"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Öýjagaz

Gerekli esbaplar: • Gaty kagyz;

Miweli doňdurma

Mähriban çagalar, tomus paslynda ulularyňam, çagalaryňam göwnüni göterip biljek tagamy taýýarlap, ýakynlaryňyzy begendirmek isleýän bolsaňyz, olara dürli miwelerden we ir-iýmişlerden taýýarlanýan doňdurmany hödürläň! Gerekli önümler:

De­mir­ýol­çu­lar maş­ga­la­sy

Toýly agany köpler tanaýan bolsa gerek. Asyl olara demirýolçular maşgalasy hem diýilýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz aras­sa, ha­lal zäh­met çek­me­giň her bir ada­ma eş­ret ge­tir­ýän­li­gi­ni «Çek­seň zäh­met, ýa­gar reh­net» di­ýen pa­ra­sat­ly pä­him­de be­ýan edip­dir­ler. Özü­niň bü­tin öm­rü­ni Wa­ta­ny­my­za, il-gü­nü­mi­ze hyz­mat et­mä­ge ba­gyş­lap, zäh­met­den bagt ta­pan bagtyýar maş­ga­la­sy bar. Ata-babaňdan gelýän asylly käri dowam etdirip, nesliňe geçirmek, elbetde, döwletlilikden nyşandyr. Toý­ly aga 1980-nji ýyl­da Or­ta Azi­ýa de­mir ýo­lu­nyň Aş­ga­bat ra­ýat des­ga­la­ry eda­ra­sy­nyň iş­çi­si bo­lup zäh­met ýo­lu­na ga­dam bas­ýar. Ýaş­lyk joş­gu­ny bi­len ruh­lan­ýan ýaş ýi­gi­diň oku­wa bo­lan hö­we­si ony Daş­kent şä­he­rin­dä­ki De­mir ýol ulag­la­ry­nyň in­že­ner­le­ri­ni taý­ýar­la­ýan ins­ti­tu­ta alyp bar­ýar. Oku­wa uly yh­las bi­len ýa­py­şan Toý­ly 1995-nji ýyl­da bu ins­ti­tu­ty üs­tün­lik­li ta­mam­lap, in­že­ner-me­ha­nik hü­nä­ri­ni ele alyp, «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry» mü­dir­li­gi­niň de­po bo­ýun­ça no­bat­çy­sy we­zi­pe­sin­de işe baş­la­ýar.

Ýeňňeli gyz — ýaraşykly

Bu diýilýäni ýönelige däl bolsa gerek. Gelnejeň öýüň törüne bezegkä, kalbyňda armanyň bolmaz. Ol öýe gelin bolup gelende daşyndan agras, dymmarak ýalydy. Öz ýanymdan: «Nädip öwrenişerkäm» diýip, oýlanýardym. Aslynda, agasy bar bolan gyzlaryň arzuwy gelnejeli bolmak bilen bagly. Tutuş syrgyndaky joralarymyň gelnejeleri bolansoň, olaryň bu sözi süýjedip aýdyşlaryna, dogrusy, gözüm giderdi. Ine, şol sözi mähir bilen aýtmaly günlerim hem ýetip gelipdi. Özümiň çekinjeňligimdenmi bilmedim, men onuň bilen birbada öwrenişip gidibermedim. Göräýmäge ol geplemezek ýaly, ýöne öwrenişseň ondan şadyýan, göwnaçyk barmyka diýýärsiň. Onuň sypaýylygy, hoşniýetliligi, mähribanlygy maňa juda ýaraýardy. Biz bäş uýa bolup, gelnejemize iň ýakyn hossar bolduk. Ejemden aýra düşen günümizden ol biziň gaýgy-gussa batyp gezmezligimiz üçin jan etdi, göwünlik berdi, köşeşdirdi. Gelnejem meniň bilen juda pikirdeşdi. Bir işiň başyny tutjak bolsam hem ol meniň esasy maslahatçymdy. Ýogsam indi özüm hem bir öýüň bikesi bolup, bir ojagyň günemasyny ýanýoldaşym bilen agzybir çekip ýörün, ýöne şonda-da käte aljyraňňy ýagdaýa düşsem, şol pursat gelnejeme sala salanymy kem göremok. Onuň berýän maslahatlary meniň üçin ýerlikli çykalga bolýar duruberýär.

Eneler örkümiz — çagalar geljegimiz

Enäniň ähli aladasyny ýadyndan çykardyp, onuň güýjüne güýç goşýan, kalbyna nur çaýýan müşki ys üýtgeşikdir. Ol gundagdaky bäbejigiň ysy. Maşgalanyň agzybirligi-de şonuň bilen berkeýär. Hut şonuň üçinem maşgalany baga, perzendi gül-gunça deňeýändir halkymyz. Şeýle bolansoň, türkmen «Maşgalam — baş galam», «Çagaly öý — bazar» diýýändir. Ata-enäniň maşgaladaky görüm-göreldesiniň öz nesillerinde dowam etmegi-de durmuş atly «duralgada» mesaňa görnüp duran hakykatdyr. Durmuşyň gül-gunçalaryna deňelýän çaga — maşgalanyň bezegi, öýüniň ýaraşygy, ene-atanyň gözüniň nury, başynyň täji, Watanymyzyň daýanjy. Aslynda, gelinlik dünýäsiniň gapysyndan ätlän her bir zenan üçin «ene» diýen mukaddes ada, enelik duýgusyna eýe bolmak bagtyndan uly dereje ýokdur. Täze dogan bäbejigi gujagyňa gysyp, bäbekhanadan dolanyp, öýüniň bosagasyndan ätlän ene şol mukaddes ojagyň alawyny dowam etdirjek nesli, tutuş dünýäni göterip gelýän ýalydyr. Şeýle bolansoň, halkymyz köp çagalylygy döwletiň, rysgalyň başy hasaplaýar.

Maşgala terbiýesi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary bagtyýarlyk döwrüniň baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze tutumlara ruhlandyrýar. Halkymyzyň müňýyllyklardan gelýän milli we medeni mirasyna goýýan hormaty, söýgüsi bimöçberdir. Köki taryhyň çuňluklaryna ornan milli ýörelgelerimiziň iň naýbaşylarynyň biri hem ata-enä goýulýan hormatdyr. Bu mesele babatda pederine çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz hem-de  Arkadagly Serdarymyz biziň her birimiz üçin aýdyň görelde mekdebidir.  

Terbiýe maşgaladan başlanýar

«Gyz eneden görelde almasa, öwüt almaz, Ogul atadan görelde almasa, supra ýaýmaz» «Gorkut ata» şadessanyndan.

Gyz edebi — il edebi

Türkmeniň buýsanjy Ata-babalarymyzyň miras goýan milli däp-dessurlary biziň her birimizi buýsandyrýar. Şolaryň biri hem millilikdir. Millilik türkmeniň ganyna siňen iň gymmatly mirasdyr. Häzirki döwürde gyz-gelinleriň milli geýinmek medeniýetine aýratyn uly üns berilýär. Ýakasydyr ýeňleri el işleri bilen bejerilen ýanly köýnekleri geýýän her bir zenan, diýseň, asylly, salyhatly, sypaýy görünýär. Saçlary iki örülen başlary tahýaly gyzlary synlanyňda guwanmazlyk, asla, mümkin däl. Pederlerimiziň: «Gyz edebi — il edebi», «Gyz gylygyndan belli» diýşi ýaly, gelin-gyzlarymyza mahsus häsiýetler millilik bilen sazlaşyp, gözellige beslenip türkmeniň buýsanjyna öwrülýär.

Pikir ýöretme

Zenanlaryň ýaraşygy — edep Zenan gözelligi. Eýsem, bu owadan dünýäniň ýaraşygy zenan gözelligi dälmi näme?! Pälwan sypat goç ýigitleri dyza çökerýän zenan gözelligi dälmi? Eýjejik bala-çagalary daşyňda pyrlandyrýan gudrat hem zenan gözelligi, ene mähri ahyryn.

Gyzdyr göwün hoşy

Maşgalada “Çaga — eziz, edebi ondanam eziz” diýlenine eýerilip, gyz çaganyň terbiýesine aýratyn üns berilýär. “Gyzym bar — gyzylym bar” diýýän, gyzyny göwün hoşum diýip söýgüleýän ene-ata gyz perzendiniň edep-ekramly, asylly, bagtly bolmagyny arzuwlaýar. Gyz maşgalanyň gözelligi onuň tebigy görkünde, edebinde, adamkärçiliginde jemlenendir. Enelerimiz gyzjagazlara, ilki bilen, içeriniň, daşarynyň arassalygyny saklamagy, şeýle hem başardygyndan tikin tikmegi, keşde çekmegi, gaýma gaýamagy, dürli tagamlary taýýarlamagy öwredipdirler. Şeýle hem gelen myhmany güler ýüz bilen garşylap, saçak ýazyp, hezzet-hormat etmegi öwretmäge çalşypdyrlar.

Agzy ýaşmakly uz gelinler

Milli medeniýetimiz, däp-dessurymyz müňýyllyklaryň dowamynda apalanyp gelýär. Biziň ata-babalarymyzdan arkama-arka geçip gelýän däp-dessurlaryň biri hem türkmen gelinlerimize mahsus bolan ýaşmakdyr. Çagasyny edepli-terbiýeli, öýli-işikli edip, il hataryna goşmak, ene-atanyň öňündäki borç bolup durýar. Munuň üçin her bir ene-ata çagasyny edepli-terbiýeli kemala getirip ýetişdirenden soň, uludan toý tutup, oglunyň, gyzynyň bagtyna guwanyp ýaşaýar.

Çaganyň dilini tapyň!

Redaksiýadan: Gadyrly okyjylar! Gazetimiziň şu sanynda professor, çaga terbiýesi hakynda köp sanly kitaplaryň, makalalaryňdyr ylmy işleriň awtory, psiholog Ýuliýa Borisowna Gippenreýteriň 1995-nji ýylda neşir edilen «Ene-atalar üçin iň möhüm kitap» atly kitaplar ýygyndysyndan bölekleri size ýetirmegimizi dowam etdirýäris.

Enäniň dünýäsi — bagtyň dünýäsi

Enäniň dünýäsine bagtyň dünýäsi diýse bolar. Megerem, bagt düşünjesi öz gözbaşyny eneleriň kalbyndan alyp gaýdýan bolsa gerek. Eneler öz mähri bilen ýüreklerimizi ýyladýarlar, mähribanlygy, mähremligi bagyş edýärler. Ejem jany kalbyma iň ýakyn ynsan saýýaryn, onuň gursagyndan dömýän mähir çeşmesi, hakykatdanam, keremli güýje eýe. Çykgynsyz ýagdaýa düşüp, alňasan ýa-da aljyran çagym, «kelebiň ujuny ýitiren» wagtym ejeme jaň edýärin ýa-da dessine onuň ýanyna rowana bolýaryn. Ol maňa şeýle bir akyl-paýhasly öwüt-nesihatlaryny berýär welin, ähli zat gülala-güllük bolaýýar. Ozalam bir danadan: «Dünýäde seniň üçin iň eziz zat näme?» diýip sorapdyrlar. Ol dessine: «Ejem» diýip jogap berenmiş. «Doganlaryň, kakaň näme?» diýseler: «Olar meniň başymyň galasy, ejem bolsa ýüregimiň galasy, ýüregiň galaly bolmasa, başyň galasynyň goragy ygtybarly bolmaz» diýipdir. Görýäňizmi, şu tymsalyň özeninde neneňsi aýdyň hakykat, neneňsi uly many basyrylgy ýatyr. Eneleriň muhabbeti — ýürekleriň dogasy, dertleriň melhemi. Şonuň üçinem eneleriň dünýäsinde özüňi bagtyň gujagynda ýaly duýýarsyň.

Owadan sen, owadan!

Iş gutaransoň, pyýadalap gaýtmak endigi bilen ýola düşüpdim. Daş-töweregiň göwün göteriji keşbi ýadawlygyňy zym-zyýat edýärdi. Ýanýodalaryň iki gapdalyna görk berýän bägüllere hüjüm edýän bal arylaram bu gözellige meluldy. Ýerasty hem ýerüsti geçelgelerden topar-topar bolup geçip gelýän okuwçylaryň tertip-düzgünli hereketleri bu barlygyň görküni artdyrýardy. Görkana görnüşe taý bolup öwşün atýan bägülleriň deňinden biparh geçip bilmän, her ädimde jedirdäp, ejelerini dürli sowallar bilen ýylgyrdýan gyzjagazlar bu gözellige jan giren ýaly edipdiler. Gyzjagazlary bir-de, gülleriň gyzyl, ak, sary bolup öwşün atmasy gyzyklandyrsa, bir-de, bulary arylaryň güllerden aýrylyp gidibermeýändigi özüne çekýärdi. Ençeme sowalyň başyny agyrdan gyzjagazlaryň biri gülleriň ajaýyplygyndan aýrylyp bilmän durşuna, ahyryn ejesine bakyp: — Eje, menem owadanmy? — diýip, garaşylman duran sowal bilen ýüzlendi. Bu ýöne dilujuna aýdylan söz däldi. Gyzjagaz ejesine ýüregini açýardy. Ýaşajyk ene gyzlaryň ikisinem bagryna basdy. Ýuwaşlyk bilen, mylaýym sözledi:

Öý bikesi öwrense...

Guradylan miwelerden süýjülik Gerekli önümler:

Durmuşyň gülleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ol maksatnamalaýyn işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak häsiýetinde terbiýelenmegine oňyn ýardam edýär. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen üstünlikli özgertmeleriň alnyp barylýandygyny äşgär edýär.

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Hal­ky­my­zyň göz­ba­şy­ny ga­dym­dan alyp gaýd­ýan baý me­de­ni mi­ra­sy, mil­li däp-des­sur­la­ry bar. Bu gym­mat­lyk­lar ne­sil­den-nes­le ge­çip has-da kä­mil­le­şip­dir. Şo­la­ryň bi­ri hem maş­ga­la gym­mat­ly­gy­dyr. Hal­ky­myz­da maş­ga­la ter­bi­ýe­si­ne aý­ra­tyn uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Wa­ta­na, il-gü­ne bo­lan be­lent söý­gi maş­ga­la ter­bi­ýe­sin­den baş­lan­ýar. Maş­ga­la döw­le­ti­mi­ziň, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň il­kin­ji dü­zü­mi­dir. Ha­wa, hal­ky­my­zyň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si­niň mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy öz goş­gy se­tir­le­rin­de: «Hu­da ber­se sa­ga­dat­ly bir per­zent, gar­ry­gan ça­gyň­da ýaş eder se­ni» diý­ýär. Per­zen­diň sa­ga­dat­ly­ly­gy maş­ga­la oja­gyn­dan baş­lan­ýar. Ça­ga­jyk he­niz nä­mä­niň nä­me­di­gi­ni bil­me­ýän wagt­la­ry eje­si­niň ak ar­zuw­la­ra eý­le­nen hüw­düsi­niň owa­zy bi­len ulal­dyl­ýar. Ol per­zen­di­niň leb­ziha­lal, tu­tan­ýer­li, myh­man­sö­ýer bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin ala­da­lan­ýar. Ça­ga esa­sa­nam ýaş­lyk­dan gö­ren gö­rel­de­si­ne eýer­ýär. Onuň edep-ter­bi­ýe­si­niň düýp bin­ýa­dy hem ter­bi­ýä­niň il­kin­ji bas­gan­ça­gy ha­sap­lan­ýan he­mem ke­ma­la gel­ýän maş­ga­la­dan göz­baş al­ýar. Şun­da ata-enä­niň ýag­şy gy­lyk-hä­si­ýet­le­ri per­zent­ler üçin dur­muş mek­de­bi bo­lup dur­ýar.

Maşgala bagty (oýlanma)

Ata-babalarymyz: «Maşgalam – baş galam» diýen parasatly pähime eýerip, maşgala binýadynyň berk bolmagyny tekrarlapdyrlar. Biz köplenç maşgala bagty baradaky pikirleri aňymyzda aýlaýarys. Bagt hakynda aýtmaga söz kän, emma ony düşündirmek biraz kyn. Ynsan üçin bagt ummasyz baýlykdyr. Eýsem, bagt, bagtly maşgala diýmegiň özi näme? Meniň pikirimçe, ol ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek, çagalaryňda iň gowy häsiýetleri terbiýeläp, ilhalar adamlar edip ýetişdirmek, töwerek-daşyňdakylaryň seniň maşgalaňy döwletli, agzybir saýyp, her bir işde ondan görelde almagymyka diýýärin. Sebäbi gözel dünýäniň owadanlygy şol zatlardan başlanýar. Halkymyzda gyz maşgala «kişi maşgalasy» diýip, ýöne ýerden baha berlenok. Sebäbi gyz maşgala ertirki ene, bir döwletli ojagyň eýesi, öý bikesi. Enelerimiz gyzlaryny ertirki durmuşa talabalaýyk taýýarlamaly. Gyz maşgalanyň baran öýi bilen ysnyşmagy, ol öýe mährini, söýgüsini siňdirmegi, ýanýoldaşy, we onuň hossarlary, daş-töweregi bilen agzybir, sylag-hormatly bolmagy onuň ertirki gündäki bagtyna gönezlik bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda türkmen halkynyň gadymy ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berilýär. Arkadagymyzyň bu kitaby biz ýaşlar üçin eziz enelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň bele

Zenan mertebesi — döwrüň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary arkaly kepillendirilýär. 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy kabul edildi. Onuň maksady jemgyýetiň ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda gender çemeleşmeli döwlet syýasatyny işläp taýýarlamagyň ýagdaýyna we ony durmuşa geçirmäge geljekki ösüş gurallaryny ornaşdyrmagyň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň jyns alamaty boýunça hukuk kemsitmeleriniň ýüze çykmagyna ýol bermezlige gönükdirilen hereketleriniň utgaşdyrylmagy bilen gender deňliginiň üpjün edilmegi we durmuşyň ähli ulgamlarynda aýallaryň we erkekleriň şahsy mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegini üpjün edýän şertleriň döredilmegi bolup durýar.

Zenan mertebesi belentdir

Gadymy döwürlerden bäri nesil dowamatynyň we maşgala ojagynyň bezegi hasaplanýan zenanlara aýratyn hormat we mähribanlyk bilen garalypdyr. Türkmenistanyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan tapyndylar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Tapylan heýkeljiklerde görünýän zenan keşplerinde olaryň geýnişi, edep kadasy hem-de olaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky orny babatda çaklamalary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu çaklamalara heýkelleriň uzyn köýnekde, baş daňylarynda, ýaşmakda ýa-da tahýaly bolmagy hem-de golaýynda ir-iýmişleriň şekilleriniň görkezilmegi düýpli esas döredýär. Zenanlarymyz özleriniň el işleri, edep kadalary, durmuş ýörelgeleri bilen öz sarpalaryny belentde saklapdyrlar. Türkmenleriň zenanlary ýüzüniň tuwagy hasaplamagy, olary ajaýyp şaý-sepler bilen bezemegi, her bir işde zenanlara maslahat salynmagy, toý dessurlarynda eneleriň beýemçiligine hormat goýulmagy şu günlerimizde hem dowam edýär.