Hünärli ýaşlar — rowaç menzillere

31 Iýul 2024
625

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesle zamanabap bilim, asylly terbiýe bermek bilen bir hatarda olara hünär öwretmek meselesi hemişelik üns merkezinde saklanylýar. Şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hem bu babatda jikme-jik gürrüň edilip, anyk iş ugurlary kesgitlenildi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz üstümizdäki ýylda döwletimiziň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Buýruga gol çekdi. Şonuň esasynda iýul aýynyň 15-inden 28-i aralygynda bilim ojaklarynda talyplyga dalaşgärlerden resminamalary kabul etmeklik ýola goýuldy. Aýry-aýry orta hünär okuw mekdeplerinde bolsa bu iş şu günler hem dowam edýär.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.