Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek bilen bagly degişli resminamalara gol çekdi. Şoňa görä-de, häzirki wagtda bilime höwesli, zehinli ýaşlarymyz «talyp» diýen arzyly adyň eýesi bolmak üçin öz saýlap alan hünärleri boýunça bilim ojaklaryna resminamalaryny tabşyrýarlar hem-de giriş synaglaryna taýýarlanýarlar. Talyplygyň bosagasyndaky bu möhüm möwsüm ýaşlaryň durmuşyndaky iň bir jogapkärli hem-de tolgundyryjy pursatlara beslenýär.
Güneşli Diýarymyzda hünäre, ylym-bilime hyjuwly ýaşlar diýseň kän. Döwrebap bilim almagy hem-de arzyly hünäriň eýesi bolup, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekmegi arzuw edýän ruhubelent ýaşlaryň synaglara ykjam taýýarlanandygyny takyklajak, zehinli ýaşlaryň müňlerçesine talyp bolmak bagtynyň miýesser etjek günleri indi daşda däl.