«Jo­by Avia­tion» uç­ýan tak­si­le­riň sy­nag iş­le­ri­ne baş­la­ýar

20 Fewral 2022
1403

ABŞ-nyň uçar ön­dür­ýän «Jo­by Avia­tion» kom­pa­ni­ýa­sy Ýa­po­ni­ýa­nyň «ANA» awia­kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de Ýa­po­ni­ýa­da uç­ýan tak­si­le­riň işi­ni ýo­la goý­mak­çy bol­ýar. Ýo­lag­çy­la­ry kom­pa­ni­ýa­nyň dört ýo­lag­çy üçin ni­ýet­le­nen elekt­rik uça­ry da­şar. Uça­ryň tiz­li­gi sa­gat­da 320 ki­lo­met­re ýet­ýär. Tas­la­ma­nyň aw­tor­la­ry­nyň pi­ki­ri­çe, Oso­ka­nyň Kan­saý ho­wa men­zi­lin­den de­mir ýol men­zi­li­ne çen­li uçuş 15 mi­nut­dan köp bol­maz. Aw­tou­lag bi­len şol ara­ly­gy geç­mek üçin bol­sa bir sa­gat ge­rek bo­lar.

Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da «Jo­by Avia­tion» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry 8,11% gym­mat­lap, ABŞ-nyň 5,55 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

Ýazguly MÄLIKGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar