Halklary we kalplary ýakynlaşdyrýan baýram

19 Mart 2024
343

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Nowruz baýramynda agzybirlik we şahandazlyk däpleri jemlenýär. Bu baýramçylykda birek-birege myhmançylyga barlyp, duz-tagam dadylýar, öýke-kineler unudylýar. Nowruz baýramy köp öwüşgünliligi, taryhy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygy hem-de ruhy däp-dessurlary özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Semeni taýýarlamak bu baýramyň iň esasy dessurlarynyň biridir. Nowruz saçagynyň semeni tagamy bilen bezelmegi — bagtyýarlygyň, duzuň, unuň guýulmagy — nesil dowamatynyň nyşany hasaplanýar. Semeniniň zaýalanmazlygy üçin ony ene-mamalarymyz agaç tabaklarda, syrçaly küýzelerde saklapdyrlar.

Şirin HALMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar