Enäniň dünýäsi — bagtyň dünýäsi

22 Iýul 2022
1476

Enäniň dünýäsine bagtyň dünýäsi diýse bolar. Megerem, bagt düşünjesi öz gözbaşyny eneleriň kalbyndan alyp gaýdýan bolsa gerek. Eneler öz mähri bilen ýüreklerimizi ýyladýarlar, mähribanlygy, mähremligi bagyş edýärler. Ejem jany kalbyma iň ýakyn ynsan saýýaryn, onuň gursagyndan dömýän mähir çeşmesi, hakykatdanam, keremli güýje eýe. Çykgynsyz ýagdaýa düşüp, alňasan ýa-da aljyran çagym, «kelebiň ujuny ýitiren» wagtym ejeme jaň edýärin ýa-da dessine onuň ýanyna rowana bolýaryn. Ol maňa şeýle bir akyl-paýhasly öwüt-nesihatlaryny berýär welin, ähli zat gülala-güllük bolaýýar.

Ozalam bir danadan: «Dünýäde seniň üçin iň eziz zat näme?» diýip sorapdyrlar. Ol dessine: «Ejem» diýip jogap berenmiş. «Doganlaryň, kakaň näme?» diýseler: «Olar meniň başymyň galasy, ejem bolsa ýüregimiň galasy, ýüregiň galaly bolmasa, başyň galasynyň goragy ygtybarly bolmaz» diýipdir. Görýäňizmi, şu tymsalyň özeninde neneňsi aýdyň hakykat, neneňsi uly many basyrylgy ýatyr. Eneleriň muhabbeti — ýürekleriň dogasy, dertleriň melhemi. Şonuň üçinem eneleriň dünýäsinde özüňi bagtyň gujagynda ýaly duýýarsyň.

Mähri ATAMYRADOWA,
Baýramaly şäherindäki tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň başlangyç synp we matematika mugallymy.
Beýleki habarlar