Belent maksatlary nazarlap

31 Iýul 2024
144

Türkmenistanyň Halk Maslahaty möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka hökmünde ýurdumyzyň ýaş nesillerinde aýratyn uly ruhy galkynyşy döredýär. Pederlerimiz döwletli işleri amal etmeli bolanda hem halky bilen maslahat geçiripdir. Halkymyzyň bu ajaýyp dessury häzirki döwürde döwlet derejesinde dabaralanyp, ýurdy ösdürmekde halkyň agzybirligini berkitmekde, öňde goýlan beýik maksatlary amala aşyrmakda öz mynasyp ähmiýetini ýitirmän gelýär.

20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary kabul edildi we oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak hem-de ony Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. kalplarda buýsançly seslenme döreden halk bähbitli, ýurt ähmiýetli bu waka mynasybetli welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde jemgyýetçilik çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Pederlerimiziň arzuwlan Garaşsyzlygy, asuda durmuşyň kepili bolan hemişelik Bitaraplyk bolsa bu mertebeli menzillerde goşa ganat deýin güýjümize güýç, kuwwatymyza kuwwat goşýar.

Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar