Atym bar — bagtym bar

24 Aprel 2024
419

Halkymyz ähli döwürlerde bedewlere uly sarpa goýupdyr, olary myradyna, uçar ganatyna deňäpdir. Sebäbi türkmen halkynyň uly ösüşlere, belent derejelere ýetmeginde bedewleriň mynasyp ornunyň bardygyna şanly taryhymyz şaýat.

Döwletimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde bu gün behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty ýedi yklyma doldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary şeýle üstünligiň gözbaşy bolup durýar. Behişdi bedewlerimiz babatdaky şeýle nusgalyk tagallalar diňe bir olaryň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende götermäge ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmeniň seýisçilik we atşynaslyk sungatynyň, bedewleriň arassa ganly tohumyny gorap saklamak ýaly işleriň kämilleşdirilmegine hem düýpli itergi berdi.

Güýçmyrat Ýagşyýew,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar