Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan hem-de gyzykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan gyzlaryň arasynda «Hünärim bar — hormatym bar» atly el işlerini taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirdi. Onda «Güneş» hem-de «Bägül» toparlary özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan gyzlar milli el işlerimizi taýýarlamakda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşikde «Güneş» gyzlar topary ýeňiji bolup, toparyň wekillerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.