Bilim almaga bolan hukuk

25 Iýul 2024
667

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Bilim ulgamynyň kämil hukuk binýadynyň bolmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasynda: «Her bir adamyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet bilim edaralarynda tölegsiz almaga haklydyr» diýlip berkidilen. Bilim almak hukugy Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Adam hukuklary hakyndaky ählumumy Jarnamanyň 26-njy maddasynda we beýleki halkara hukuk namalarynda berkidilen, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky şöhlelenmesi bolup durýar.

Aşyrmyrat AMANGELDIÝEW,
Wekilbazar etrap kazyýetiniň kazysy.