Milletiň maslahatly mejlisi

31 Iýul 2024
275

27-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, saparyň çäginde geçiren iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Garaşsyzlyk baýramyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ýokary derejede taýýarlyk görmegiň zerurdygy, täze taryhy döwürde bellenilýän şanly seneleriň milli ýörelgelere laýyklykda dabaralandyrylmalydygyny nygtady.

Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolalymyz bäri, halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, halk häkimiýetini kemala getirmek boýunça uly işler alnyp baryldy. 1991-nji ýyldan bäri geçen 33 ýylyň dowamynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny pugtalandyrmakda örän köp işler amala aşyryldy. Bu döwür möhüm wakalar we ägirt uly üstünlikler bilen şöhratlandy.

Mekan AMANLYÝEW,
TMÝG-niň Arkadag şäheriniň geňeşiniň başlygy.
Beýleki habarlar