"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Zehin zehinden zyýada

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 64-si, çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si mynasyp boldy. Baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda döredijilikde, aýdym-sazda, sportda, ylymda, bilimde tapawutlanan çagalaryň has köp bolmagy ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşjak bagtyýar nesilleriň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.

Abadan durmuşyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza Täze ýyl Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Ýurdumyz döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirip, geljege ynamyny has-da berkidýär». Eziz Diýarymyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuň manyly ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyny dabaralandyrýar. Bu gün obalarymyz, şäherçelerimiz, şäherlerimiz täze, döwrebap keşbe girýär, ýurdumyzyň sebitlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zaman önümçilik kärhanalarynyň — iri zawoddyr fabrikleriň hatary giňeýär, ilatyň ýokary amatlykly şertlerde zähmet çekmegine şert döredýän täze iş orunlary emele gelýär, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ýokary görkezijiler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny we ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter ýokarlanmagyny üpjün edýär. Tamamlanan ýylda ýurdumyzyň çar künjeginde ajaýyp desgalaryň ençemesiniň gurlup, ilatyň hyzmatyna berlendigini nygtamak has-da ýakymlydyr. Ildeşlerimiziň sagdynlygyna, bagtyýarlygyna, ýokary derejeli dynç alşyna gönükdirilen şeýle desgalaryň hatarynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çägindäki, «Altyn kölüň» kenaryndaky dynç alyş düzümine degişli döwrebap desgalar toplumyny

Halal zähmet — baky döwlet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň kanun taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet gullukçylarynyň halallygyny berkitmäge gönükdirilen kämil kanunlaryň biri-de, «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunydyr. Täze taryhy eýýamda bu Kanun korrupsiýa garşy hereket etmegiň esasy ýörelgelerini, korrupsiýa garşy göreşiň, korrupsiýany duýdurmagyň, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýardam eden sebäpleri we şertleri aradan aýyrmagyň we olaryň netijelerini ýok etmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunyň 1-nji maddasynyň 1-nji bölüminde bellenilişi ýaly, korrupsiýa garşy göreş korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary duýdurmak, ýüze çykarmak, olaryň öňüni almak we üstüni açmak, olaryň netijelerini aradan aýyrmak we günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek maksady bilen alnyp barylýar. Şeýle hem ol korrupsiýanyň ýüze çykmalaryndan gelip çykýan howplardan raýatlaryň hukuklaryny goramaga Türkmenistanyň milli howpsuzlygy, döwlet edaralarynyň, şonuň ýaly-da döwlet gullugynyň wezipelerini ýerine ýetirýän adamlaryň hem-de olara deňleşdirilen adamlaryň netijeli işini üpjün etmäge gönükdirilendir. Agzalan Kanunyň 2-nji maddasynda korrupsiýa

Adam hakdaky aladanyň aýdyň beýany

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ornuna uly ähmiýet berýär. Munuň şeýledigini geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyndan hem görmek bolýar. Bilşimiz ýaly, islendik ulgamda ösüş gazanmak üçin ýaş, öz işinden gowy baş çykarýan, döwrebap hünärmenler gerek. Ýaşlary zähmete höweslendirmek barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz şunuň bilen bagly Kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde hem möhüm wezipeleri goýdy. Şol wezipeleriň hatarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny dowam etdirmek işiň netijeli bolmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Çünki halypa diňe bir iş öwrediji däldir, ol gerek bolsa ýaş hünärmene özüniň paýhasly öwüt-ündewlerini hem ýetirip durmalydyr, bökdençlik bolan ýerinde ony goldamalydyr.

2020-nji ýyl: taryhyň röwşen sahypasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Biz geljekki ösüşlerimizi aýdyň görýäris, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň meýilnamalaryny ynamly düzýäris. Giň, köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen oýlanyşykly syýasatymyz geljege ynam bilen garamaga mümkinçilik berýär. Bagtyýar halkymyz 2021-nji ýyly — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny uly ynam, aýdyň maksatlar bilen garşylady. Bu ýyl, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, il-ýurt bähbitli uly üstünlikleriň, parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň ýyly bolar. Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris.

Maşgala mukaddesligi

Halkymyzda maşgalaly bolmak, maşgala mukaddesligini sarpalamak wajyp saýylýar. Her bir ene-ata perzendiniň watansöýüji, ile-güne haýyrly adamlar bolup ýetişmegi üçin, çaga heniz dünýä inen gününden aladalanýar, jemgyýetde ornuny tapmagyny, saýlap alan hünäriniň hakyky eýesi bolmagyny üns merkezinde saklaýar. Bu göräýmäge adaty mesele ýaly bolsa-da, halkyň, tutuş jemgyýetiň ykbalyna täsir edýän meseledir. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimiziň arassa, ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýeli bolmagy barada taýsyz tagallalary edýär. Milli Liderimiz ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. Çaga doglandan üç ýaşyna ýetýänçä döwlet kömek pulunyň berilmegi, on bäş ýaşy dolýança saglygy goraýyş hyzmatlarynyň mugt bolmagy, döwrebap çagalar baglarydyr orta mekdepleriň, sport we sagaldyş toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, bilim almaga we hünär öwrenmäge ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi nesil terbiýesinde ene-ata uly kömek-goldawdyr. Halkymyzda perzendiň dogulmagy iň uly bagta, döwletlilige deňelýär. Şonuň üçinem her bir çaganyň kemala gelmegi, jemgyýete gerekli adam bolup ýetişmegi hakyndaky alada esasy orunda durýar. Maşgalany goramagyň, çaga terbiýelemegiň tejribesi ýyllaryň dowamynda toplanylýar. Şonuň üçin hem her bir çaga irgözinden özbaşdak durmuşa gözükdirilse, pederlerimiziň durmuş tejribesine eýerilip, ýol-ýörelgelerinden ugur alynsa, geljekde maşgala bi

Iň çuň howuz

Polşanyň paýtagty Warşawadan uzak bolmadyk ýerde dünýäde iň çuň hem uly howuz ýerleşýär. Onuň çuňlugy 45,7 metre ýetýär, 8 müň kub metr suw sygýar. Gurluşygy iki ýyla çeken howuz suwda ýüzmegi öwrenýänler we suwa çümüjiler üçin niýetlenen bolsa-da, ajaýyplyklary özünde jemleýär. Onuň içinde dürli güýmenjeler hem göz öňünde tutulandyr. Suw astynda, 5 metr çuňlukda daş-töweregiň gözelligine syn etmek mümkinçiligi bolan dury ötelge, ähli amatlyklary özünde jemleýän myhmanhana otaglary we her hili şekilli hek ösüntgileri bolan gowak bar. Suwuň düýbündäki gark bolan gäminiň, gadymy maýýalaryň ybadathanasynyň görnüşindäki maketler hem täsindir. Öň dünýäde iň çuň howuz Italiýada ýerleşýärdi. Onuň çuňlugy 40 metrdir.

Merjen däneleri gözläp il söken...

Meniň bilen köp ýyl bäri gadyrly gatnaşyp ýören okumyş ýaşuly golaýda öz şahsy kitaphanasyndan birnäçe kitap sowgat berdi. Olaryň arasynda halk hazynasyny toplaýjy Ümür Eseniň 1994-nji ýylda çap edilen «Türkmen aganyň edebi» diýen kitaby-da bar eken. Elimi ilki şoňa uzadanymy duýman galdym. Kitabyň «Sözbaşysynda» meşhur mirasgär barada: «... dür dänelerini eşrepi ýaly görüp, uzak ýyllaryň dowamynda oňa güýç-kuwwatyny, duýgy-düşünjesini, akyl-paýhasyny sarp edip, «etek alty, ýeň ýedi» bolup, abyrsyz hazynany toplap, il-güne lükgeligi bilen gaýdyp bermegiň aladasy bilen ýaşaýan adama Ümür Esen diýýärler. Ol şol ady bilen Garaşsyz Diýarymyzyň her bir künjeginde tanalýar, hormatlanýar. Onuň irginsiz gözlegleriniň, hysyrdyly zähmetiniň netijesinde dörän, «Bäý-bä, türkmenem daş ýarýan akyl-paýhasly, inçeden yzarlaýan duýgy-düşünjeli halk eken-ow!» diýdirýän gazet-žurnal makalalaryny okamadyk, gürrüňlerini diňlemedik türkmen seýrek bolsa gerek» diýilýär.

Habarlar

Möhüm meýdan işleriKöneürgenç etrabynyň «Kyrkgyz» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şu ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga irgözinden girişdiler. Şu günler hojalygyň 16 sany kärendeçiler toparynyň babadaýhanlary ýerleri ýaz ekişine taýýarlaýarlar. Meýdan işlerini geçirmekde daýhan birleşiginiň kärendeçileri, mehanizatorlary, hünärmenleri tutanýerli zähmet çekýärler. Mehanizatorlardan Saparmät Aranow, Begençgeldi Pirjanow dagy gündelik tabşyryklary abraý bilen berjaý edýärler. Daýhan birleşiginde ýerlere gyş suwuny tutmaga hem taýýarlyk görülýär. Hojalygyň çägindäki 12 sany suw çykaryjy enjamlar abatlanyp, taýýar edildi. Şeýle-de gowaça meýdanlarynda çil çekmek, kölçelere bölmek işlerine girişildi. Häzirki möhüm meýdan işlerinde Aýnur Meredowa, Nurgözel Narlyýewa, Uzukjemal Italmazowa, Tagan Durdyýew, Gurbanmyrat Orazbaýew ýaly öňdebaryjy kärendeçiler oňat görelde görkezýärler. Gurbannepes TÄÇMEDOW,TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.

Gülki — göwün güli

Akylly hem akyldar Birinden:

Terbiýäniň endik usuly

Pederlerimiz ynsana baha berende, ilki bilen onuň edep-terbiýesini göz öňünde tutupdyrlar. Magtymguly Pyragy «Otur-turuşyn görüň» diýen goşgusynda bu barada şeýle diýýär: Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,Märekede otur-turuşyn görüň.Birew bilen aşna bolaý diýseňiz,Owal ykrarynda duruşyn görüň.

Dabaraly maslahatlar geçirildi

Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän ýaş esgerleriň gatnaşmaklarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen at bilen terbiýeçilik agşamy geçirildi. Ýaş esgerleriň syýasy sowatlylygyny artdyrmak, olara hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we parahatsöýüjilige esaslanýan daşary syýasy ugruny giňişleýin düşündirmek maksady bilen geçirilen terbiýeçilik agşamynda serkerdelerdir göreldeli esgerler çykyş etdiler. Olar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň amala aşyrýan hoşniýetli daşary syýasatynyň diňe bir ýurdumyzda hem-de sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagy maksat edinýändigini, şunuň bilen baglylykda milli Liderimiziň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlarynyň iri halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda giň goldawa eýe bolýandygyny buýsanç bilen aýtdylar. Çykyşlarda eziz Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi dogrusynda hem nygtaldy. Terbiýeçilik agşamynyň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaş esgerler ata Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgularyny okap ber

Harby etiket we onuň terbiýeçilik işindäki ähmiýeti

Uly ösüşleri başdan geçirýän bagtyýarlyk zamanamyzda adamzat ýaşaýşynyň kämilleşmegi bilen bir hatarda, özara gatnaşyklarda hem ruhy-ahlak ýagdaýlary esasy orna geçýär. Ahlaklylyk, milletine we gelip çykyşyna seretmezden, her bir halk üçin olaryň medeni we durmuşy gymmatlyklaryny ölçeýji ugur bolup durýar. Ençeme müňýyllyklary külterlän halkymyzyň adamzat gatnaşyklary babatda dünýä medeniýetine goşan goşandy ýokary adamkärçilikli, ahlakly we ynsanperwer sypatlary bilen aýratyn tapawutlandyrylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ajaýyp ýeňişleri bilen dünýä ýüzünde dabaralanýan Diýarymyzda halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän ruhy-ahlak ýörelgeleri, edim-gylymlary häzirki zaman medeniýetine laýyk derejesi bilen utgaşyp, dünýä çykýar. Bu bolsa etikanyň nusgalyk derejede ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Kesp, hünär we ýaş aýratynlygyna görä özboluşly mazmuna eýe bolýan etikanyň «harby etika» diýen ugry bolsa, harby gullukçylaryň ruhy, ahlak ýagdaýlaryny, gulluk we jemgyýetçilik ýerlerinde özlerini alyp baryşlaryny öwrenýär. Muňa giňişleýin düşünmek üçin, ozaly bilen etika düşünjesi barada söhbet etsek, dogry bolar. Etika — adamyň beýleki adamlara gatnaşygynyň daşky ýüze çykmalary bilen baglylykda özüňi ahlak taýdan dogry alyp barmagyň taglymatydyr. Onda daş-töweregiň bilen gatnaşyklar, ýüz tutmagyň w

Kasama wepaly merdana watançylar

Golaýda maýor Şöhrat Muhammetjumaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Ýaş esgerler Watanymyzyň mukaddes topragyny gözleriniň göreji kimin gorap saklajakdyklary barada öz ýürek buýsançlarynda belläp geçdiler. Harby kasam, eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza wepalylyk diýmekdir. Şonuň üçin hem, her bir harby gullukçy harby kasam kabul edip, özüne mukaddes jogapkärçiligi alýar. Kasamda ata Watany goramagyň mukaddes jümleleri jemlenendir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watany goramak borjunyň merdana pederlerimizden miras galan watançylyk parzymyzdygy baradaky gymmatly sözleri ýaş esgerleri harby gulluk borçlaryny ak ýürekden berjaý etmäge has-da ruhlandyrýar. Rena GURBANOWA,TÝG-niň gullukçysy.

Öňde möhüm maksatlar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde goýýan anyk maksatlary we wezipeleri düzümlerde tertipnamalaýyn işleri kämilleşdirmekde, täze iş usullaryny durmuşa ornaşdyrmakda möhüm ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Geçen ýylyň aýagynda döwlet Baştutanymyz bu meseleler bilen baglanyşykly geçiren iş maslahatynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri güýçlendirmek, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek, ýaş hünärmenleri zähmete höweslendirmek, zähmeti goramak, howpsuz iş şertlerini döretmek, halypa-şägirt gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri, okuw maslahatlaryny, duşuşyklary geçirmekligi aýratyn nygtady. Bular boýunça eýýäm welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri öz öňlerinde möhüm maksatlaryň birnäçesini kesgitlediler. Jumagül  AÇYLOWA,Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň kätibi:

Görki täsin mekan

Ajap eýýamyň nurana şäheri bolan Aşgabadyň gözel görki ýurdumyzyň aýdyň geljeginiň, döredijiligiň, ösüşiň we rowaçlygyň belent sepgitlerine ýetmeginiň ajaýyp nyşanydyr. Eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň nusgalyk mysaly ak mermerli paýtagtymyzyň keşbinde we durmuşynda jemlenýär. Aşgabat bu gün täze gurluşyklarynyň gerimi hem-de ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar.

Ajaýyplyga beslenen nurana günler

Her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenýän eziz Diýarymyzda mähriban türkmen halkymyz ýagşy umyt-arzuwlar we zähmet üstünlikleri bilen täze, 2021-nji ýyly mynasyp garşylady. Bilşimiz ýaly, 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlara baý ýyllaryň biri bolup, bu ýylda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden kemala gelen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XII tomy, şeýle hem «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplary halkymyza mynasyp sowgat boldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz bu kitaplarynda halkymyzyň dünýä nusgalyk parahatçylyk söýüji asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini giňden beýan etmek bilen, milli däp-dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, ýaş nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň Watan goragçylaryna bagyşlap ýazan watansöýüjilige, beýik ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp kitaplary harby gullukçylary ýokary düzgün-tertipli, mukaddes harby kasama, harby borja wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ata-babalarymyzyň merdanalygy, gaýratlylygy, synmaz ruhy siňen kitaplar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm u

Maslahat geçirildi

4-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygarynyň yglan edilmegine bagyşlanan maslahat geçirildi. Dabaraly çärä Mejlisiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen tassyklanan bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de syýasy partiýalardan gelip gowşan köp sanly teklipler nazara alnyp öňe sürüldi.

Ak şäherimiz — ak bagtymyz

Taryhyň has irki döwürlerinde hem şähergurluşygynda dünýäde uly meşhurlyk gazanan halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alan gadymy binagärlik däpleri bilen ylmyň we tehnikanyň täze gazananlarynyň utgaşmagyndan kemala gelýän gözel paýtagtymyzyň özboluşly täsin keşbi ähli halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly amala aşyrylýan işleriň ýokary depginini üpjün etmek, şäheri abadanlaşdyrmak, ulanmaga berilýän desgalary talabalaýyk saklamak, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga beslemek, ilata edilýän durmuş we medeni hyzmaty döwrüň talabyna laýyk ýokary derejede guramak, arassaçylygy üpjün etmek babatda bitirilýän toplumlaýyn işleriň baş şäherimiziň bedew batly ösüşinde ähmiýeti örän ýokarydyr. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygynyň rowaçlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bu gün diňe bir sebite däl, bütin dünýä şugla saçýar. Şunda bu belent dereje bilen bagly baş şäherimizde amal edilýän beýik işleriň ähmiýeti has ýokarydyr. Çünki şol belent maksatlaryň badalgasynyň öz gözbaşyny ak şäherimizden alýanlygy aýratyn buýsandyryjydyr. Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde ak şäherimiz Aşgabat häzirki wagtda dünýäniň halklaryny agzybirlige, parahatçylyga, durnukly ösüşlere çagyrýan, bu mukaddeslikleri dabaralandyrýan halkara der

Abadançylygyň gözbaşy

Şu günler howanyň sowamagy bilen baglylykda ähli ýerlerde otaglary ýyladyjy elektrik we gaz enjamlary örän köp ulanylýar. Şeýle bolansoň, otaglary ýyladyjy elektrik-gaz enjamlarynda dürli näsazlyklar esasynda ýangyn döremek howpunyň ýüze çykmak ähtimallygynyň bardygyny unutmaň. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmeklige çagyrýar. Aýratyn üns berilmeli zat hem, soňky wagtda giňden ýaýran elektrik we gaz enjamlaryny gurnamak, olarda bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek ýörite hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilip, elektrik, gaz geçiriji özbaşyna aýratynlykda geçirilip, olaryň ugrunda awtomatiki goraýjylarydyr gaz geçirijini ýapyjy nurbatlary oturtmagy unutmaly däldir. Ýyladyjy peçleriň saz işleýşini barlamaly, şeýle-de peçleriň tüsseçykarlaryny gurumlardan öz wagtynda arassalamaly. Peçlere barýan gaz geçirijiler demir turbalar arkaly geçirilmeli. Gaz peçleri çendenaşa gyzdyrmak, töwereginde geýimleri guratmak we beýleki ýanyjy öý goşlary goýmak, işjeň ýagdaýda gözegçiliksiz galdyrmak gadagan. Gaz-elektrik plitalarynda nahar ataryp, gözegçiliksiz galdyrmak ýa-da kiçi ýaşly çagalara gözegçilik etmegi tabşyrmak talabalaýyk däldir. Näsaz we emeli usulda ýasalan gyzdyryjy gaz, şeýle hem elektrik enjamlaryny ulanmaly däl. Elektrik gyzdyr