"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» türk dilinde

Ýakynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşk toplumynda ýerleşýän Prezident kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türk diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem-de Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde guralan çäre Ankarada işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny, dostlukly ýurduň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkiýede kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekillerini, talyp ýaşlary bir ýere jemledi. Dabaranyň başynda gatnaşyjylara ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Durmuş ugurly syýasatyň dabaralanmasy

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanyşa girizilen gününde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan we saglyklaryny dikelden Türkmenistanyň ýaşajyk raýatlarynyň gatnaşmaklary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisi boldy. Bagtyýar çagalar we olaryň ene-atalary öz çykyşlarynda saglyklaryny dikeltmekleri, şadyýan durmuşda doly derejeli ýaşamaklary babatda döredilen mümkinçilikler, döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine durmuşa geçirilýän beýik işler üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu çagalara döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesi — Türkmen bedewiniň milli baýramy

Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasydyr. Hut şonuň üçinem biz bedewlerimizi ösüşiň hem-de bagtyň alamaty hasap edýäris. Çünki taryhyň gatlarynda bolup geçen ähli wakalara bedewlerimiz gönüden-göni dahylly bolmasa-da, olary bedewsiz göz öňüne getirmek kyndyr. Bedew baradaky düşünje biziň durmuşymyzda düýpli orun alandyr. Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç. * * *

Dünýä we Magtymguly

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tbiliside iş saparynda boldy. Onuň çäklerinde türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat, hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy we Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan maslahat dostlukly ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerini, Tbiliside akkreditirlenen diplomatlary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, beýik söz ussadynyň eserlerinde Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyga çagyryş ýaly umumadamzat gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.

Berkararlyk buýsanjy

Taryhy wakalar we şanly seneler bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň arzuwlan berkararlygynyň baýramy bolan Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününe mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýän her bir günümiz ýokary watansöýüjilik duýgusyna beslenýär. Sebäbi bu baýramyň şanyna her ýyl geçirilýän dabaralar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gazanylýan üstünliklere bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 19-njy aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary hem-de çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmeniň baýlygy we guwanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda, ýokarlandyrmakda gazanan uly üstünlikleri, ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda geçen ýyl işlenip taýýarlanylan strategik hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasynyň” ähmiýetini belledi. Ol energetikada, himiýa senagatynda, obasenagat toplumynda, Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky ulag geçelgesinde, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde, suw hojalygyny döwrebaplaşdyrmakda we beýleki ugurlar boýunça taslamalary özünde jemleýär. Söhbetdeşler German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti arkaly nemes kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmakda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek hem-de türkmen bazaryna täze maýa goýumlary çekmek üçin geljekde-de hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanýandyklaryny tassykladylar.

At — myrat

Amanmyrat MUHAMMEDOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýsi, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy:

Türkmen atşynaslyk mekdebi: milli ýörelgeler we dünýä tejribesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri — bedew batly ösüşleriň, beýik işleriň zamanasy. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň tomsunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň ilkinji tapgyrynyň açylmagy täze taryhymyzyň şöhratly wakalarynyň birine öwrüldi. Köp sanly durmuş-medeni maksatly binalary özünde jemleýän «akylly» şäherde ylym-bilim ulgamyna degişli binalaryň hem mynasyp orny bar. Şöhratly ahalteke bedewleriniň ýetişdirilen gadymy topragynda binýat tutan bu şäherde atçylyga degişli desgalaryň birnäçesiniň bolmagy özboluşly mana eýedir. Bu ýerdäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bolsa sebitde hut şu ugra ýöriteleşdirilen ilkinji ýokary okuw mekdebidir. Biz Türkmen bedewiniň milli baýramyna döwlet derejesinde taýýarlyk görülýän günlerde bu ýokary okuw mekdebinde myhmançylykda bolup, baýramçylyk aladalary bilen ýerinde tanyşmagy makul bildik. Bu ajaýyp baýramçylyga görlen taýýarlyk hem-de ýokary okuw mekdebinde döredilen döwrebap şertler, alnyp barylýam işler barada akademiýanyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy Pygy BAÝRAMDURDYÝEW şeýle gürrüň berdi: — Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bedew baýramyna görülýän taýýarlyk bilen tanyşdy. Şu ýyl ýurdumyzda h

Ýyndamlygyň we gözelligiň çeper keşbi

Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ahalteke bedewiniň gaýtalanmajak keşbi, häsiýeti, duýgurlygy döredijilik we sungat işgärlerini ajaýyp eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan ahalteke atlary ynsanyň döredijilik paýhasynyň tebigaty bilen utgaşyklykda döredilýän gözelligiň hem-de sazlaşygyň iň ýokary derejesini alamatlandyrýar. Hut şoňa görä-de, ynsan gylykly bedewler Türkmenistanyň häzirki döwrüniň nyşany, belent maksatlaryň dabaralanmagynyň, joşgunly zähmetiň hem-de ösüşlere tarap maksada okgunlylygyň nusgasy bolup durýar.

Heňňamlaryň jümmüşine syýahat

Taryhy şahsyýetlerimiziň tirsegine galdyrylyp, däp-dessurlarymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylýan zamanasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby her birimiziň ylham çeşmämize öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda ata Watanymyza arşy-agladan nuruň ýagandygy, dünýäni ýagtyltjak pikir-taglymatlaryň beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýändigi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýändigi bellenilýär. Şeýle hem müňýyllyklary öz içine alýan gadymy Änewiň birnäçe dünýä medeniýetleriniň emele gelmegine ýetiren täsiri baradaky taryhy maglumatlar getirilýär.

Nusgalyk ynsanperwerlik ýörelgesi

Häzirki wagtda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk dünýäde halklaryň özara düşünişmegini goldamakda, syýasy we ykdysady gatnaşyklar üçin amatly ýagdaýy döretmekde möhüm gural bolup durýar. Bu ugurda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde eýeleýän orny nusga alarlykdyr. Halkymyzyň taryhyň dowamynda barha kämilleşdirip gelen we dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerine hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna eýerip, goňşy ýurtlara ugradylýan ynsanperwerlik kömekleri muňa şaýatlyk edýär. Döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasaty hoşniýetli daşary syýasatymyzyň binýady bolup durýar. Ynsanperwerlik adamyň durmuşyny we saglygyny goramaga gönükdirilýär, adam mertebesiniň hormatlanmagyny üpjün edýär. Beýik ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine üýtgewsiz eýerip, ýagşylyk etmek, rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky taglymatlaryny goldanyp, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga çalşyp, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek bilen, ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezýär.

Şöhratly geçmişden şanly geljege

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Her bir halk özüniň taryhy bilen şöhratlanýar, türkmen halkynyň baý taryhy bolsa häzirki döwrümizde döwletimize şan-şöhrat, halkymyza uly abraý getirýär. Türkmeniň taryhyny anyk maglumatlar esasynda çeper dilde beýan edýän bu täze kitapda diňe bir Änew medeniýeti barada söz açylmak bilen çäklenilmän, halkymyzyň durmuşy, asyrlaryň dowamynda gazananlary, zähmetsöýerligi, paýhaslylygy, sungaty hem öz beýanyny tapýar. Täze kitap döwlet Baştutanymyzyň geçmişimize bolan sarpasynyň, söýgi-buýsanjynyň alamaty bolmak bilen, ol her bir okyjy üçin halkymyzyň, ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Änew medeniýeti ylmy esasda öwrenilmäge juda mynasypdyr. Sebäbi orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy gülläp ösen şäherçä öwrülip, ol häzirki döwürde-de meşhur, täsinlige baý künjek hasaplanýar. Täze kitap hem Änew ýaly gadymy ojagy goýnunda jemleýän Türkmenistan döwletiniň müňýyllyklaryň dowamynda geçen menzillerinden, döwlet gurmagyň nusgasyny görkezen ata-babalarymyzyň agzybirlik taglymatyndan söz açýar.

Eşretli ýaşaýşyň kepili

Täze taryhy döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Berkarar döwletimizde gazanylýan ösüşler bagtyýar raýatlaryň agzybirlikde çekýän döredijilikli zähmetiniň miwesidir hem-de halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň ygtybarly kepilidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine götermek boýunça asylly başlangyçlar, halk bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Mähriban halkymyzyň joşgunly, tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde hem-de ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär» diýip nygtap geçmegi il-ýurt bähbitli işleriň rowaçlyga beslenýändigini subut edýär.

Gadymyýete gaýybana syýahat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýylymyz şöhratly ösüşi we gazanylýan uly üstünlikleri, rowaçlyklary, şanly wakalary bilen taryhyň altyn sahypalaryny bezeýär. Hormatly Prezidentimiziň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat bermegi hem taryhy bezän wakalaryň biri boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitaby bu gün ady dünýä ýaň salan Änew şäheriniň taryhy, medeniýetiniň aýratynlyklary, Änew medeniýetini ilkinjileriň biri bolup ykrar etdiren ägirtler hakyndaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýär.

Türkmeniň milli buýsanjy

Döwrümiziň, durmuşymyzyň ýaraşygy, halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedew atlarymyzyň şan-şöhraty ýyllar geçdigiçe barha belende göterilýär. «Ata yhlas edeniň ýedi arkasy ýamanlyk ýüzüni görmezmiş» diýen ynanja berk uýan ata-babalarymyz ynsan gylykly bedewlerini hemişe sarpalap gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sarpanyň arşa göterilýändigi bolsa aýratyn guwanylmaly hakykatdyr. «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýlip waspy ýetirilen, altyn-kümüş şaý-sepler bilen bezelen, şatlyk-şowhunly toý-baýramlaryň gelşigi bolup durýan behişdi bedewlere atlanan adamyň seri howalanyp, ruhy göterilýär. Bir zada örän begenende, «Atym çykan ýaly boldum» diýip, şatlygyny il-gün bilen paýlaşan pederlerimiz bedew atyny hiç haçan ýanyndan aýyrmandyr. Ajaýyp gylyk-häsiýetli bedewleri nusgawy şahyrlarymyz hem buýsançly wasp edip, olaryň öwgüsini kemsiz ýetiripdirler. Bu günki gün ol goşgular belent heňde ýaňlanýan aýdymlara öwrülip, adamlara ruhy lezzet paýlaýar.

Behişde deňelen bedew

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesi — Türkmen bedewiniň milli baýramy Türkmen bedewine gözi düşen her bir adam onuň deňinden biparh geçip bilmez. Deňsiz-taýsyz gözelligine maýyl bolup, üýtgeşik mähir bilen synlar. Bu bolsa halkymyzyň ynsan kalbynda iň bir näzik duýgyny oýaryp bilýän, özboluşly sungat derejesine göterilen şeýle ajaýyp milli baýlygynyň bardygyny aňladýar.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna

Köýnekçesi zer seçekli... Bilşimiz ýaly, ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewler türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Bütin dünýäniň atçylyk medeniýetiniň naýbaşy tohumlarynyň biri hasaplanýan ahalteke bedewleri merdana milletimiziň göz-guwanjyna, tapylgysyz hazynasyna deňelýär. Bu ýöne ýerden däldir. Ahalteke bedewleri türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolup gelipdir. Olar ajaýyp keşbi, gözelligi, gylyk-häsiýeti, düşbüligi hem-de syzgyrlygy bilen hem beýleki atlardan tapawutlanypdyr. Şonuň üçin hem türkmeniň milli derejesini belende göteren bedewler türkmeniň baş buýsanjy, baýlyk-genji hasaplanylýar.

Atym bar — bagtym bar

Halkymyz ähli döwürlerde bedewlere uly sarpa goýupdyr, olary myradyna, uçar ganatyna deňäpdir. Sebäbi türkmen halkynyň uly ösüşlere, belent derejelere ýetmeginde bedewleriň mynasyp ornunyň bardygyna şanly taryhymyz şaýat. Döwletimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde bu gün behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty ýedi yklyma doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary şeýle üstünligiň gözbaşy bolup durýar. Behişdi bedewlerimiz babatdaky şeýle nusgalyk tagallalar diňe bir olaryň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende götermäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmeniň seýisçilik we atşynaslyk sungatynyň, bedewleriň arassa ganly tohumyny gorap saklamak ýaly işleriň kämilleşdirilmegine hem düýpli itergi berdi.

Şöhratymyz, şanymyz ýelden ýüwrük bedewler

Balkan atçylyk sport toplumynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň at çapyşyklary geçirildi. Atçylyk sport toplumynyň öňündäki baýramçylyk ruhunda bezelen ajaýyp meýdançada guralan dabara türkmen toýlaryna mahsus ýokary ruhubelentlige beslendi. Giňden ýaýbaňlandyrylan medeni-sport çärelerinden, joşgunly ýaňlanan aýdym-sazlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar soňra gyzykly at çapyşyklaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler.