Maşgala bagty (oýlanma)

15 Iýul 2022
1448

Ata-babalarymyz: «Maşgalam – baş galam» diýen parasatly pähime eýerip, maşgala binýadynyň berk bolmagyny tekrarlapdyrlar. Biz köplenç maşgala bagty baradaky pikirleri aňymyzda aýlaýarys. Bagt hakynda aýtmaga söz kän, emma ony düşündirmek biraz kyn. Ynsan üçin bagt ummasyz baýlykdyr. Eýsem, bagt, bagtly maşgala diýmegiň özi näme? Meniň pikirimçe, ol ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöremek, çagalaryňda iň gowy häsiýetleri terbiýeläp, ilhalar adamlar edip ýetişdirmek, töwerek-daşyňdakylaryň seniň maşgalaňy döwletli, agzybir saýyp, her bir işde ondan görelde almagymyka diýýärin. Sebäbi gözel dünýäniň owadanlygy şol zatlardan başlanýar. Halkymyzda gyz maşgala «kişi maşgalasy» diýip, ýöne ýerden baha berlenok. Sebäbi gyz maşgala ertirki ene, bir döwletli ojagyň eýesi, öý bikesi. Enelerimiz gyzlaryny ertirki durmuşa talabalaýyk taýýarlamaly. Gyz maşgalanyň baran öýi bilen ysnyşmagy, ol öýe mährini, söýgüsini siňdirmegi, ýanýoldaşy, we onuň hossarlary, daş-töweregi bilen agzybir, sylag-hormatly bolmagy onuň ertirki gündäki bagtyna gönezlik bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda türkmen halkynyň gadymy ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlygyň aýdyň nusgasy bolup durýan käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berilýär. Arkadagymyzyň bu kitaby biz ýaşlar üçin eziz enelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň belent nusgasydyr. Her bir zenan maşgala öz ojagyna yhlasyny siňdirse, şol maşgalada bagtyň özeni bolan agzybirligiň höküm sürjekdigi ikuçsyzdyr.

Humaý ANNAÝEWA,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana  orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar