Watany söýmek — ömrüň manysy

22 Iýul 2024
192

Watançylyk türkmen perzendine berilýän terbiýäniň süňňündedir, sütünindedir. Ol bize jan bilen, gan bilen geçen iň arzyly gymmatlyk. Şoňa görä-de, türkmen halky Ýer ýüzünde öz topragyny, ýurduny jandan söýýän millet hökmünde tanalýar. Bu asyllylyk «Ser bereris, ýer bermeris» diýen Oguz hanyň döwletliliginden, Gorkut atanyň parasadyndan, Görogly begiň dogumyndan, Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryndan kök alýar. Halkymyzyň watançylyk terbiýesi täze eýýamymyzda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň eserleri arkaly dowamata uzaýar.

Milli Liderimiz: «Perzendiň terbiýesiniň esasy mazmuny Watan mukaddesliginde jemlenilýär. Türkmen maşgalasynda perzendiň il aladasyny edýän ogul bolup kemala gelmegi, jemgyýetiň ileri tutýan ýörelgesi bolup, munuň hem asylky manysynda Watan üçin edilen yhlas we söýgi bardyr» diýmek bilen, terbiýäniň esaslaryny Watan söýgüsi bilen kesgitleýär. Diýmek, öý-ojakdan gözbaş alýan bu ýörelge maşgala jebisligi ýaly synmaz, ene süýdi ýaly halal, ata pendi ýaly mukaddesdir.

Aýbölek REPBIMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar