Muhammetde özgelerden üýtgeşik zehin-başarnyk çagalar bakja-bagynda terbiýelenilýän döwründe ýüze çykyp başlady. Ol älemiň geň-taňlyklary, saýýaralar, asman jisimleri, dünýä ýurtlary, olaryň geografik ýerleşişi, paýtagtlary, ilaty, pul birlikleri ýaly aýratynlyklary bilen gyzyklanyp ugrady.
Onuň bilesigelijiligi barha artýardy. Çagasynda bilime bolan ukyp-höwesiň güýçlüdigine göz ýetiren hossarlary oňa dünýä kartasyny, globus alyp berdiler. Şondan soň kartadyr globus Muhammediň esasy güýmenjelerine öwrüldi. Geň ýeri, ähli öwrenenleri onuň ýadynda galýardy. Onuň kämilleşmegine enesi Resolat, ejesi Munajat, başlangyç synp mugallymy Güljan Rahmanowa dagy hem ýakyndan kömek berdiler.