Ýeňňeli gyz — ýaraşykly

2 Awgust 2022
987

Bu diýilýäni ýönelige däl bolsa gerek. Gelnejeň öýüň törüne bezegkä, kalbyňda armanyň bolmaz. Ol öýe gelin bolup gelende daşyndan agras, dymmarak ýalydy. Öz ýanymdan: «Nädip öwrenişerkäm» diýip, oýlanýardym. Aslynda, agasy bar bolan gyzlaryň arzuwy gelnejeli bolmak bilen bagly. Tutuş syrgyndaky joralarymyň gelnejeleri bolansoň, olaryň bu sözi süýjedip aýdyşlaryna, dogrusy, gözüm giderdi. Ine, şol sözi mähir bilen aýtmaly günlerim hem ýetip gelipdi. Özümiň çekinjeňligimdenmi bilmedim, men onuň bilen birbada öwrenişip gidibermedim. Göräýmäge ol geplemezek ýaly, ýöne öwrenişseň ondan şadyýan, göwnaçyk barmyka diýýärsiň. Onuň sypaýylygy, hoşniýetliligi, mähribanlygy maňa juda ýaraýardy. Biz bäş uýa bolup, gelnejemize iň ýakyn hossar bolduk. Ejemden aýra düşen günümizden ol biziň gaýgy-gussa batyp gezmezligimiz üçin jan etdi, göwünlik berdi, köşeşdirdi.

Gelnejem meniň bilen juda pikirdeşdi. Bir işiň başyny tutjak bolsam hem ol meniň esasy maslahatçymdy. Ýogsam indi özüm hem bir öýüň bikesi bolup, bir ojagyň günemasyny ýanýoldaşym bilen agzybir çekip ýörün, ýöne şonda-da käte aljyraňňy ýagdaýa düşsem, şol pursat gelnejeme sala salanymy kem göremok. Onuň berýän maslahatlary meniň üçin ýerlikli çykalga bolýar duruberýär.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar