Kasama wepaly merdana watançylar

6 Ýanwar 2021
2004

Golaýda maýor Şöhrat Muhammetjumaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde çagyryş boýunça harby gulluga gelen esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Ýaş esgerler Watanymyzyň mukaddes topragyny gözleriniň göreji kimin gorap saklajakdyklary barada öz ýürek buýsançlarynda belläp geçdiler. Harby kasam, eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza wepalylyk diýmekdir. Şonuň üçin hem, her bir harby gullukçy harby kasam kabul edip, özüne mukaddes jogapkärçiligi alýar. Kasamda ata Watany goramagyň mukaddes jümleleri jemlenendir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watany goramak borjunyň merdana pederlerimizden miras galan watançylyk parzymyzdygy baradaky gymmatly sözleri ýaş esgerleri harby gulluk borçlaryny ak ýürekden berjaý etmäge has-da ruhlandyrýar.

Rena GURBANOWA,
TÝG-niň gullukçysy.

Jumamyrat TAGANNIÝAZOW,
maýor.
Beýleki habarlar