Türkmeniň milli buýsanjy

24 Aprel 2024
432

Döwrümiziň, durmuşymyzyň ýaraşygy, halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedew atlarymyzyň şan-şöhraty ýyllar geçdigiçe barha belende göterilýär. «Ata yhlas edeniň ýedi arkasy ýamanlyk ýüzüni görmezmiş» diýen ynanja berk uýan ata-babalarymyz ynsan gylykly bedewlerini hemişe sarpalap gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu sarpanyň arşa göterilýändigi bolsa aýratyn guwanylmaly hakykatdyr.

«Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýlip waspy ýetirilen, altyn-kümüş şaý-sepler bilen bezelen, şatlyk-şowhunly toý-baýramlaryň gelşigi bolup durýan behişdi bedewlere atlanan adamyň seri howalanyp, ruhy göterilýär. Bir zada örän begenende, «Atym çykan ýaly boldum» diýip, şatlygyny il-gün bilen paýlaşan pederlerimiz bedew atyny hiç haçan ýanyndan aýyrmandyr. Ajaýyp gylyk-häsiýetli bedewleri nusgawy şahyrlarymyz hem buýsançly wasp edip, olaryň öwgüsini kemsiz ýetiripdirler. Bu günki gün ol goşgular belent heňde ýaňlanýan aýdymlara öwrülip, adamlara ruhy lezzet paýlaýar.

Annamuhammet Mämmetgeldiýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysady bölüminiň müdiri, baş hasapçy.
Beýleki habarlar