Ata-babalarymyzyň «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýip, aýdyp geçişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýan, göreldeli zähmet çekýän raýatlarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Birnäçe ýyllaryň dowamynda päk zähmeti, ukyp-başarnygy bilen tapawutlanan ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolup, olara hormatly atlar dakylýar.
Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda göreldeli zähmet çekýän raýatlarymyz bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň Deňiz port kapitany gullugynyň port gözegçiliginiň inspektory Annamämmet Nazarowa hem Türkmenistanyň «Gaýrat» medalyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.