Türkmen bedewiniň milli baýramyna

24 Aprel 2024
276

Köýnekçesi zer seçekli...

Bilşimiz ýaly, ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewler türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Bütin dünýäniň atçylyk medeniýetiniň naýbaşy tohumlarynyň biri hasaplanýan ahalteke bedewleri merdana milletimiziň göz-guwanjyna, tapylgysyz hazynasyna deňelýär. Bu ýöne ýerden däldir. Ahalteke bedewleri türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, kyn gününde syrdaşy bolup gelipdir. Olar ajaýyp keşbi, gözelligi, gylyk-häsiýeti, düşbüligi hem-de syzgyrlygy bilen hem beýleki atlardan tapawutlanypdyr. Şonuň üçin hem türkmeniň milli derejesini belende göteren bedewler türkmeniň baş buýsanjy, baýlyk-genji hasaplanylýar.

Beýleki habarlar