"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişen güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl dolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi. Mälim bolşy ýaly, watandaşlarymyzyň millionlarçasy konstitusion hukuklaryndan peýdalanmak we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçirilen saýlawlarda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ses berdi. Şu gün bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişen güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl dolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi. Mälim bolşy ýaly, watandaşlarymyzyň millionlarçasy konstitusion hukuklaryndan peýdalanmak we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçirilen saýlawlarda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ses berdi. Şu gün bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Halklary we kalplary ýakynlaşdyrýan baýram

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Nowruz baýramynda agzybirlik we şahandazlyk däpleri jemlenýär. Bu baýramçylykda birek-birege myhmançylyga barlyp, duz-tagam dadylýar, öýke-kineler unudylýar. Nowruz baýramy köp öwüşgünliligi, taryhy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygy hem-de ruhy däp-dessurlary özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Semeni taýýarlamak bu baýramyň iň esasy dessurlarynyň biridir. Nowruz saçagynyň semeni tagamy bilen bezelmegi — bagtyýarlygyň, duzuň, unuň guýulmagy — nesil dowamatynyň nyşany hasaplanýar. Semeniniň zaýalanmazlygy üçin ony ene-mamalarymyz agaç tabaklarda, syrçaly küýzelerde saklapdyrlar.

Ösüşli menziller rowaçlanýar

 Ösüşleriň hem-de rowaçlyklaryň dabaralanýan ajaýyp zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümizi buýsançly wakalar, ykbal özgerdiji beýik işler gurşap alýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem  ýaşaýyş-durmuşymyzy hil taýdan täze derejelere göterýän beýik tutumlara beslenýär. Şonuň ýaly köptaraplaýyn tutumlar merdana halkymyzyň röwşen geljeginiň mizemez kepiline öwrülmek bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň agzybir halkyna, eziz ýurduna bolan nusgalyk söýgi-sarpasynyň, çäksiz buýsanjynyň hem-de halkymyzyň asyrlar boýy eden arzuwlarynyň, belent maksat-tutumlarynyň dowamat-dowamdygynyň subutnamasydyr. Şonuň üçin taryhy döwürde hem ata Watanymyzy mundan beýläk hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uzak geljege gönükdirilen iri möçberli taslamalar üstünlikli dowam etdirilýär. Röwşen gelejegimize bolan mizemez ynamymyzy öňküden hem pugtalandyrýan, ynsanperwer tutumlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine netijeli itergiler berýän beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimizi aýdýarys.

Ruhubelentlige beslendi

Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet öýünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşler we öňde durýan wezipeler» ady bilen geçiren maslahatymyz ruhubelentlige beslendi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen uly işleriň amala aşyrylýandygy, döwlet  Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň abraýynyň dünýä ýüzünde belent derejelere göterilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Hususyýetçilik — ösüşiň möhüm ugry

Düýn Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz ikinji iş güni bilen dowam etdi. Bu foruma hususyýetçileriň köp sanlysy gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri, önümleridir hyzmatlary, gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar. Birleşmäniň agzalarynyň düýn geçirilen maslahatynda bolsa täze taryhy döwürde türkmen telekeçileriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gözden geçirilişiň çäklerinde «Saraýan» hojalyk jemgyýetiniň, «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynyň lybaslarynyň görkezilişi sergä gatnaşyjylardyr myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Forumyň ikinji gününde köpöwüşginli pawilýonlaryň eýeleri ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz düzümini giňeltmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler. Biz ýurduň «altyn gaznasyna» deňelýän hususy pudagyň wekilleriniň birnäçesiniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Muhammetguly OJAROW,«Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

Bagtyýar durmuşyň röwşen ýoly

Halkymyzyň söwer Ogly Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurt hem dünýä üçin taryhy hyzmatlary bitirýär Milli Liderimiziň türkmeniň aňyrdan gelýän uly tejribesine daýanyp guran döwletlilik ýoluny Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam etdirýär. Bu ýol milleti röwşen geljege alyp barýar. Elbetde, bu — asla ýeňil bolmadyk taryhy wezipe. Örän uly paýhasy, giň düşünjäni, çyn yhlasy, berk ynamy, är gaýratyny talap edýär. Öz saýlan perzendiniň berkarar döwlete baştutanlyk etmegi bilen, halkymyz şöhratly menzillere ýetýär.

Döwrebap söwda merkezi

Toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýakymly nurana ýaz gününde demirgazyk welaýatyň merkezi Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde gurlan «Derkar» söwda merkeziniň owadan binasy ulanmaga berildi. Täze eýýamyň döredijilik ruhunda günsaýyn gözelleşýän şäheriň S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän söwda merkeziniň açylyş dabarasy şatlykly pursatlara, hoş owazly aýdym-sazlara beslendi. Dabara gatnaşan il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, telekeçiler, şäheriň ýaşaýjylary söwda merkezine aýlanyp gördüler, söwda hyzmatynyň guralyşy, telekeçileriň öndürýän dürli görnüşli harytlarynyň ilata elýeterli bahalardan hödürlenmegi üçin döredilen şertler bilen tanyş boldular.

Täze kärhana işe girizildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginde poliefir we polipropilen süýümlerini öndürýän önümçilik kärhanasy ulanmaga berildi. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek babatdaky döwlet tabşyryklaryna döredijilikli zähmet bilen jogap bermegi baş ýörelge edinen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Berk önüm» hususy kärhanasy işleriniň örüsini barha giňeldýär. Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginde gurlan hususy kärhana «Berk önümiň» öz serişdeleriniň hasabyna bina edildi. Onuň gurluşygy «Dana çözgütler» hususy kärhanasynyň potratçylygynda alnyp baryldy.

SÜÝTLI ZEBRA PIROGY

Özüniň süýji tagamy, owadan görnüşi bilen meşhur piroglaryň biri hem «Zebra» pirogydyr. Ony dürli usullar bilen taýýarlamak mümkin. Köplenç, öý bikeleri onuň süýtli görnüşini saýlaýarlar. Žurnalyň bu gezekki sanynda «zebranyň» süýtli görnüşiniň taýýarlanyş usulyny paýlaşmagy makul bildik. GEREKLI ÖNÜMLER:

Täze jaý ― ajap döwürden serpaý

13-nji martda welaýatymyzda geçirilen iri dabaralar bagtyýar watandaşlarymyzyň her birinde çäksiz şatlyk duýgularyny döretdi. Taryha şan beren wakalaryň gurşawynda welaýat merkezinde ýene-de 36 maşgalanyň ähli amatlylyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelmegi aýratyn bellärliklidir. Şeýlelikde diňe şu aýyň özünde welaýat merkezimizde täze jaýlardan paýly bolan bagtyýar maşgalalaryň sany 100-den geçdi. Munuň özi galkynyşly döwrümiziň ildeşlerimize bagyşlaýan belent bagtynyň bir parçasydyr. Ajaýyp döwrümizde ömrüniň iň uly arzuwlarynyň birine gowşup, täze jaýlara göçüp barýan watandaşlarymyz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

LATEST ENGLISH LANGUAGE TEACHING TRENDS

By the tireless efforts of the National Leader of the Turkmen people Hero Arkadag and esteemed President Hero Arkadagly Serdar learning foreign languages at all levels of education has gained great popularity due to the high requirements and realities of our time. The active integration of our country into the world community and large-scale international cooperation, including through information and communications technologies, require language skills and training of diversified specialists who speak foreign languages, highly qualified translators and linguists. Proceeding from this, all the necessary conditions and wide opportunities have been created for the younger generation in our country to receive education, develop their creative abilities and scientific potential.

ÜSTÜNLIGIŇ SYRY ZÄHMETDE

Her bir ynsan öz arzuwlary bilen ýaşaýar. Diňe çagalaryň däl, eýsem uly ýaşlylaryň hem öz göwünlerinde beslän arzuwlaryna ýetmek üçin maksatlary bar. Kiçijigem bolsa üstünlik gazanmak adamzadyň arzuwdyr islegleriniň assa-ýuwaş amala aşyp barýandygynyň bir alamatydyr. Üstünlik biziň arzuwlarymyza ýetmegimiz üçin iň wajyp bolan basgançagymyz diýsek, nädogry bolmasa gerek. Üstünlik gazanmak üçin adamyň diňe arzuw etmegi ýeterlik däldir. Eden arzuwyňy amala aşyrmak üçin birnäçe kynçylykly ýollardan geçilmeli. «Herekete – bereket» diýlişi ýaly, näçe köp zähmet çekseň, şonça tiz seniň islegleriň hasyl bolar, üstünlik gülüp bakar. Ýöne esasy zatlaryň biri, arzuwlaryň hasyl boljakdygyna, ilki bilen, seniň özüň ýürekden ynanmagyň gerek. Islendik işiň başyna barlanda-da, etjek bolýan işiň ugruna boljakdygyna berk ynanmagyň gerek.

HALK PEDAGOGIKASYNDA NESIL TERBIÝESI

Halk pedagogikasy (etnopedagogika) uzak taryhymyzyň dowamynda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermegiň esasy bolup gelipdir. Ýyllaryň tejribesi, asyrlaryň synagy halk pedagogikasyny kämilleşdiripdir. Halk pedagoglary — şahyrlar, bagşylar, ata-eneler, ussalar, zähmetkeşler, ýaşulular öz «okuwçylarynyň»—ýaşlaryň, ýetginjekleriň, il-halkyň akyl, ahlak taýdan dogry terbiýelenmeginde möhüm orun eýeläpdir. Ata-babalarymyz terbiýe meselesinde çaganyň ýaş aýratynlygyny hem göz öňüne tutupdyrlar. «Gamşy gowşak tutsaň, eliňi gyýar», «Çagany—ýaşdan...», «Çaga eziz,edebi ondanam eziz» diýen ýaly nakyllar halkymyzyň ýaş nesliň terbiýesi bilen bagly meselä berk, jogapkärli çemeleşendigini görkezýär. Türkmenleriň çagasöýüji halk bolandygyny başga halklaryň wekilleri, syýahatçylar öz ýazgylarynda haýran galyjylyk bilen belläp geçipdirler. Hatda türkmen halk döredijilik eserlerinde — dessanlarda, rowaýatlarda, hüwdülerde, nakyllarda halkymyzyň çaga bolan söýgüsi açyk-aýdyňlygy bilen duýulýar. «Bal süýji, baldan-da — bala», «Çagaly öý—bazar, çagasyz öý—mazar» diýen ýaly birnäçe nakyllar munuň aýdyň mysallarydyr. Emma öz söýgüsine berk bolmagynyň çaganyň geljekde maşgalasyna, Watanyna mynasyp perzent bolup ýetişmegine ýardam edýändigini durmuş tejribesi subut edipdir. Terbiýe maşgaladan başlanýar, jemgyýetde bolsa dowam edýär, berkeýär. Her bir maşgalada alnan görüm-göreldäniň, öwüt-ündewiň dogry bolm

A WINDOW ON CHILDREN’S INDEPENDENT READING

Large-scale work is being done in Turkmenistan on the initiative of the national leader of our country to modernise the national education system and develop and raise university science to the level of developed states. Science and education are what the people accumulated for thousands of years and passed down from one generation to another; they are our invaluable heritage. Our esteemed President creates all opportunities for young generations to be well-educated, broadminded, spiritually rich and physically healthy. The Law on Education was adopted in the framework of large-scale state support. The intensive construction of children’s preschool establishments, secondary schools and higher educational institutions are carried out throughout the country. The latest information and communication technologies are introduced into the educational system to improve the quality and effectiveness of the teaching process. Schools and universities are equipped with modern computers and multimedia teaching tools. Reading is the process of looking at a series of written symbols and getting meaning from them. When we read, we use our eyes to receive written symbols (letters, punctuation marks and spaces), and we use our brain to convert them into words, sentences and paragraphs that communicate something to us.

POLAT ALAWDA TAPLANÝAR

Daň saz bermänkä çekijiň sandala degip çykarýan owazy töwerek-daşy ukudan oýardy. Boldumsaz şäheriniň eteginde ýerleşýän ussahananyň degre-daşynda janlanyş peýda boldy. Ilkinji «zarňyldyly» owazdan ürken guşjagazlar birbada güsürdeşip gürre göge göterildi-de, ussahananyň depesinde bir öwrüm etdiler. Olar çekijiň yzygiderli urgularyndan özlerine hiç hili garaw ýokdugyny aňan ýaly ýene baglaryň şahalaryna gondular. Hamala guşlar özlerinden öňürdip täze dogup gelýän Güni töwerek daşa çekijiň sesi bilen buşlaýan demirçi ussalardan nägile bolýan ýaly «jagyr-juguryny» has-da güýçlendirdiler. Daş işikde peýda bolan Batyr aga her säheri şu ahwal bilen garşy almagy endik edipdi. Il içinde idegli demir ussasy, ökden alçy diýlip tanalýan Batyr Durdymedowyň ussahanasynda indi ençeme wagtdan bäri ogullary Möwlamberdidir Jepbarberdi zähmet çekýär. Olar her gün dünýä ýagtylmanka sandaldyr körügiň başynda häzir bolýarlar. Batyr aga halypasy Hudaýar ussadan, babasy Aman ussadan öwrenen hünärini ogullarynyň dowam etdirýändigine her daýym buýsanýardy.

GARAŞYLMADYK TOÝ

«640-njy gün. Soňky hat». Muny esger ýandepderçäme belläpdirin. Laýyk mundan üç aý ozal, bu senden gelen soňky hatdy. Dogrusy, meniň özüm şuny–harby gulluk borjumyň galan üç aýyny okuw geçirmeli bolup, indi hat ýazmazlygyňy isläpdim. Üç aýdan soňra harby gullugy tamamlap, öýe baranymda ýüzbe-ýüz görşeris, gürleşeris diýip haýyş edipdim. Sen hem Watan gullugynyň has möhümdigini nygtap, garşy bolmandyň. Kakamyň diýşi ýaly, sanalgy gün tiz geçýär eken. Otlymyz ýüregimiziň sesine ses goşup, ýola düşdi. Mundan beýläk her ädim seni maňa has golaýlaşdyrýardy. Köpçülik, otlymyzyň bagşysam, şahyram, şahandazam  ýetikdi. Her kim bir zatda: sazanda sazynda, bagşylar heňe salyp, şahyr goşgularynda, suratçylar çeken suratlarynda öz duýgularyny, harby gullukda geçilen iki ýyllyk döwri, kä agyr, kä ýeňil, käte begençli pursatlary beýan edip gelýärdi...

TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi we maslahaty

17-nji martda paýtagtymyzyň Söwda- senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, berkarar döwletimizi, arzuw eden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän bu giň möçberli sergi milli ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýan kuwwatyny, saçaklarymyzyň berekedini, bazarlarymyzyň bolçulygyny açyp görkezýär.

Bazar gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi — Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy

17-nji martda Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezýän üç günlük giň gerimli sergi açyldy. Onuň çäklerinde maslahatyň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan bu çäreler türkmen işewürleriniň tejribesini, üstünliklerini we mümkinçiliklerini, hususy pudagyň milli maksatnamalary, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň innowasion ösüşine, bäsdeşlige ukyply hem-de eksport ugurly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmäge goşýan uly goşandyny açyp görkezýär.

«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi açyldy

Düýn, 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde dabaraly sergi hem-de maslahaty öz işine başlady. Soňra bu baýramçylyk çäresiniň dowamy paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze «Arkaç» söwda-dynç alyş merkeziniň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen utgaşdy.