"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

«Mercedes-Benz» eletromobilleri öndürer

Germaniýanyň awtoulag öndürýän «Mercedes-Benz» kompaniýasy 2025 — 2030-njy ýyllarda elektromobilleri öndürýän zawodlaryň birnäçesini gurmagy meýilleşdirýär. Şol birwagtyň özünde kompaniýanyň käbir önümçilik kärhanalary elektrik ulaglarynyň önümçiligine ýakyn ýyllarda geçerler. Şeýle-de kompaniýa müşderileri üçin adaty hereketlendirijili awtoulaglary öndürmegini dowam etdirer. «Mercedes-Benz» 2022-nji we 2030-njy ýyllar aralygynda elektrik ulaglarynyň önümçiligine geçiş meýilnamasyna 40 milliard ýewro maýa goýar.

«Virgin Galactic»-iň ýyllyk girdejisi artdy

2021-nji ýylda älem syýahatçylygy bilen meşgullanýan Amerikanyň «Virgin Galactic» kompaniýasynyň girdejisi 1283% artdy. 2021-nji ýylyň jemi boýunça kompaniýanyň girdejisi ABŞ-nyň 3,29 million dollaryna barabar boldy. «Virgin Galactic» 2020-nji ýylda ABŞ-nyň 238 müň dollary möçberinde girdeji gazanypdy. Şeýlelikde, kompaniýanyň 2021-nji ýylyň dowamyndaky ösüş görkezijisi 1283%-e deň boldy. «Virgin Galactic» kompaniýasy suborbita älem syýahatyny we kiçi emeli hemralary uçurmagy amala aşyrýan «Wirgin Group» kompaniýalar toparynyň şahamçasydyr. «Wirgin Group» ýakyn geljekde müşderilerine orbital uçuşlary hem hödürlär.

«Sierra Wireless»-iň umumy girdejisi 24% ýokarlandy

Geçen hepde «Sierra Wireless» kompaniýasy önümlerine bolan uly islegiň we maýa goýumlaryň netijesinde umumy girdejisiniň 24% ýokarlanandygyny habar berdi. Kompaniýa zawodlarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrdy, şeýle-de Meksikada täze kärhanasyny işe girizdi. Häzirki wagtda «Sierra Wireless» kompaniýasynyň zawodlarynyň hemmesi müşderileriň routerlere we 4G – 5G ulgamlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin uly işleri alyp barýarlar. Bilermenler 2022-nji ýylda «Sierra Wireless»-iň girdejisiniň 20% ýokarlanmagyna garaşýarlar. Maglumat üçin, «Sierra Wireless» simsiz aragatnaşyk enjamlaryny öndürýän hem-de hyzmatlaryny üpjün edýän kompaniýadyr.

«Li Auto» iki çärýek yzly-yzyna girdeji gazanýar

Hytaýyň elektromobil öndürýän «Li Auto» kompaniýasy 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde ABŞ-nyň 1,63 milliard dollary möçberinde girdeji alandygyny habar berdi. Bilermenler ABŞ-nyň 1,56 milliard dollaryna barabar girdejä garaşýardylar. Elektromobilleriň söwdasy 156%, jemi girdeji bolsa 233% ýokarlandy. 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde kompaniýa 31000 töweregi elektrik ulagyny satmagy we söwdalaryny, takmynan, ABŞ-nyň 1,43 milliard dollaryna ýetirmegi meýilleşdirýär. Geçen birža söwdalarynda «Li Auto»-yň paýnamasynyň bahasy ABŞ-nyň 109,50 dollaryna deň boldy.

«Zeta Global» «Zeta 2025» atly täze ösüş meýilnamasyny yglan etdi

Bulut marketing tehnologiýalary bilen üpjün ediji «Zeta Global» korporasiýasynyň girdejisi 25% ýokarlanyp, ABŞ-nyň 458 million dollaryna ýetdi. Sanly marketinge bolan gyzyklanmalaryň artmagy bilen, «Zeta Global»-yň hyzmatlaryna has köp isleg bildirilýär. 2022-nji ýylyň ahyrynda «Zeta Global» ABŞ-nyň 540-550 million dollary möçberinde girdeji gazanmagy maksat edinýär. Mundan başga-da, «Zeta Global» «Zeta 2025» atly täze strategiki ösüş meýilnamasyny yglan etdi.

Öýjükli el telefon bazarynyň netijeleri

«Counterpoint» barlag geçirijileri 2021-nji ýylda öýjükli telefonlar boýunça netijeleri mälim etdiler. Öýjükli el telefon bazarynda birinji ýerde «Samsung» kompaniýasy durýar. Ýylyň dowamynda kompaniýa 270,7 million öýjükli el telefon satdy we satuwy 6% ýokarlandyrmagyň hötdesinden geldi. «Apple» hem öz bäsdeşine golaýlady we 237,9 million enjam satmagy başardy. «Xiaomi» 190,4 million el telefonyny ýerläp, satuwy 31% ýokarlandyrmak bilen ilkinji üçlügi jemledi. Görkezijilerden belli bolşy ýaly, «Apple»-niň we «Xiaomi»-niň satuw işleriniň netijeleri kompaniýalaryň özi üçin rekord bolup durýar. Bu barada «Counterpoint Research» habar berýär.

Ösüşiň wajyp şerti

Öňdengörüjilikli başlangyçlaryň, oýlanyşykly hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan ulag we aragatnaşyk toplumynda hem düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda aragatnaşyk ulgamynda hem ýokary depginli ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ykdysadyýetiň pudaklaryny tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de olary dolandyrmagy kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatyny has netijeli peýdalanmagyň esasynda halk hojalygyny ösdürmäge täze mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Arkadagymyzyň döwlet syýasatynda eziz Watanymyzda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesine we innowasiýalara daýanmak arkaly milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamynyň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmek, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine örän uly ähmiýet berilýär. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda»

Giňdir dünýä – geňdir dünýä

«7/24.tm», № 08 (91), 21.02.2022. BENGAL GAPLAŇLARY KÖPELÝÄR

Mag­lu­mat-aragatnaşyk tehnologiýalary

Ara­gat­na­şy­yk kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry­nyň ös­me­gi, mag­lu­mat alyş-çal­şy­ny üzül-ke­sil çalt­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Mag­lu­mat­la­ry iş­le­me­giň we ge­çir­me­giň hä­zir­ki za­man san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň peý­da­la­nyl­ma­gy mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, şeý­le hem ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni saz­la­şyk­ly ös­dür­me­giň çä­re­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­de tä­sir­li gu­ral hök­mün­de bar­ha uly äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Şo­nuň üçi­nem bi­ziň ýur­du­myz­da mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, hu­su­san-da, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, «Elekt­ron hö­kü­met» ul­ga­my­na ge­çil­me­gi­ ug­run­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­rip, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy döw­let­ler bi­len aýak­daş git­mek­de top­lum­la­ýyn iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Milli Lideri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len, 2018-nji ýy­lyň 30-njy no­ýab­ryn­da «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ka­bul edil­di.

Te­le­ke­çi Ja­red Isaak­man kos­mo­sa git­mek üçin taý­ýar­lyk gör­ýär

2021-nji ýyl­da ame­ri­ka­ly işe­wür Ilon Mas­kyň «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len kos­mo­sa gi­den mil­liar­der Ja­red Isaak­man bu ýyl ýe­ne-de kos­mo­sa git­mek üçin taý­ýar­lyk gör­ýär. Bu ba­ra­da eu­ro­news.com ýaz­ýar. Be­ýa­na­ta gö­rä, NA­SA-nyň Ken­ne­di kos­mos mer­ke­zin­den uçu­şy ama­la aşyr­jak te­le­ke­çi Ja­red bu sa­par has ýo­ka­ry or­bi­ta çyk­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Has dog­ru­sy, bu ge­zek­ki uçu­şyň be­ýik­li­gi 640 ki­lo­metr­den ge­çer. Isaak­ma­na «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri — Sa­rah Gil­lis we An­na Me­non, şeý­le hem ge­çen ýy­lyň güýz aý­la­ryn­da pen­si­ýa çy­kan har­by pi­lot ýol­daş bo­lar. To­par 5 gü­nüň do­wa­myn­da Dra­gon kap­su­la­sy­nyň ýo­kar­lan­ma­dyk be­lent­li­gin­de dün­ýä­niň da­şyn­dan aý­la­nar.

«Blue Bird» önüm­çi­lik kuw­wat­ly­ly­gy­ny art­dyr­ýar

Elekt­ro­kar ön­dür­ýän «Blue Bird» kor­po­ra­si­ýa­sy 2022-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gi­niň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, kor­po­ra­si­ýa­­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ren sar­gyt­la­ry (ben­zin, di­zel, gib­rid, äh­li elekt­ro­kar) 280-den gow­rak boldy. «C» we «D» gör­nüş­li aw­to­bus­la­ry bolsa 4800-den geç­di. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Blue Bird» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 19,42 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da kor­po­ra­si­ýa­nyň ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 645,33 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«Porsche»-niň iň ga­dy­my elekt­ro­mo­bili gör­ke­z­ildi

Ger­ma­ni­ýa­nyň aw­tou­lag ön­dür­ýän «Porsche» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mu­ze­ýin­de 1898-nji ýyl­da dö­re­di­len «Eg­ger-Loh­ner C2 Phae­ton» or­ta he­re­ket­len­di­ri­ji­li elekt­rik aw­tou­la­gy gör­ke­zil­di. Yz­ky okuň öňün­de otur­dy­lan üç at güý­ji bo­lan «Octa­gon» he­re­ket­len­di­ri­ji­si bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan «Eg­ger-Loh­ner C2 Phae­ton» elekt­ro­mo­bi­li­niň tiz­li­gi sa­gat­da 35 ki­lo­met­re ýet­ýär. Mag­lu­mat üçin, elekt­rik aw­tou­la­gy il­kin­ji ge­zek 1898-nji ýy­lyň 26-njy iýu­nyn­da Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty We­na­nyň kö­çe­le­rin­den geç­di. 1899-njy ýy­lyň 28-nji sent­ýab­ryn­da bol­sa Fer­di­nand Por­şe şol ulag bi­len Ber­lin­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, bi­rin­ji ýe­ri eýe­le­di.

«Jo­by Avia­tion» uç­ýan tak­si­le­riň sy­nag iş­le­ri­ne baş­la­ýar

ABŞ-nyň uçar ön­dür­ýän «Jo­by Avia­tion» kom­pa­ni­ýa­sy Ýa­po­ni­ýa­nyň «ANA» awia­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de Ýa­po­ni­ýa­da uç­ýan tak­si­le­riň işi­ni ýo­la goý­mak­çy bol­ýar. Ýo­lag­çy­la­ry kom­pa­ni­ýa­nyň dört ýo­lag­çy üçin ni­ýet­le­nen elekt­rik uça­ry da­şar. Uça­ryň tiz­li­gi sa­gat­da 320 ki­lo­met­re ýet­ýär. Tas­la­ma­nyň aw­tor­la­ry­nyň pi­ki­ri­çe, Oso­ka­nyň Kan­saý ho­wa men­zi­lin­den de­mir ýol men­zi­li­ne çen­li uçuş 15 mi­nut­dan köp bol­maz. Aw­tou­lag bi­len şol ara­ly­gy geç­mek üçin bol­sa bir sa­gat ge­rek bo­lar. Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da «Jo­by Avia­tion» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 8,11% gym­mat­lap, ABŞ-nyň 5,55 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«Be­re­ket komp­ýu­ter» dü­ka­ny hal­kyň hyz­ma­tyn­da

Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýän «Be­re­ket komp­ýu­ter» dü­ka­ny 2018-nji ýyl­da öz işi­ne baş­la­dy. Ge­çen 4 ýy­lyň için­de howp­suz­lyk ul­gam­la­ry we komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­sy pu­da­gy­na de­giş­li önüm­ler hem-de hyz­mat­lar bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün edi­ji hök­mün­de müş­de­ri­le­ri­niň yna­my­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Hä­zir­ki wagt­da «Be­re­ket komp­ýu­ter» dü­ka­ny komp­ýu­ter we wi­deo gö­zeg­çi­lik ul­gam­la­ry­ny sat­mak, be­jer­mek, gur­na­mak, hyz­mat et­mek, 6 aý ke­pil­lik möh­let­li wi­deo gö­zeg­çi­lik ka­me­ra­la­ry­ny gys­sag­ly gur­na­mak ýa­ly hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýär. Dü­kan­da howp­suz­lyk ul­gam­la­ry­nyň giň gör­nü­şi — wi­deo, ýan­gyn duý­du­ryş­la­ry, gi­rel­gä­ni do­lan­dy­ryş ul­ga­my, nout­buk­lar, kompýu­ter­ler, şeý­le-de ofis en­jam­la­ry bar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, dü­ka­nyň hyz­mat edi­ji hü­när­men­le­ri is­len­dik çyl­şy­rym­ly elekt­ro­ni­ki abat­la­ýyş iş­le­ri­ni hem ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler.

Dünýä täzelikleri

Sergi meýdançasy üýtgedip gurlar Şu ýylyň 31-nji martyna çenli dowam edýän Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» bütindünýä sergisi tamamlanandan soňra, onuň ýerleşýän ýerini söwda we ýaşamak üçin has amatly bolan şäherçä öwürmek meýilleşdirilýär. Şäherçe sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryna laýyk gurlup, onuň islendik ýerinden beýleki bir künjegine pyýada ýa-da welosipedde 15 minudyň dowamynda baryp bolar ýaly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. Umumy bahasy 8 milliard amerikan dollaryna barabar bu taslamany durmuşa geçirmek üçin degişli ýurtlar özlerine degişli sergi meýdançalaryny üýtgedip gurmak boýunça tekliplerini hödürleýärler. Mysal üçin, Beýik Britaniýa öz sergi meýdançasynda wodorod energiýasy boýunça merkezi, Italiýa bolsa Renessans döwrüniň mirasyna bagyşlanan täze taslamany hödürleýär.

Nokia PureBook Pro inçe noutbuklary hödürlendi

«Mobile World Congress 2022» sergisinde fransuz öndürijisi «OFF Global» tarapyndan işlenip düzülen Nokia markaly noutbuklary görkeziler. 15,6 we 17,3 dýuým displeýli, Intel Core prosesorlarynyň 12-nji nesli bilen enjamlaşdyrylan Nokia PureBook Pro noutbuk modelleri Ýewropa bazarlarynda peýda bolar. Modeller Windows 11 ulgamynda goýberilip, Alder Lake nesliniň 10 ýadroly Intel Core i3-1220P prosessorlary bilen işlär. Ýadrolaryň ýygylygy adaty tertipde 1,5 GGs we “turbo”-da 4,4 GGs, tygşytly ýadrolar degişlilikde 1,1-33 GGs aralygy üpjün eder. Ýakyn geljekde has güýçli aýratynlyklary bolan Intel Core i5 esasly Nokia PureBook Pro-nyň görnüşleri hem peýda bolar.

Güýçlendirijiler kämilleşýär

Realme kompaniýasy smartfony 200Wt güýçde kuwwatlandyrmaga mümkinçilik berýän güýçlendirijini hödürleýär. Häzirki wagtda öňdebaryjy kompaniýalar enjamlary çalt kuwwatlandyrmaga mümkinçilik berýän güýçlendirijileri döretmäge uly üns berýärler. Hünärmenleriň bellemegine görä, bu işde Realme kompaniýasynyň täze enjamy uly öňegidişlik bolar. Ýeri gelende bellesek, enjamlary diňe çalt kuwwatlandyrmak däl, eýsem doly kuwwatlanan enjamyň uzak wagt işlemegini gazanmak hem aýratyn ugurlaryň biridir. Häzirki wagt enjamlary doly kuwwatlanandan soňra birnäçe gün işlemäge ukyplydyr.

«Ome­ga» gir­de­ji mak­sat­la­ry­ny ýo­kar­lan­dyr­ýar

«Ome­ga» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si ge­çen çär­ýek­de 21,7% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 193,3 mil­lion dol­la­ry­na, nagt pul do­la­ny­şy­gy bol­sa ABŞ-nyň 50,8 mil­lion dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. De­giş­li bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, ma­li­ýe ýy­ly­nyň üçün­ji çär­ýe­gin­de kom­pa­ni­ýa, tak­my­nan, ABŞ-nyň 194 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­za­nar.

NA­SA älem en­ja­my­ny dö­re­der

NA­SA Mars pla­ne­ta­syn­dan top­rak al­mak üçin älem uça­ry­ny ön­dür­mek­çi bol­ýar. Şu mak­sat bi­len, älem agent­li­gi Ame­ri­ka­nyň uçar ön­dür­ýän «Lockheed Mar­tin» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. Şert­na­ma­da je­mi ma­li­ýe ABŞ-nyň 194 mil­lion dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. Umu­man, Mar­syň top­ra­gy­ny ýe­re ge­tir­mek üçin üç sa­ny älem gä­mi­si ze­rur bo­lar. Bi­rin­ji mar­sa­hod bir ýyl tö­we­re­gi öň Ýe­ze­ro kra­te­ri­niň tö­we­re­gine gon­dy. En­ja­myň we­zi­pe­si top­ra­gy ýyg­na­mak­dan yba­rat­dyr. Beý­le­ki en­jam bol­sa nus­ga­la­ry alar we NA­SA-nyň ýe­re alyp gaýt­mak üçin dö­re­den ra­ke­ta­sy­na ýer­leş­di­rer.

«Ýy­lyň iň go­wy aw­tou­la­gy – 2022» bäs­le­şi­gi­niň fi­nal to­pa­ry kes­git­le­n­di

Ýew­ro­pa­nyň «Ýy­lyň iň go­wy aw­tou­la­gy» («Car of the Year 2022») bäs­le­şi­gi­ni gur­naý­jy­lar ýa­ry­şyň fi­nal bäs­le­şi­gi­niň gys­ga sa­na­wy­ny çap et­di­ler. Dün­ýä­niň iň go­wy aw­tou­la­gy di­ýen at ug­run­da sa­na­wa gi­ren 10 mo­del, ýag­ny «Audi G4 e-tron», «Cup­ra For­men­tor», «Ford Mus­tang Mach-E», «Ge­ne­sis G70», «Hon­da Civic», «Hyun­dai Ioniq 5», «Hyun­dai Tucson», «Kia EV6», «Lexus NX», «Toyo­ta GR86 / Su­ba­ru BRZ» aw­tou­lag­la­ry bäs­le­şer­ler. Emin ag­za­la­ry goş­ma­ça bäş bäs­le­şi­giň («Iň oňat şä­her aw­tou­la­gy», «Iň oňat lýuks mo­de­li», «Iň oňat sport aw­tou­la­gy», «Iň oňat eko­lo­gi­ýa aw­tou­la­gy», «Iň oňat di­zaýn») fi­nal­çy­la­ry­ny hem kes­git­le­di­ler. Bäs­le­şi­giň bi­ler­men­ler to­pa­ry­na dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den 102 aw­tou­lag žur­na­list­le­ri gir­ýär. Ýe­ňi­ji­ler 2022-nji ýy­lyň 13-nji ap­re­lin­de Nýu-Ýor­k­da ge­çi­ril­jek aw­tou­lag ser­gi­sin­de yg­lan edi­ler.