Ösüşiň wajyp şerti

21 Fewral 2022
1344

Öňdengörüjilikli başlangyçlaryň, oýlanyşykly hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan ulag we aragatnaşyk toplumynda hem düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen bir hatarda aragatnaşyk ulgamynda hem ýokary depginli ösüşler gazanylýar.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ykdysadyýetiň pudaklaryny tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de olary dolandyrmagy kämilleşdirmegiň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatyny has netijeli peýdalanmagyň esasynda halk hojalygyny ösdürmäge täze mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Arkadagymyzyň döwlet syýasatynda eziz Watanymyzda dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesine we innowasiýalara daýanmak arkaly milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, aragatnaşyk ulgamynyň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilmek, düýpli ylmy-tehniki özgertmeleri we iri taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine örän uly ähmiýet berilýär. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internetiň ösüşini we internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň hukuk binýadyny berkitdi.

Rahym HOMMAÝEW,
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar