"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mekdep bazarlary gyzyşýar

Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlamagyna az wagt galdy. Her ýylda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde däp bolşy ýaly, «akylly» şäherimizde-de, 1-nji awgustda mekdep bazarlary açyldy. Bu söwda nokatlarynda şäherimiziň ýaşaýjylarynyň we körpeleriň isleglerini kanagatlandyryp biljek ähli harytlar amatly we elýeterli bahalardan ilata hödürlenýär. Mekdep okuwçylarynyň okuw döwründe gerek bolan ähli esbaplary we harytlary köpdürlüligi, ýokary hilliligi we elýeterliligi bilen tapawutlanýar.

«Okamak — bereket...»

Jaň edip, okuwa kabul edilendigini öýlerine, dost-ýar, tanyş-bilişlerine aýdandan soň, daşky dünýä bilen gatnaşyk kesilene döndi. Edil şu wagt telefony goýandan soňra kakasynyň, ejesiniň, doganlarynyň şatlykdan begenişlerini göz öňüne getirip, çala ýylgyrdy. Emma ýüregiň bir çüňkünden gaýdýan ajymtyk duýgy bokurdagyny gyýýan ýaly boldy. Eýsem näme?! Obada galan dost-ýarlary ondan kän bagtlydylar ahyry. Olar her gün irden turuşlaryna, arkaýynlyk bilen ertirlik edinerler, soňra peýwagtyna işli-işine ugrarlar. Ýene agşam işden gelip obanyň gaýra tarapyndaky boşlukda woleýbol oýnarlar. Ertesi güni hem şol zatlar kadadyr. Ol bolsa... ýatlamalaryň ählisi ýürek gyýyjy pursatlar bolup göz öňüne gelýär. Ine, ak mermerli owadan paýtagt şäherde ýokary okuw mekdebinde okap ýör, dynç alyş döwri obalaryna gidýär. Şol pursady göz öňüne getirip azajyk wagt ýüzi yşardy. Olam juda gysga dowam etdi. Kalbyna ýene gussa aralaşdy. Ýogsam paýtagta okuwa diýip, resminamalaryny jemläp gaýdanda, synaglardan geçip bilmedik ýagdaýynda işlemäge galaýmak hem göwnünde ýok däldi. Şeýdip, paýtagtda galyp işläp, soňra okuwa girenlerden özüniň tanaýanlarynyň birnäçesi bar. Olar il arasynda-da erjel, tutanýerli hasaplanýardy, oňlanylýardy. Görsene, arzuwy amala aşybam, bagtly bolman boljak eken. Üçünji synagyň sowalnamalaryny çeken wagty «Bilemok» diýip ýazaýan bolsa nähili bolardyka? Ýa, hakykatdan hem, b

Bilimler ýurdy

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berlişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy tejribeler giňden ulanylýar. Şunda gözel paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde döredilen ýokary bilim edaralarynyň ýaş nesliň durmuşyndaky ähmiýeti juda ýokarydyr. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda ýokary we ýörite orta hünär mekdepleriniň ençemesi döredildi. Häzirki döwürde kämil derejeli, döwrebap, ygtybarly aragatnaşyk ulgamyny döretmezden, ösen jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen aragatnaşyk hemra ulgamynyň älem giňişligine çykarylmagy bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Üçünji müňýyllygyň başlangyjynda her bir döwletiň kuwwatly ösüşiniň ylmyň we bilimiň ösüş derejesi, täze öňdebaryjy tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy we netijeli peýdalanylmagy bilen kesgitlenilýändigi hemmämize mälimdir. Ýurtda her ýyl ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar gurulýar we olar kämil tehniki enjamlar, kompýuterler, kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagy

Giriş synaglary dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmelerden, özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar ýaşlar bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler. Şu günler talyp bolmaga höwesli ýaşlaryň durmuşynda tolgundyryjy pursatlar — giriş synaglary dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Welaýatymyzdaky Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde tamamlanan giriş synaglarynyň netijesinde, bagtyýar ýaşlaryň ençemesi talyp bolmak bagtyna eýe boldular. Häzirki wagtda Türkmen oba hojalyk institutynda okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary dowam edýär.

Bilim zähmet terbiýesi bilen utgaşmalydyr

«Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýär. Şeýle aladalaryň netijesinde döwrebap innowasiýalar, tehnologiýalar we kämil enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle işler hemmetaraplaýyn kämil, ukyp-başarnykly, zehinli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün edýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim bilen birlikde, milli ruha esaslanýan terbiýe, şeýle-de zähmet terbiýesini bermek hem zerurdyr. Şu zerurlykdan ugur alyp, biz okuwçylara tomusky dynç alyş möwsümini tamamlap, täze okuw ýylynda mekdebe gelenlerinde, özleriniň ukyp-başarnyklary bilen ýerine ýetiren, agaç ussaçylygy esasynda ýasan işlerini synpdaşlaryna görkezmäge getirmegi tabşyrdyk.

Kitaphana ulgamy ösdürilýär

DÖWREBAP IŞLERIŇ BEÝANY Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasatda, medeniýetde uly ösüşlere, üstünliklere eýe bolýar, şol sanda kitaphana ulgamy has-da ösýär. Ata Watanymyzda ertirki geljegimiz bolan ýaşlaryň ösen aň-düşünjeli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Esasan-da, ylmyň ojagy bolan kitaphanalara esasy orun degişli bolup durýar.

Bilim — geljegiň açary

Ýaş nesilleriň arzuw-hyýallarynyň, maksatlarynyň myrat tapmaklary, esasan, kämil bilim alyp, hünär öwrenmekleri, ylmyň hem tehnologiýanyň ösdürilmegine öz goşantlaryny goşup bilmek ukyplaryny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine bagly bolup durýar. Çünki häzirki zaman dünýäsinde ylym bilen bilim jemgyýetiň ähli gymmatlyklary, durmuş-ykdysady özgertmeleriň ähli ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bilim — kämilligiň, ösüşleriň, geljegiň açary. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ýaşlaryň bilim almaklary üçin giň şertler döredilýär, bilim ojaklarynda täze hünär ugurlary açylýar. Ine, häzirki günlerde ýurdumyzda ýokary bilim almagy maksat edinýän ýaşlar ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglaryny tabşyrýarlar. 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guralýar. Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär. Nesip bolsa, dal

Ýaş nesliň bagtyýarlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň hukuklaryny goramak, durmuş abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy» tassyklanyldy. Ýurdumyzda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy döwlet tarapyndan hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan gazna bolup durýar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda bu gaznanyň döredileniniň 3 ýyllygy giň gerim bilen bellenip geçildi.

Çaga bilesigelijiligi

Bilesigelijilik adamyň ganyna siňen häsiýetdir. Eger-de daş-töweregimizi gurşap alýan zatlarda bize näbelli bir zat gabat gelse ýa-da täsin ses eşitsek, biziň aňymyzda «bilesigelijilik düwmejigi» basylýar. Şonda bilmeýän zadynyň üstüni dolmak üçin ynsanda bilmek islegi artýar. Bilesigelijilik bilmeýän zadyňy öwrenmäge bolan aşa islegdir ýa-da ýetmeýän maglumatyň üstüni dolmakdyr. Bilesigelijilik adamy kämilleşdirýän hereketdir. Ol durmuşda maksadyňy tapmagyň ýol çelgisidir. Bilesigelijilik Ýer togalagyndaky islendik jandara mahsusdyr. Ýöne täze-täze zatlary bilmegi köpler dowamly ürç edinmeýärler.

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Halkara ylmy jemgyýetçiligi hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan maglumat eýýamy hökmünde häsiýetlendirilýän zamanada islendik ugurda öňegidişlik gazanmak üçin sanly ulgamyň mümkinçilikleri uly ähmiýete eýedir. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we täzeçil çözgütleriň önümçilige, söwda we hyzmatlar ulgamyna ornaşdyrylmagy ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak üçin ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri döredýär. Tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi bilen, olardan netijeli peýdalanmagy başarýan hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipä öwrülýär. Döwür bilen deň gadam urup, sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin durmuşyň we önümçiligiň ähli ugurlaryna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen birlikde, innowasion ulgamlardan baş çykarýan hem-de olary yzygiderli kämilleşdirmäge ymtylýan hünärmenler zerurdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak maksady bilen, bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär. Sanly bilim ulgamy innowasion tehnologiýalary bilim we terbiýeçilik işinde giňden peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Sanly tehnologiýalar maglumatlary toplamak, gaýtadan işlemek, geçirmek we saklamak bilen baglanyşykly amallary hil, howpsuzlyk, ýeňillik taýdan täze de

Bilim işgärleriniň awgust maslahatlaryna

Körpeleri okuwa höweslendirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il-ýurt bähbitli beýik işler, asylly ýörelgeler, belent maksatly işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini, saglygyny, mekdebe taýýarlygynyň talabalaýyk bolmagyny göz öňünde tutýar.

Üstünlikleriň binýady

Ajaýyp zamanamyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ylymly-bilimli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler giň gerime eýe boldy. Dürli halkara ders bäsleşikleri, ylmy-amaly maslahatlar, olimpiadalar, festiwallar ýurdumyzyň abraýyny has-da beýgeltdi. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze bilim edaralary ulanyşa berildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet-galamlaryndan çykan ajaýyp eserleri bize — mugallymlara ýaşlara bilim bermekde uly gollanma bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tutuşlygyna ýaşlara, olaryň üstünliklerine bagyşlanmagy bolsa aýratyn guwandyrýan ýagdaýdyr. Bu eseri okan hem bir ýaş nesliň Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmäge çalyşýandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Biziň mekdebimizde bilim we terbiýe alýan okuwçylar hem şeýle asylly ýörelgä eýerýärler.

Beýik işler bilime daýanýar

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary gyzgalaňly dowam edýär Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, 31-nji iýulda ýurdumyzyň hünär bilimini berýän okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary başlandy. Meýilnamalara laýyklykda, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär.

Türkmenistanyň wekilleri halkara innowasiýa taslamasyna gatnaşýarlar

Türkmenistanyň wekilleri Nižniý Nowgorodyň N.A.Dobrolýubowa adyndaky Döwlet dil uniwersitetinde gurnalan “Ýaş mugallymlar we gözlegçiler üçin tomusky institut” atly halkara innowasiýa taslamasyna gatnaşýarlar. Uniwersitetiň web sahypasynda habar berlişi ýaly, şu ýyl NNDU-niň meýdançasy: Hytaý, Hindistan, Argentina, Belarus, Moldowa, Ermenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan ýaly 11 ýurtdan 35 ýaşa çenli 25 sany ylmy we mugallymçylyk hünäriniň wekillerini birleşdirdi.

«Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalaryň hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça ýörite çäre geçirildi

ÝUNISEF-iň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda çaganyň hukuklary barada habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça ýörite çäre geçirildi. 29-njy iýulda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen bu çäre ýaş nesilleriň köp sanlysyny bir ýere jemledi. Günüň maksatnamasy BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyna laýyklykda, çagalara öz hukuklaryny öwretmäge gönükdirilen bilim oýunlaryny, wiktorinalary we interaktiw çykyşlary öz içine aldy. Çagalar öz hukuklary we howanyň üýtgemegi barada düşünje berýän wideo tomaşa etdiler, wiktorina gatnaşdylar.

Okuwçylar medally dolandylar

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçirilen 56-njy halkara himiýa olimpiadasyna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu abraýly halkara ders olimpiadasyna dünýäniň 87 döwletinden 387 okuwçy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy R.Jumaýew we 12-nji synp okuwçysy A.Atajanowa kümüş medala, şeýle hem şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy D.Döwletow, 12-nji synp okuwçysy J.Akmyradowa bürünç medala mynasyp bolup, himiýa dersinden ýokary bilim derejelerini görkezmegi başardylar.

Ösen tejribeler özleşdirilýär

Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarynyň biri hem Koreýa Respublikasydyr. Ýurdumyz ylym, bilim, medeniýet, sanly tehnologiýalar, söwda we ykdysadyýet ulgamlarynda Koreýa Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu hyzmatdaşlyk häzirki wagtda bilim we ylym ulgamynda has-da ösdürilýär. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan ýokary ynam bilen häsiýetlendirilýär.

Giriş synaglary başlandy

Düýn ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary başlandy. Ir säherde geçirilen dabaralarda Döwlet senamyz ýerine ýetirildi we gutlag sözleri, synaglary tabşyrmagyň düzgünleri hakynda çykyşlar diňlenildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklandy. Meýilnamalara laýyklykda, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär.

Bilimli ozar

Şu günler ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýokary bilim almak isleýänleriniň tolgundyryjy duýgulara düşýän güni. Sebäbi ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň dalaşgärleri okuwa kabul etmek üçin alýan synagy başlandy. Her ýylda Watanymyzyň ähli ýerinde bu çäre uly dabara beslenip geçirilýär. Şeýle dabaraly çäre sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan ajaýyp Arkadag şäherinde ýerleşýän ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde-de gyzgalaňly başlandy. «Akylly» şäherde geçirilýän bu çärä gatnaşýan dalaşgärlere diňe bir öz ýakyn hossarlary üstünlik arzuw etmän, olary gören ähli ildeşlerimiz «ýürekde beslän arzuwyň hasyl bolsun», «şowly bolsun» diýip, göwün galkyndyryjy sözleri bagyşlaýarlar. Şeýle etmezçe-de däl. Sebäbi gursagynda ynsan ýüregini göterip ýören her bir adam öz şatlygyna däl-de, özgäniň şatlygyna şärik bolup, begenjini deň paýlaşmagy hem gowy görýändir.

Ak arzuwlar — Aýdyň menziller

Düýn paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglaryna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesillere okamaga, döwrebap bilim almaga giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. 2024 — 2025-nji okuw ýylynda hem ýokary okuw mekdeplerine girmäge isleg bildirýän zehinli ýaşlaryň müňlerçesi synaglarda öz saýlan hünärleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezerler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan beýik işlerine mynasyp goşant goşmak, esasan, döwür bilen deň gadam urýan, bagtyýar zamanamyzyň ylymly-bilimli, ruhubelent ýaşlarynyň paýyna düşýär. Şol belent maksat ugrunda okamak, öwrenmek, ussat hünärmenler bolup ýetişmek bolsa her bir ýaş türkmenistanlynyň mukaddes borjudyr. Bilşimiz ýaly, dalaşgärlerden ýokary taýýarlygy talap edýän giriş synaglary möwsümi hem ýaşlaryň durmuşynda ykbal kesgitleýji häsiýete eýedir. Synaglar ýaşlaryň başarnyklaryny ýüze çykarmak, olaryň iň zehinlilerini talyplyga kabul etmek maksady bilen, açyklyk, aýanlyk, deňhukuklylyk derejesinde geçirilýär. Biz hem okap, öwrenip, ýokary bilimli hünärmenler bolmak ugrunda yhlasly zähmet çekýän ýaşlaryň ählisine üstünlik arzuw edýäris!