle hem dürli ugurlarda alnyp barylýan işleriň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam edýär.

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar