Ajaýyplyga beslenen nurana günler

6 Ýanwar 2021
1756

Her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenýän eziz Diýarymyzda mähriban türkmen halkymyz ýagşy umyt-arzuwlar we zähmet üstünlikleri bilen täze, 2021-nji ýyly mynasyp garşylady. Bilşimiz ýaly, 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy pursatlara baý ýyllaryň biri bolup, bu ýylda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan we ýiti zehininden kemala gelen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XII tomy, şeýle hem «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplary halkymyza mynasyp sowgat boldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz bu kitaplarynda halkymyzyň dünýä nusgalyk parahatçylyk söýüji asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini giňden beýan etmek bilen, milli däp-dessurlarymyza, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, ýaş nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär.

Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem hormatly Prezidentimiziň Watan goragçylaryna bagyşlap ýazan watansöýüjilige, beýik ynsanperwerlige ýugrulan ajaýyp kitaplary harby gullukçylary ýokary düzgün-tertipli, mukaddes harby kasama, harby borja wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ata-babalarymyzyň merdanalygy, gaýratlylygy, synmaz ruhy siňen kitaplar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruny amala aşyrýan, Watan goragyny mukaddes borç hökmünde kabul eden harby gullukçylar üçin gymmaty egsilmeýän durmuş we terbiýe mekdebidir. Hut şonuň üçin hem harby gullukçylarymyz ol gymmatly kitaplary özleriniň ýankitaplaryna öwürmek arkaly, gündelik durmuşda, harby gulluk işinde giňden peýdalanýarlar.

Guwanç DÖWLETSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar