Te­le­ke­çi Ja­red Isaak­man kos­mo­sa git­mek üçin taý­ýar­lyk gör­ýär

20 Fewral 2022
1196

2021-nji ýyl­da ame­ri­ka­ly işe­wür Ilon Mas­kyň «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len kos­mo­sa gi­den mil­liar­der Ja­red Isaak­man bu ýyl ýe­ne-de kos­mo­sa git­mek üçin taý­ýar­lyk gör­ýär. Bu ba­ra­da eu­ro­news.com ýaz­ýar.

Be­ýa­na­ta gö­rä, NA­SA-nyň Ken­ne­di kos­mos mer­ke­zin­den uçu­şy ama­la aşyr­jak te­le­ke­çi Ja­red bu sa­par has ýo­ka­ry or­bi­ta çyk­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Has dog­ru­sy, bu ge­zek­ki uçu­şyň be­ýik­li­gi 640 ki­lo­metr­den ge­çer. Isaak­ma­na «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň in­že­ner­le­ri — Sa­rah Gil­lis we An­na Me­non, şeý­le hem ge­çen ýy­lyň güýz aý­la­ryn­da pen­si­ýa çy­kan har­by pi­lot ýol­daş bo­lar. To­par 5 gü­nüň do­wa­myn­da Dra­gon kap­su­la­sy­nyň ýo­kar­lan­ma­dyk be­lent­li­gin­de dün­ýä­niň da­şyn­dan aý­la­nar.

Nedir ITALMAZOW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar