Taýmylçynyň gyzy Ajaýyp zamana alkyşly, 85 ýaşly ene Amantäç Orazowa barada söhbet

22 Sentýabr 2022
2329

Ene! Bary-ýogy üç harpdan ybarat bu mukaddes sözde, gör, näçe mähir-muhabbet, näçe keramat bar. Bütin adamzat bu belent mertebeli sözi götermäge mynasyp zenanyň — Enäniň öňünde baş egýär. Çünki biziň her birimiz onuň mährem ýüreginden, gursagyndan syzylyp çykýan ak süýdünden, mährinden ganyp kemala gelýäris.

Ynha, meniň garşymda şeýle eneleriň biri, ýaşy 85-den agan Amantäç Orazowa otyr. Durmuş mekdebiniň halypasy hökmünde Amantäç ejäniň ýyllaryň tereň-tereň sahypalaryndan orun alan gürrüňlerini diňledigiňsaýy, perzentlerini kemala getirmek, olary il hataryna goşmak üçin bütin ömrüni bagyş eden, diňe bir öz ogul-gyzlarynyň däl, eýsem, 35 ýyllap bir mekdepde mugallymçylyk edip, okadan okuwçylarynyň-da akylly-başly, edep-terbiýeli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasyny, gaýratyny gaýgyrman, il-güne hyzmat edip, köpüň alkyşyny alan bu merdana zenana bolan hormatyň artýar.

Güljemal AŞYROWA,
Türkmenbaşy şäher Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar