Maşgala mukaddesligi

7 Ýanwar 2021
2334

Halkymyzda maşgalaly bolmak, maşgala mukaddesligini sarpalamak wajyp saýylýar. Her bir ene-ata perzendiniň watansöýüji, ile-güne haýyrly adamlar bolup ýetişmegi üçin, çaga heniz dünýä inen gününden aladalanýar, jemgyýetde ornuny tapmagyny, saýlap alan hünäriniň hakyky eýesi bolmagyny üns merkezinde saklaýar. Bu göräýmäge adaty mesele ýaly bolsa-da, halkyň, tutuş jemgyýetiň ykbalyna täsir edýän meseledir. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetimiziň arassa, ösüp gelýän ýaş nesliň terbiýeli bolmagy barada taýsyz tagallalary edýär. Milli Liderimiz ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen işleri durmuşa geçirýär. Çaga doglandan üç ýaşyna ýetýänçä döwlet kömek pulunyň berilmegi, on bäş ýaşy dolýança saglygy goraýyş hyzmatlarynyň mugt bolmagy, döwrebap çagalar baglarydyr orta mekdepleriň, sport we sagaldyş toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, bilim almaga we hünär öwrenmäge ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi nesil terbiýesinde ene-ata uly kömek-goldawdyr.

Halkymyzda perzendiň dogulmagy iň uly bagta, döwletlilige deňelýär. Şonuň üçinem her bir çaganyň kemala gelmegi, jemgyýete gerekli adam bolup ýetişmegi hakyndaky alada esasy orunda durýar. Maşgalany goramagyň, çaga terbiýelemegiň tejribesi ýyllaryň dowamynda toplanylýar. Şonuň üçin hem her bir çaga irgözinden özbaşdak durmuşa gözükdirilse, pederlerimiziň durmuş tejribesine eýerilip, ýol-ýörelgelerinden ugur alynsa, geljekde maşgala binýadynyň berk bolmagy gazanylar. Bu barada durmuş tejribesi ýetik eneleriň, ýaşulularyň gatnaşmaklarynda geçirilýän dürli çäreler hem oňyn netijesini berýär.

Maral ABAŞEWA,
Balkanabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň maşgala bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar