Ady dünýä dolan şäher

31 Iýul 2024
159

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň, döredijilik güýjüniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik yhlasyndan kemala geldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleri üstünlikli alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 27-nji iýulynda şähere amala aşyran iş saparynyň çäklerinde hem bu ýerde alnyp barylýan işleriň depgini bilen ýakyndan tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň hem-de döredijiligiň şäheridigini, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerinde döwrüň döredijilik mümkinçilikleriniň we ýaşlaryň täzeçil garaýyşlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Guwlyduz» önümçilik toplumyna ekologik menejment talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO 14001; bu kärhananyň lukmançylyk önümleriniň menejment hil ulgamyna laýyk gelýändigi baradaky ISO 13485; toplumdaky duz önümçiliginiň menejment hil ulgamynyň talaplaryna laýyk gelýändigi baradaky ISO 9001 güwänamalaryň gowşurylandygy habar berildi. Munuň özi ýurdumyzdaky lukmançylyk edaralary üçin niýetlenen önümleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şeýle hem bu işler ýurdumyzda üstünlikli ýola goýlan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara ykrarnamasyna eýe bolýandygyny görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il bähbidine gönükdirilip durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň alkyşyna we çäksiz hoşallygyna mynasyp bolýar. Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler hem ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlere we täze belentliklere ynamly gadam urýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu bolsa her birimiziň kalbymyzda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerine bolan buýsanjy oýarýar.

Gözel REJEPOWA,
TOHI-niň hünärmeni.
Beýleki habarlar