"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Keçe sungatynyň ussatlary bäsleşdiler

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen «Gülüň owadan!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda welaýatymyzyň gelin-gyzlary-da üstünlikli çykyş edip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň döwlet tapgyryna welaýatymyzdan zenanlaryň ikisi — Saýat etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Öwezgül Agajanowa we Saýat etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy Jeren Bazarowa gatnaşdylar. Olar berlen şertlere görä, ýüňi saýlamak we saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek, gül ýasamak ýaly keçäniň taýýarlanylyşy bilen bagly işleri ýerine ýetirmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem işine ussat gelinler özleriniň şahyrana döredijiligi bilen milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşini wasp etdiler. Bäsdeş gelin-gyzlaryň biri-birinden owadan edip güllän keçeleri bu sungatyň inçelikleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.

Giriş synaglaryna badalga berildi

Düýn ýurdumyzyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ählisinde giriş synaglaryna badalga berildi. Welaýatymyzdaky Türkmen oba hojalyk institutynda, Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde we Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde hem giriş synaglary ýokary guramaçylykly ýagdaýda ýaýbaňlandyryldy. Giriş synaglary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime höwesli bagtyýar ýaşlaryň ukyp-başarnyklarynyň, aýratyn zehinleriniň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrdy. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp täze hünär ugurlary döredilýär. Şeýle özgertmelerden, özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar türkmen ýaşlary bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna talyplyga dalaşgärleriň sanynyň barha artmagy hem sözümiziň aýdyň subutnamasydyr.

«Bir penjire» umumy döwlet maglumat web-portaly döredildi

Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» (www.tradebridge.gov.tm) umumy döwlet maglumat web-portaly döredildi. Ol daşary ykdysady işlere gatnaşýanlar üçin «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamynyň elýeterliligini üpjün edýär. Mehanizm ähli ulanyjylaryň eksport-import amallaryny resmileşdirmek boýunça talaplaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şunda serhet gümrüginden geçýän harytlar ýa-da ulag serişdeleri hakyndaky maglumat giriş nokadyna diňe bir gezek görkezilýär. Ýurdumyzyň «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamyna goşulyşan 16 ministrligi we pudaklaýyn müdirlikleriniň 22 düzüm bölümi serhet gümrüginden geçirilýän harytlardyr ulag serişdelerine degişli elektron ygtyýarnamalary, şahadatnamalary we beýleki rugsat beriji resminamalary resmileşdirýärler.

Özbegistanda «Chevrolet Lacetti» ulagynyň iň soňky nusgasy ýygnaldy

«Chevrolet Lacetti» ady bilen hem tanalýan «Daewoo Genta» bir wagtlar Russiýada diýseň meşhur bolupdy. Bu model 2000-nji ýyllaryň başynda peýda bolup, Özbegistanda «UzAuto Motors» kärhanasynda öndürildi. Muňa garamazdan, 27-nji iýulda «Lacetti/Gentra» hekaýasy tamamlandy: ýurtda ulagyň iň soňky nusgasy çykdy. Ol gara sedan görnüşinde hödürlendi. «Lacetti/Gentra» — önümçilik liniýasynyň iň uzak ömür süren modeli: Özbegistanda bu awtoulag 15 ýyllap öndürildi, şol döwürde bu nusganyň 500 müňden gowrak awtoulagy gurnama binýadyndan çykdy (2013-nji ýylda gaýtadan işlenenden soň 487174 nusga) öndürildi.

Ýagşylyk ýalkawy

Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigine, ata Watanymyzyň ösüşiň belent sepgitlerine ýetýändigine şaýat bolýarys. Milli Liderimiziň döwletli başlangyçlary ýurdumyzy ösüş-özgertmeleriň, bagtyýarlygyň, rowaçlygyň mekanyna öwürdi. Gahryman Arkadagymyzyň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine eýerip esaslandyran Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda oňa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy-da juda ýerlikli çözgüt boldy. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna, näsag çagalaryň ýüzlerçesinde çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmegi, olaryň saglygynyň lukmanlaryň berk gözegçiliginde saklanmagy we degişli bejergileriň yzygiderli alnyp barylmagy, ýurdumyzyň welaýatlarynyň degişli hassahanalarynyň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, lukmançylyk enjamlarydyr serişdeleriň berilmegi sahawatly işleriň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.

Keçe güllär çeper eller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, şol sanda çeper elli zenanlarymyzyň el işlerini wagyz etmeklige uly üns berilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gelin-gyzlarymyzyň arasynda milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan gelýän el işlerine höwesi artdyrmak, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek maksadyndan ugur alyp geçirilýän bäsleşigiň Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan jemleýji döwlet tapgyry üç şertden ybarat boldy. Olaryň birinjisine keçäniň taýýarlanylyşy bilen bagly işler, ýagny ýüň saýlamak, saýmak, daramak, boýamak, pişge etmek hem-de keçäni taýýarlamakda zerur bolan gurallar hakdaky maglumatlar girýär. Ikinji şertde milli keçe nagyşlaryny salyp, keçe güllemek hem-de üçünji şertde bolsa keçe bilen baglanyşykly şahyrana halk döredijilik eserlerini aýdyp bermek bellenildi. Çykyşlarda milli mirasymyza belent sarpa goýulýan döwrümiziň waspy belentden ýaňlandy.

Ýokary taýýarlykly barylýar

Ýakynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halk häkimiýetiniň ygtybarly sütüni» atly maslahat geçirildi. Bu maslahatda Arkadag şäheriniň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary çykyş etdiler. Çykyşlarda Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda — 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän syýasy-jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine möhüm ähmiýet degişlidigi we ony ýokary derejede geçirmek boýunça ýurdumyzyň ähli künjeklerinde taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.

Milletiň maslahatly mejlisi

27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, saparyň çäginde geçiren iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygy, täze taryhy döwürde bellenilýän şanly seneleriň milli ýörelgelere laýyklykda dabaralandyrylmalydygyny nygtady. Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri, halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, halk häkimiýetini kemala getirmek boýunça uly işler alnyp baryldy. 1991-nji ýyldan bäri geçen 33 ýylyň dowamynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen şöhratlandy.

Söwda toplumynyň amatlyklary

Arkadag şäheriniň Söwda toplumynyň binasynyň tutýan meýdany 6573 inedördül metr bolup, onda toý-sadaka dabaralaryny geçirmek üçin 500 orunlyk «Arzuw» toý mekany, ilat üçin elýeterli, ýokary hilli hyzmat edýän market, hojalyga gerek bolan azyk, öý goşlary, egin-eşik we gurluşyk harytlary satylýan dükanlar hem-de naharhanalar bar. Şeýle-de baýramçylyk günlerine gabatlanyp ýörite göçme söwda nokatlaryny gurnamak işleri alnyp barylýar. Bu ýerde gözellik salony hem bar. Bu ady agzalan söwda nokatlary Arkadag şäheriniň ilatyna ýokary hilli hyzmatlaryny hödürläp gelýär. Alan harytlaryndan göwni hoşal bolan ildeşlerimiz bu ýeriň satyjylaryna «söwdaňyz bolsun!» diýip, ýagşy dileg edip gitseler, satyjylar hem öz müşderilerine «noş bolsun!» ýa-da «nesip etsin!» diýip, päk ýüreklerinden çykýan sözlerini bagyşlaýarlar. Ýene bir aýratyn bellemeli zat müşderilere eltip bermek hyzmatyny amala aşyrmak üçin ýörite ulaglaryň bolmagydyr. Olar jemi üç görnüşli bolup, biri naharhanalarda taýýarlanan naharlary müşderilere gyzgynlygyna eltip bermek mümkinçiligi bilen tapawutlansa, beýlekisi ýörite sowadyjyly bolup, dürli içgileri sargyt edilen ýerine sowuklygy bilen eltip bermek üçin niýetlenen eken. Ýene biri bolsa ýük çekmäge niýetlenipdir. Elektromobil görnüşindäki bu ulaglar müşderileriň sargydyny tiz wagtda täzeligi we terligi bilen gowşurmakda amatlydyr.

Ýangyndan ägä boluň!

Tokaý seýilgählerde baglaryň guran şahalaryny kesip aýyrmaly we baglaryň aşaklaryna dökülýän guran pürlerini yzygider arassalap, olary çäkden çykarmaly. Kebşirleme işleri geçirilende, rugsady bolan hünärmenler işleriň geçirilmeli ýerlerini ot-çöplerden topraga çenli arassalap, uçgunlar dumly-duşa ýaýramaz ýaly, töwerekleýin oda durnukly diwary gurnamaly hem-de ýangyn söndüriş serişdeleri üpjün edilenden soň işe girişmeli. Türkmenistanyň çägindäki edara-kärhanalaryň, guramalaryň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ählisi tebigatyň gözel ýerlerinde islendik bir işi geçirende, ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini dürs berjaý etmäge borçludyr. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.

Belent maksatlary nazarlap

Türkmenistanyň Halk Maslahaty möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka hökmünde ýurdumyzyň ýaş nesillerinde aýratyn uly ruhy galkynyşy döredýär. Pederlerimiz döwletli işleri amal etmeli bolanda hem halky bilen maslahat geçiripdir. Halkymyzyň bu ajaýyp dessury häzirki döwürde döwlet derejesinde dabaralanyp, ýurdy ösdürmekde halkyň agzybirligini berkitmekde, öňde goýlan beýik maksatlary amala aşyrmakda öz mynasyp ähmiýetini ýitirmän gelýär. 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edildi we oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak hem-de ony Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. kalplarda buýsançly seslenme döreden halk bähbitli, ýurt ähmiýetli bu waka mynasybetli welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Pederlerimiziň arzuwlan Garaşsyzlygy, asuda durmuşyň kepili bolan hemişelik Bitaraplyk bolsa bu mertebeli menzillerde goşa ganat deýin güýjümize güýç, kuwwatymyza kuwwat goşýar.

Gülüň owadan — ömrüň owadan!

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramaklarynda çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda yglan edilen «Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle-de welaýatlaryň keçe taýýarlamakda ýokary ussatlygy görkezen zenanlary gatnaşdylar. Bäsleşik öýlerimiziň bezegi bolan türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek arkaly, gelin-gyzlarymyzda türkmen zenanyna mahsus asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde, milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir. Bäsleşigiň şertlerine görä, zenanlar keçäni taýýarlamak bilen baglanyşykly işleri, ýagny ýüň daramak, boýamak, pişge ýasamak, keçäniň gamşyny dokamak ýaly işleri ýerine ýetirdiler. Mundan başga-da, zenanlaryň gadymy keçe nagyşlaryny, «ak tüýnük», «gyzyl tüýnük», «saýlan», «gözenek», «gülýaýdy» we başga-da birnäçe nagyşlary salyp, keçe güllemekde görkezen ussatlyklary bäsleşigiň baý many-mazmuna eýe bolmagyna getirdi.

Bagtyýarlyk buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler oňyn netijelere beslenýär. Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabatda ýerleşýän gür bagly seýilgählerdir ýaşyl zolaklar paýtagtymyzyň kämil şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň möhüm düzüm bölegi bolmak bilen bir hatarda, arassa ekologiýa gurşawyny we sagdyn ýaşaýşy üpjün edýän zerurlyk bolup durýar. Dowam edýän sapaly tomus paslynda paýtagtymyzyň çägindäki seýilgäh zolaklary ildeşlerimiziň iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrülýär. «Aşgabat», «Ylham», Arkadag, «Daşkent» ýaly, gurluş özboluşlylygy, gür baglyga beslenen ajaýyp keşbi bilen tapawutlanýan seýilgähler bolsa hemişe köp adamly. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle ajaýyp dynç alyş zolaklarynyň hatarynda gojaman Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy hem goşuldy. Dana Pyragynyň äpet ýadygärlik heýkeli ýerleşdirilen bu künjek gysga wagtyň içinde diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem, ähli halkymyz üçin hem egsilmez ylham, buýsanç çeşmesine öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeginden bu ýeri synlamaga, lezzet we ruhy ylham almaga gelýänleriň sany hem günsaýyn artýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan, horma

Nesiller — kalbymyzyň nury

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Muňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň türkmen ýaşlarynyň ýaşaýyş-durmuşyna, ähli ugurlarda gazanan üstünliklerine bagyşlap ýazan bu eseri çuňňur many-mazmuna eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz kitabynda şeýle beýan edýär: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn». Bu günki gün türkmen ýaşlary ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda başarnyklaryny görkezip, hormata mynasyp zähmet çekýärler. Yzygiderli ünsüň we goldawyň netijesinde, ýaş nesiller ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynda mynasyp orun eýeleýärler. Olaryň öňünde ähli gujur-gaýratlaryny, bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak arkaly, täze taryhy döwürde başy başlanan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözme

Ady dünýä dolan şäher

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň, döredijilik güýjüniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik yhlasyndan kemala geldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri üstünlikli alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 27-nji iýulynda şähere amala aşyran iş saparynyň çäklerinde hem bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini bilen ýakyndan tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň hem-de döredijiligiň şäheridigini, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerinde döwrüň döredijilik mümkinçilikleriniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» önümçilik toplumyna ekologik menejment talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO 14001; bu kärhananyň lukmançylyk önümleriniň menejment hil ulgamyna laýyk gelýändigi baradaky ISO 13485; toplumdaky duz önümçiliginiň menejment hil ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky ISO 9001 güwänamalaryň gowşurylandygy habar berildi. Munuň özi ýurdumyzdaky lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen önümleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem bu işler ýurdumyzda üstünlikli ýola g

Ýaşlar — Watanyň ygtybarly daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ruhly, terbiýeli we bilimli ýaş nesli kemala getirmek ýurdumyzy ösdürmekde baş wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, ýaşlar meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr, jemgyýetiň durnuklylygyny, döwletimiziň kuwwatlylygyny we abadançylygyny üpjün etjek esasy güýçdür. Bedew bady bilen barha öňe barýan ýurdumyzda ýaşlary milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Bu jogapkärçilikli işe döwlet derejesinde örän ünsli çemeleşmelidigini dünýä tejribesi aýdyň görkezýär. Jemgyýetiň ösüş depgini ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine bagly bolup, ýurduň ykdysadyýetiniň hem pajarlap ösmeginde möhüm orny eýeleýär. Taryhy ösüşiň her bir tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talaplar, uly ynam bildirilýär we ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu çäreler döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasaty arkaly amala aşyrylýar. Ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk kemala gelmegi ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Hut şonuň üçin hem ata Watanymyzda ýaşlaryň döredijilikli kämilleşmekleri, özleriniň köpugurly zehinlerini, başarnyklaryny, mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli oňaýly şertler döredilýär.

Kanunlar döwrebap kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň berýän tabşyryklaryndan we maslahatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň dürli pudaklaryna degişli kanunlar kabul edilýär we öňden hereket edýänlerine goşmaçalardyr üýtgetmeler girizilýär. Munuň özi döwür bilen aýakdaş gitmegiň esasy çelgisi hasaplanýar. Ýaňy-ýakynda «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Oňa laýyklykda, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi. «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» Kanunda «Notarial we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem-de hususy notariuslaryň işe girişmegi bilen bagly ýüze çykýan meseleleri aradan aýyrmak we olaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksat edinilip, hünärmenlik hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki şahslar iş beriji fiziki şahs hökmünde göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem Kanunda «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasynda Adalat ministrliginiň guramaçylyk-usuly kömegi bermek bilen baglanyşykly ygtyýarlyklaryna adwokatlar tarapyndan jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýi

Halk Maslahaty — beýik işlere badalga

Möhüm ähmiýetli çärä bagyşlanan maslahatlar Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň şu  ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary bilen, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň  nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek bellenildi.

Hepdäniň habarlary

Sagdyn durmuş ýörelgesi wagyz edildi Golaýda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň welaýat häkimligi, welaýat Polisiýa müdirligi, Daşoguz şäher prokuraturasy, TKA-nyň welaýat birleşmesi,  «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guramagynda, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler jaýynda Daşoguz şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleriniň gatnaşmagynda «Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasaty — halkymyzyň durmuş goraglylygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Aýgytly günleriň aladalary

Pagtaçy daýhanlar awgust aýyny gowaçalara hyzmat etmekde iň aýgytly, derwaýys döwür hasaplaýarlar. Çünki olar bu döwürde amala aşyrylan her bir çäräniň atyzlarda emele gelýän hasyla hasyl goşup, güýzde harmanlaryň has belent bolmagyna ýardam berýändigini öz tejribelerinden oňat bilýärler. Şonda hatar aralary ýumşadylyp, kadaly iýmitlendirilip, endigan suw berlen gowaça düýpleri gül-gunça, doluşan köreklere basyrynyp, munuň şeýle bolmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, pagtaçylygy ösdürmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýan welaýatymyzyň kärendeçileri, daýhan hojalyklarynyň agzalary, mehanizatorlary şu günleriň gymmatly pursatlaryny gowaçaly meýdanlarda geçirmek bilen, ýadawsyz zähmetiň nusga bolarlyk göreldesini görkezýärler. Şeýlelikde, olaryň agzybirlikli, yhlasly aladalary bilen gurşalan ekinleriň ösmegine, hasyl toplamagyna ýol açylýar. Bu bolsa welaýatymyzyň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň häzirki dowam edýän, şan-şöhrata beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 140 müň gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirip, ata Watanymyzyň belent harmanyna mynasyp goşant goşjakdyklarynyň alamatydyr.