Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişen güni mynasybetli baýramçylyk konserti

20 Mart 2024
354

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl dolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi.

Mälim bolşy ýaly, watandaşlarymyzyň millionlarçasy konstitusion hukuklaryndan peýdalanmak we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçirilen saýlawlarda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ses berdi. Şu gün bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Surata düşüren Hasan MAGADOW.
Beýleki habarlar