Maşgala mäkämligi — mähriň hazynasy

19 Oktýabr 2022
1340

Maşgalanyň agzybirligi tükeniksiz hazyna. Hut şonuň üçinem dana halkymyz saglykdan soň agzybirlik dileýär. Sebäbi agzybir, mäkäm maşgalanyň agzalary sagdyn, ruhubelent, başyna baran işlerem ugruna bolýar. Ýöne şeýle agzybirligi saklap, maşgala mukaddesligini aýawly goramak ýeňilem däl. Bu ýeňil bolmadyk meseläniň bähbitli çözgüdi är-aýalyň birek-birege geçirimlilikde jemlenýän ysnyşykly gatnaşygyndadyr. Ýene bir hakykaty boýun alalyň. Hiç birimiziňem akja kepderi däldigimiz-ä şübhesizdir. Durmuşyň käbir çylşyrymly öwrümleriniň hüý-häsiýetimiziň pes taraplarynyň ýüze çykmagyna getirýän halatlaram bolýar. Şeýle ýagdaýlarda özara geçirimli bolmak iki tarap üçinem mertlikden nyşan. Maşgalanyň mäkämliginiň bähbidine biz juda mert bolmaly. Birek-biregiň günäsini geçmek beýik bolmakdyr. Bu aýdylýanlar ýaş maşgalalara degişli. Elbetde, onlarça ýyl bile ýaşan är-aýal birek-biregiň häsiýetine juda belet bolansoňlar olarda agzalalyk kän bir ýüze çykybam baranok.

Maşgalanyň agzybirliginde äriň öz ornunda, aýalyň öz ornunda özlerini alyp barmaklarynyň täsiri uly bolmaly. Meniň pikirimçe, durmuşda, maşgalada asylly ýörelgä laýyk özüňi alyp barmagam maşgalanyň agzybirliginiň bähbidinemikä diýýän. Sebäbi özüňi alyp barşyňda ýanýoldaşyňa mähribanlygy, goldaw-ýardamy peşgeş berýän hereketleriňem agzybirlige tarap derwaýys ädimdir. Bu babatda durmuşda duş gelýän käbir ýagdaýlary ýatlalyň. Bir gezek köçäniň gyrasynda durun welin, aňyrdan 30-35 ýaşlaryndaky är-aýal gelýär. Olaryň är-aýaldygyny duýmak kyn däldi. Ýöne daýaw ýigidiň özüni alyp barşy geňirgendirdi. Çepiksije gelniň-ä bir elinde ýaş çagasy, ýeňil bolmadyk iki sumkaly beýleki elindenem 3-4 ýaşly çagasy tutup barýar. Şu ýagdaý maşgalanyň agzybirligimi? Elbetde, däl. Şol daýaw ýigit gelniniň elindäki çagasyny bir eline, iki sumkanam bir eline alanlygynda şol gelniň monça boljakdygy, ýanýoldaşyna guwanyp, buýsanjakdygy hakykat. Maşgalanyň agzybirligi birek-birege sylag-sarpadan başlanýar. Ähli ýüki ýanýoldaşynyň üstüne ýükläp, utanman, gaýşaryp barýan daýaw ýigidiň bolup barşy onuň durmuşda, maşgalada özüňi alyp barmagyň düzgünlerini düýbünden bilmeýändigine şaýatlyk edýär.

Beýleki habarlar