"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Ýaş maşgalalara döwlet goldawy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Döwlet Maslahatynda il-ýurt bähbitli meselelere garalyp, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwletli kararlar kabul edildi. Halkymyzda uly buýsanç we hoşallyk duýgularyny döreden şeýle kararlaryň biri-de, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabryndaky Kararynyň birinji bölegine laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak baradaky Karardyr. Arkadagly Serdarymyz Döwlet Maslahatyndaky çuň manyly çykyşynda: «Biz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşini kabul etdik. Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berýär» diýi

Täsin sowgat

Bir adam üç ýaşly gyzyna sowgatlaryň daşyny gaplamak üçin ulanylýan gymmat bahaly kagyzy zaýalandygy üçin käýedi. Çünki ol tutuş bir gap altynsow kagyzy bir gutynyň daşyna egrem-bugram edip sarap gutarypdy. Baýramçylyk güni ir bilen şadyýan gyzjagaz gutyny getirip:

Maşgala mäkämligi — mähriň hazynasy

Maşgalanyň agzybirligi tükeniksiz hazyna. Hut şonuň üçinem dana halkymyz saglykdan soň agzybirlik dileýär. Sebäbi agzybir, mäkäm maşgalanyň agzalary sagdyn, ruhubelent, başyna baran işlerem ugruna bolýar. Ýöne şeýle agzybirligi saklap, maşgala mukaddesligini aýawly goramak ýeňilem däl. Bu ýeňil bolmadyk meseläniň bähbitli çözgüdi är-aýalyň birek-birege geçirimlilikde jemlenýän ysnyşykly gatnaşygyndadyr. Ýene bir hakykaty boýun alalyň. Hiç birimiziňem akja kepderi däldigimiz-ä şübhesizdir. Durmuşyň käbir çylşyrymly öwrümleriniň hüý-häsiýetimiziň pes taraplarynyň ýüze çykmagyna getirýän halatlaram bolýar. Şeýle ýagdaýlarda özara geçirimli bolmak iki tarap üçinem mertlikden nyşan. Maşgalanyň mäkämliginiň bähbidine biz juda mert bolmaly. Birek-biregiň günäsini geçmek beýik bolmakdyr. Bu aýdylýanlar ýaş maşgalalara degişli. Elbetde, onlarça ýyl bile ýaşan är-aýal birek-biregiň häsiýetine juda belet bolansoňlar olarda agzalalyk kän bir ýüze çykybam baranok. Maşgalanyň agzybirliginde äriň öz ornunda, aýalyň öz ornunda özlerini alyp barmaklarynyň täsiri uly bolmaly. Meniň pikirimçe, durmuşda, maşgalada asylly ýörelgä laýyk özüňi alyp barmagam maşgalanyň agzybirliginiň bähbidinemikä diýýän. Sebäbi özüňi alyp barşyňda ýanýoldaşyňa mähribanlygy, goldaw-ýardamy peşgeş berýän hereketleriňem agzybirlige tarap derwaýys ädimdir. Bu babatda durmuşda duş gelýän käbir ýagdaýlary ýatlalyň. Bir ge

Däbim-dessurym

Ýaglykdaňdy Enemiň ir ertirden ýola şaýlanýanyny aňsam “guýruktutdy” oýnap toýa-dabara bile giderdim. Enemiň arkasyndan täze gelniň kürtesinden tutup ýöresem dagy, depäm, gök dirärdi. Ýöne bir sapar “Ýaglykdaňda” gidişimiz welin, ýadymda hemişelik galypdyr...

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Häzirki döwürde şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenmäge, wagyz etmäge uly üns berilýär. Türkmen halky gadymy taryhy ösüş döwürlerinden bäri ruhy-medeni gymmatlyklaryna, şeýle hem gaýtalanmajak milli medeniýetine örän uly ähmiýet berip gelen halklaryň biri hasaplanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni-ruhy baýlyklarymyza, medeni mirasymyza bolan gyzyklanma has-da artdy. Milli ýörelgelerimiziň özeninde ene dilimiz, edebiýatymyz, nesil terbiýesine bolan garaýyşlarymyz bardyr. Şeýle asylly ýörelgelerimizi, milli gymmatlyklarymyzy ýaş nesillere öwretmek we olarda watansöýüjilik, il-güne belent sarpa ýaly häsiýetleri terbiýelemek esasy ugurlaryň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz halkymyz ata-babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni-ruhy baýlyklara, gadymy sözlere, manyly aýtgylara, edebi gymmatlyklara aýawly çemeleşýär. Munuň özi türkmen halkynyň taryhynyň, diliniň, edebiýatynyň, sungatynyň, medeni-ruhy mirasynyň egsilmez hazynadygyny aňladýar. Halk mirasy bilen baglanyşykly gadymy sözler, şol sanda atalar sözi, nakyllar, dürli aňlatmalar, täsirli aýtgylar halkymyzyň köpasyrlyk maddy, medeni we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde, şeýle hem ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde we olarda watansöýüjilik ruhuny döretmekde egsilmez ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. Mysal üçin, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Gözüm gaýra düşmez, göwün egl

Bezeg saýawanlary

Gerekli esbaplar: • Ikitaraplaýyn reňkli kagyzlar;

Towukly we ýeralmaly işdäaçar

Gerekli önümler: • 280 gram towuk eti;

Päk zäh­me­tiň sar­pa­sy

Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Çek­seň zäh­met — ýa­gar reh­net» di­ýip, aý­dyp ge­çi­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baştutanly­gyn­da ýur­du­myz­da Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şan­dy­ny go­şýan, gö­rel­de­li zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ry­my­za aý­ra­tyn sar­pa go­ýul­ýar. Bir­nä­çe ýyl­la­ryň do­wa­myn­da päk zäh­me­ti, ukyp-ba­şar­ny­gy bi­len ta­pa­wut­la­nan il­deş­le­ri­mi­z hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Şa ser­pa­ýyna mynasyp bolup, olara hor­mat­ly at­lar da­kyl­ýar.  Eziz Wa­ta­ny­my­zyň Ga­ra­şsyz­ly­gy­nyň 31 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­le­nil­ýän gün­le­rin­de ýur­du­my­zyň dür­li ul­gam­la­ryn­da gö­rel­de­li zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ry­myz bi­len bir ha­tar­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Türk­me­nis­tan­da gä­mi gat­na­wy­na döw­let gö­zeg­çi­lik ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň De­ňiz port ka­pi­ta­ny gul­lu­gy­nyň port gö­zeg­çi­li­gi­niň ins­pek­to­ry An­na­mäm­met Na­za­ro­wa hem Türk­me­nis­ta­nyň «Gaý­rat» me­da­ly­na my­na­syp bol­mak bag­ty mi­ýes­ser et­di.

Maşgala mizemezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gymmatlyklaryna, maşgalanyň jemgyýetdäki ornuna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Ýaşulularyň, ene-mamalarymyzyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Nika gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň hukuk toplumy birnäçe esas goýujy resminamalardan durýar. Bilşimiz ýaly, döwletiň wajyp wezipesi eneligi, çagalygy, atalygy goramak, şeýle-de maşgala kömek bermek we goldamak bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-nji maddasynda ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goramakda saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýändigi, 140-njy maddasynda kanunlaryň, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň gaýry hukuk namalarynyň Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýändigi göz öňünde tutulan.

Ýaş maşgalalara döwlet goldawy

23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Döwlet Maslahatynda, şeýle-de şol günki Ministrler Kabinetiniň mejlisinde kabul edilen çözgütler ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, alnyp barylýan giň gerimli işleriň, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň mysallaryna öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda öňe sürlen tekliplerden ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, şeýle hem şol gurultaýda tassyklanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» rejelenen görnüşdäki Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda çykaran Kararynyň birinji bölegine laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda, ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak bellenildi.

Edepli ile ýarar

Bag­ty­ýar maş­ga­la­lar­da ter­bi­ýe­len­ýän we ke­ma­la gel­ýän ýaş ne­sil­de pe­der­le­ri­mi­ziň wa­tan­sö­ýü­ji­lik, zäh­met­sö­ýer­lik, adam­kär­çi­lik, we­pa­ly­lyk, dog­ru­çyl­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek üçin Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz uly ta­gal­la­lar ed­ýär. Ýaş­lar­da yn­sa­ny has­sa­lyk­dan, mä­täç­lik­den we tu­kat­lyk­dan ha­las ed­ýän zäh­me­te söý­gi dö­ret­me­giň, ola­ry zäh­met­sö­ýer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­me­giň berk bin­ýa­dy ag­zy­bir maş­ga­la­dan baş­lan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­byn­da maş­ga­la­nyň ça­ga ter­bi­ýe­le­mä­ge siň­dir­ýän zäh­me­ti­niň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da pä­him­li ga­ra­ýyş­lar be­ýan edil­ýär. Ki­tap­da: «Kä­te maş­ga­la­da ene-ata­la­ryň ça­ga­la­ry­na döz­mez­çi­lik­den, ýü­re­gi ýu­ka­lyk­dan öýüň bar ala­da­sy­ny öz­le­ri ed­ýän ha­lat­la­ry bol­ýar. «Ýaş­lar ýaş­ly­gyň hö­zi­ri­ni gör­sün­ler, öz baş­la­ry­na dü­şen­de eder­ler» diý­ýär­ler. Ýö­ne şeý­le ýag­daý­da ýyl­la­ryň do­wa­myn­da top­lan­ýan tej­ri­be hem-de ýag­şy en­dik­ler göz­den dü­şü­ril­ýär» di­ýil­ýär.

Bir asyryň şaýady

Ene. Bu sözde jady bar, gudrat bar. Ene diýlen mukaddeslik Zemine deňelýän bakylygyň hut özüdir. Bu mukaddeslik ynsana berlen gudratly peşgeşdir. Enäniň aladasyna tükenme ýok. Perzendini ile-güne goşýança, enäniň çekýän azaplarynyň haýsy birini agzajagyňy bileňok. Iň bärkisi enäniň ukusyz geçiren ýekeje gijesini göz öňüne getirip görüň! Balasynyň kesp-kärli, il derdine ýaraýan, watanperwer bolup ýetişmegini arzuwlaýan ene çagasy ulalyp, kemala gelenden soň hem ýene şonuň üstünde kökenekdir. Eneler balasy üçin çeken azaplarynyň, gören görgüleriniň hiç biriniň, hiç mahal gaýtargysyny soraýan däldir. Ine, şonuň üçin hem eneler bu Zeminiň mukaddes barlygydyr. Jennet hem eneleriň aýagynyň aşagyndadyr.

Eje, men bir dünýä düşdüm...

«Eneler ýanymyzdaka ählimiziňem ýüregimiz suwludyr. Bu seniň eýýäm uly adamdygyňa, jemgyýetdäki ornuňa bagly zat däl. Çaganyň hem uly adamyň hem aşa gorkan wagty ýa-da bir howp-hatara uçranda özi duýmazdan, ejesini kömege çagyrmagynyň syry barada oýlanyp gördüňizmi?! Ene barada ýazylan goşgy okalanda-da ähli diňleýjiler üýtgeşik duýga berilýärler. Sebäbi islendik ýaşdaky ähli ynsany ganatlandyrýan güýç ene söýgüsinde jemlenendir». «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» kitabyndan.

Taýmylçynyň gyzy Ajaýyp zamana alkyşly, 85 ýaşly ene Amantäç Orazowa barada söhbet

Ene! Bary-ýogy üç harpdan ybarat bu mukaddes sözde, gör, näçe mähir-muhabbet, näçe keramat bar. Bütin adamzat bu belent mertebeli sözi götermäge mynasyp zenanyň — Enäniň öňünde baş egýär. Çünki biziň her birimiz onuň mährem ýüreginden, gursagyndan syzylyp çykýan ak süýdünden, mährinden ganyp kemala gelýäris. Ynha, meniň garşymda şeýle eneleriň biri, ýaşy 85-den agan Amantäç Orazowa otyr. Durmuş mekdebiniň halypasy hökmünde Amantäç ejäniň ýyllaryň tereň-tereň sahypalaryndan orun alan gürrüňlerini diňledigiňsaýy, perzentlerini kemala getirmek, olary il hataryna goşmak üçin bütin ömrüni bagyş eden, diňe bir öz ogul-gyzlarynyň däl, eýsem, 35 ýyllap bir mekdepde mugallymçylyk edip, okadan okuwçylarynyň-da akylly-başly, edep-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasyny, gaýratyny gaýgyrman, il-güne hyzmat edip, köpüň alkyşyny alan bu merdana zenana bolan hormatyň artýar.

Bilerin diýseňiz...

Häzirki wagtda çalt we gysga wagtyň içinde suwy gaýnatmaga ukyply elektrik çäýnegini ulanmak ýörgünli. Çäýnekde suwy çalt gyzdyrmaga mümkinçilik berýän element bar. Suw gaýnandan soň, çäýnege birleşdirilen ýörite abzalyň kömegi bilen, çäýnek awtomatik usulda öçýär. Çäýnekdäki gyzgyn suw alnandan soň, ony suwsuz goýsaňyz ýa-da elektrik togundan öçürmeseňiz, çäýnegiň tiz zaýalanmagyna getirer. Elektrik çäýnegini ulanmak amatly, ol suwy sähel wagtyň içinde gaýnadýar. Şeýle hem bu çäýnek energiýasyny suwuň gaýnadylmagyna gönükdirýändigi sebäpli, bugarmak arkaly az ýylylyk sarp edýär.

Peýdaly maslahatlar

Güýz paslynyň gelmegi netijesinde ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin, ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, özüňi bu paslyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak zerurdyr. Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir bilen we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

Öý bikesi öwrense...

Balykly batyrma Gerekli önümler:

Mil­li ter­bi­ýe — asyl­ly görelde

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de dur­mu­ş ka­da­la­ry­na eýer­ýän ýaş­la­ry­my­zyň bol­ma­gy diý­seň gu­wan­dy­ry­jy­dyr. El­bet­de, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi kä­mil­leş­dir­mek we kä­mil ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek di­ňe bir mak­sa­dy­myz bol­man, eý­sem, her bir ene-ata­nyň ar­zu­wy bol­sa ge­rek. Türk­men hal­ky­nyň dur­muş ýö­rel­ge­le­ri we ka­da­la­ry mu­kad­des­dir. Şol ýö­rel­ge­ler bi­ziň dur­mu­şy­my­za hä­li-hä­zir­le­rem ýa­ran bo­lup, do­wam edip gi­dip otyr.

Towşanjyk şekilli galam gutujygy

Gerekli esbaplar: • Gaty ak kagyz;

Gyzyl nohutly işdäaçar

Gerekli önümler: • 200 gram gaplanan gyzyl nohut;