"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylym tejribe bilen utgaşdyrylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 24-nji iýunynda oba hojalyk pudagyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, ýurdumyzyň önümçiligine ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, ony dünýä tejribesi esasynda alyp barmak barada maslahat geçirdi. Şonda önümçiligiň öňdebaryjy alymlary, daýhanlary bilen oba hojalygyna degişli ýaş hünärmenleriň işleriniň utgaşykly alnyp barylmagynyň wajypdygy bellenildi. Türkmen alymlarynyň gazanan ylmy netijeleriniň hem-de taýýarlan ylmy-önümçilik gollanmalarynyň halk köpçüligine ýaýradylmagy boýunça zerur işleriň geçirilmelidigi nygtaldy. Şulardan ugur alnyp, biziň ýokary okuw mekdebimizde hem, «Daşoguz welaýatynyň şertlerinde güýzlük bugdaýyň ösüş döwürlerine, hasyllylygyna, hasylyň hiline ekiş möhletiniň täsirini öwrenmek», «Daşoguz welaýatynyň şertlerinde dänelik ekinleriň esasy zyýankeşleriniň bioekologiki aýratynlyklary» atly mowzuklar boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär. Bu işler ýurdumyzda galla bolçulygyny döretmäge goşant bolmak bilen birlikde, talyp ýaşlarda hünär endiklerini kämil ele almaga, şunuň bilen baglylykda, ylmy işler bilen meşgullanmaga bolan höweslerini artdyrýar. Netijede, geljekki hünärmenleriň öz hünärlerine ussat, oba hojalyk pudagynyň ugurlary boýunça ylymly bolmagyna şert döredýär.

Hünärli ýaşlar — rowaç menzillere

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda olara hünär öwretmek meselesi hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hem bu babatda jikme-jik gürrüň edilip, anyk iş ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda döwletimiziň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Şonuň esasynda iýul aýynyň 15-inden 28-i aralygynda bilim ojaklarynda talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmeklik ýola goýuldy. Aýry-aýry orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa bu iş şu günler hem dowam edýär.

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin hünärmenleri taýýarlaýar

"Türkmenaragatnaşyk" agentligi Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goldaw berýär. Bu maksatnamanyň esasy bölegi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda "Sanly çözgüt – IT meýdança" hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi boldy. Bu innowasion bilim giňişligi, 2025-nji ýyla çenli ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmek Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maglumat tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, sanly ulgamlar we beýleki degişli ugurlarda hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenendir.

Işler guramaçylykly alnyp barylýar

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylymda uly üstünlikleri gazanmagy, zehin-başarnyklaryny döredijilikli işlere gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Çagalarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar. Şu günler Sarahs etrap bilim bölümine degişli mekdeplerde hem täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Sarahs etrap bilim bölümine degişli 27 sany umumybilim berýän orta mekdeplerde ýeňil abatlaýyş işleri talabalaýyk geçirildi. Mekdepleriň howlusyndaky baglaryň düýpleri ýumşadylyp, agardyldy. Bilim ojaklarynyň çäginde doly derejede arassaçylyk işleri gözden geçirildi. Synp otaglaryndaky partalaryň we oturgyçlaryň abatlygyna seredildi. Kitaphanalardaky kitaplaryň arassalygyna, üpjünçiligine hem doly derejede ähmiýet berildi. Bu babatda etrabyň 1-nji, 9-njy, 11-nji, 17-nji, 19-njy, 21-nji, 27-nji mekdepleri işlerini öňdäkileriň hatarynda tamamladylar.

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

Körpelerde düşünjeleri kemala getirmek Mekdebe çenli çagalar edaralary ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ilkinji basgançagydyr. Bu döwür çagalar üçin-de, ata-eneler üçin-de örän jogapkärli we möhümdir. Mekdep ýaşyna ýetmedik körpe çagalar daş-töwerek baradaky ilkinji düşünjeleri, edep-terbiýäni mekdebe çenli çagalar edaralarynda alýarlar hem-de mekdep okuwyna taýýarlanýarlar. Bu döwürde ata-eneleriň terbiýeçiler bilen bilelikde sazlaşykly işleri alyp barmagy maksadalaýykdyr. Mekdebe çenli çagalar edaralary özüniň ähli terbiýeçilik we bilim beriş işlerini döwlet maksatnamasy esasynda alyp barýarlar. Olara ýörite bilimi bolan terbiýeçiler ilkinji bilimleri we edep-düzgünleri ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda öwredýärler.

El işleriniň bäsleşigi geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan hem-de gyzykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan gyzlaryň arasynda «Hünärim bar — hormatym bar» atly el işlerini taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirdi. Onda «Güneş» hem-de «Bägül» toparlary özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan gyzlar milli el işlerimizi taýýarlamakda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde «Güneş» gyzlar topary ýeňiji bolup, toparyň wekillerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Döwlet gullukçylarynyň hünär kämilligi — döwrüň talaby

Watan, döwlet, aýdyň geljek ýaly düşünjeler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan adyl syýasatyň özenini düzýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen, ýurduň has bagtyýar, eşretli, abadan ertiri babatdaky aladalar durmuşyň ähli ugurlaryny we ulgamlaryny öz içine alýar. Bu hakykat ýurdumyzda berilýän bilimiň derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrundaky köpugurly tagallalarda hem aýdyň ýüze çykýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylyp, ol indi 15 ýyldan gowrak wagt bäri döwletimiziň dolandyryş, hukuk binýadynyň berkemegine öz mynasyp goşandyny goşup gelýär. Döwlet edaralarynyň hem-de ýerli ýerine ýetiriji häkimiýetiň we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň netijeli işlemegi ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, onuň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Şu maksatlar bilen akademiýanyň öňünde ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine mynasyp goşant goşjak hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça örän jogapkärli wezipeler goýuldy.

Atçylyk: gadymy hünär, döwrebap bilim

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze — 2024-2025-nji okuw ýylyna uly taýýarlyk görülýär. Şu günler welaýat merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär. Arkadag şäherindäki bilim ojaklary hem zehinli ýaşlara giňden gujak açýar. Olaryň biri-de şu ýyl täze okuw binasynda ilkinji gezek giriş synaglaryny geçirjek Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasydyr. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hünärmen maksatnamasy boýunça atçylyk, weterinar lukmançylygy hünärlerinde, bakalawr maksatnamasy boýunça seýisçilik, weterinar we sanitar ekspertizasy, milli at üstündäki oýunlar, sirk sungaty, oba hojalygyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda), atly sport we atly syýahatçylyk taýýarlyk ugurlarynda ýaşlara bilim berilýär. Atly sport we atly syýahatçylyk ugrunda okuwyň dowamlylygy 5 ýyla (1 ýyl dil taýýarlygy, 4 ýyl bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir. Akademiýada giriş synaglary 31-nji iýul — 13-nji awgust aralygynda geçiriler.

Yhlasyň gowuşsyn, dalaşgär!

12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalarynyň tassyklanylmagy bilen, nobatdaky jogapkärli möwsüme badalga berildi. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bilime teşne zehinli ýaşlarymyz talyplyk bagtyna eýe bolmak üçin öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim ojaklaryna resminamalaryny tabşyrýarlar. Degişli işler Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda-da guramaçylykly dowam edýär. Mary şäherinde ýerleşýän bu institutyň mugallymy, kabul ediş toparynyň agzasy Maral Agaýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi: — Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda edilýän köpugurly tagallalar bagtyýar ýaşlaryň ylym-bilime bolan hyjuwyny has-da artdyrýar. Munuň şeýledigine şu günler degişli resminamalaryny tükelläp, uly umyt-arzuwlary ýüreginde besleýän yhlasly dalaşgärleri synlanyňda, has aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ýaş matematikleriň üstünligi

65-nji halkara matematika olimpiadasynda türkmenistanly mekdep okuwçylary baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olimpiada Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bat şäherinde geçirildi. Halkara matematika olimpiadasyna dünýäniň 109 döwletinden, şol sanda Türkmenistandan zehinli mekdep okuwçylarynyň 609-sy gatnaşdy. Olimpiadada ýurdumyza okuwçylaryň 6-sy wekilçilik etdi. Olar dünýäniň beýleki ýurtlaryndan gelen deň-duşlary bilen bäsleşigiň ýokary halkara talaplara laýyk gelýän şertlerini ýerine ýetirmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny görkezip, oňat netijeleri gazandylar.

Arzuwlaryň hasyl bolsun, dalaşgär! (Bilim we geljek)

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek bilen bagly degişli resminamalara gol çekdi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bilime höwesli, zehinli ýaşlarymyz «talyp» diýen arzyly adyň eýesi bolmak üçin öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim ojaklaryna resminamalaryny tabşyrýarlar hem-de giriş synaglaryna taýýarlanýarlar. Talyplygyň bosagasyndaky bu möhüm möwsüm ýaşlaryň durmuşyndaky iň bir jogapkärli hem-de tolgundyryjy pursatlara beslenýär. Güneşli Diýarymyzda hünäre, ylym-bilime hyjuwly ýaşlar diýseň kän. Döwrebap bilim almagy hem-de arzyly hünäriň eýesi bolup, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekmegi arzuw edýän ruhubelent ýaşlaryň synaglara ykjam taýýarlanandygyny takyklajak, zehinli ýaşlaryň müňlerçesine talyp bolmak bagtynyň miýesser etjek günleri indi daşda däl.

Türkmen ýaşlary Kazanda

2024-nji ýylyň 8 — 22-nji iýuly aralygynda daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazanda «Tomusky uniwersitet» taslamasy geçirildi. Şu ýyl bu taslama 13 ýurtdan — Abhaziýadan, Günorta Afrikadan, Braziliýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan talyplaryň 400-si gatnaşdy. Bu taslama Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagy ylym-bilim ulgamynda bar bolan mümkinçilikleriň täze sahypasyny açdy. Biz hem bu taslama gatnaşan türkmenistanly talyplaryň biri bilen söhbetdeş bolup, ony okyjylara ýetirmegi makul bildik:

Halkara kadalardan ugur alyp

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezini tamamlan diňleýjilere Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýörite şahadatnamalaryny gowşurmak dabarasy boldy. Okuw merkezinde diňleýjiler, şol sanda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri diplomatik protokolyň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda kabul edilen kadalary we düzgünleri bilen giňden tanyşdyryldy. Hemişelik Bitaraplyk derejesi dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistan özüniň gyşarnyksyz we üstünlikli alyp barýan hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, ählumumy hem-de sebit derejesindäki meselelere dahylly öňe sürýän, gyzgyn goldanylýan başlangyçlary bilen halkara derejede uly abraýa eýe bolan döwletleriň birine öwrüldi. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamynda döwrebap diplomatlaryň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Müň ýol bar, biri seniňki!

Talyplyga dalaşgärlere käbir maslahatlar 2. Özleşdireniň özüňki

Bilim almaga bolan hukuk

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr» diýlip berkidilen. Bilim almak hukugy Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamanyň 26-njy maddasynda we beýleki halkara hukuk namalarynda berkidilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky şöhlelenmesi bolup durýar.

Jo­gap­kär­li möw­süm. Tä­ze­lik­ler. Müm­kin­çi­lik­ler

12-nji iýul­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowyň gol çe­ken de­giş­li res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, şu ýyl ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­ne oku­wa ka­bul et­mek möw­sü­mi 15-nji iýul­dan 26-njy aw­gus­ta çen­li do­wam eder. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da we Aş­ga­bat, Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän da­laş­gär­ler­den res­mi­na­ma­la­ry ka­bul et­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Hö­kü­met mej­li­sin­de ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ne ze­hin­li, my­na­syp ýaş­la­ry ka­bul et­me­gi, gi­riş sy­nag­la­ry­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ada­lat­ly ge­çi­rip, jem­gy­ýet­çi­lik gö­zeg­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gy öň­de dur­ýan esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­di. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da oku­wa ka­bul et­mek möw­sü­mi­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem-de tä­ze okuw ýy­lyn­da bol­jak üýt­geş­me­ler ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan ber­len kä­bir mag­lu­mat­la­ry oky­jy­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Hal­ka­ra fi­zi­ka olim­pia­da­syn­dan hoş ha­bar

Ýur­du­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Han­ty-Man­siýsk şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra yl­my fi­zi­ka olim­pia­da­sy­na gat­na­şyp, üs­tün­lik ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar. Olim­pia­da Rus­si­ýa, In­do­ne­zi­ýa, Hin­dis­tan, Ga­za­gys­tan, Tä­ji­gis­tan, Gyr­gy­zys­tan, Öz­be­gis­tan, Er­me­nis­tan, Be­la­rus, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Ka­na­da, Ka­tar, Pe­ru, Ga­na, Pa­kis­tan, Si­ri­ýa, ABŞ, Çer­no­go­ri­ýa, Mü­sür, Ku­ba, Ku­weýt ýa­ly döw­let­ler­den 100-den gow­rak okuw­çy, şol san­da bi­ziň ýur­du­myz­dan hem 4 mek­dep okuw­çy­sy gat­naş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen bäs­le­şik­de Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň 11-nji synp okuw­çy­sy J.Nu­ry­ýew we dil ders­le­ri­ni çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýö­ri­te­leş­di­ri­len 97-nji or­ta mek­de­biň 11-nji synp okuw­çy­sy M.Jan­my­ra­dow bü­rünç me­dal­la­ra, Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň 11-nji synp okuw­çy­sy A.Wel­ja­no­wa bol­sa hö­wes­len­di­ri­ji baý­ra­ga my­na­syp bol­du­lar.

Geljegimiz geljeginiň bosagasynda

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärleriň resmi iş kagyzlaryny kabul etmek işleri guramaçylykly ýola goýuldy. Belläp geçsek, dalaşgärleriň resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 15 — 28-nji iýul aralygynda kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär» diýip belleýär. Ýeri gelende bellesek, tamamlanan okuw ýylynda Arkadag şäheri boýunça ýaşlaryň 100-e golaýy orta mekdepleriň uçurymy boldy. Häzirki wagtda ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde ýörite iş toparlary hereket edip, dalaşgärlerden resmi iş kagyzlary kabul edilýär.

Nesiller — röwşen geljegimiz

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Karary esasynda, 2024 — 2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bakalawr we magistr maksatnamalary esasynda, ýaşlaryň jemi 16 müňe golaýyny okuwa kabul eder.Her ýylda ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany yzygiderli artdyrylýar, täze hünär ugurlary açylýar. Täze okuw ýylynda hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde magistr maksatnamasy boýunça oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, zootehniýa; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça pedagogika bilimi (hytaý dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), pedagogika bilimi (pars dili we edebiýaty, türkmen dili we edebiýaty), bakalawr maksatnamasy boýunça ýöriteleşdirilen bilim (defektologiýa); Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärmen maksatnamasy boýunça metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, seýsmologiýa we seýsmika durnukly gurluşyk; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bakalawr maksatnamasy boýunça halkara söwda; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag ko

Kämilligiň ýolunda

Muhammetde özgelerden üýtgeşik zehin-başarnyk çagalar bakja-bagynda terbiýelenilýän döwründe ýüze çykyp başlady. Ol älemiň geň-taňlyklary, saýýaralar, asman jisimleri, dünýä ýurtlary, olaryň geografik ýerleşişi, paýtagtlary, ilaty, pul birlikleri ýaly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp ugrady. Onuň bilesigelijiligi barha artýardy. Çagasynda bilime bolan ukyp-höwesiň güýçlüdigine göz ýetiren hossarlary oňa dünýä kartasyny, globus alyp berdiler. Şondan soň kartadyr globus Muhammediň esasy güýmenjelerine öwrüldi. Geň ýeri, ähli öwrenenleri onuň ýadynda galýardy. Onuň kämilleşmegine enesi Resolat, ejesi Munajat, başlangyç synp mugallymy Güljan Rahmanowa dagy hem ýakyndan kömek berdiler.